Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Wirus krizisiniň fonunda 100-den gowrak türkmen raýaty Hindistandan Türkmenistana dolanyp bilmeýar


Illýustrasiýa suraty

Koronawirus pandemiýasy sebäpli uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň fonunda, 100-den gowrak türkmen raýaty Hindistandan Türkmenistana dolanyp bilmän kösenýär. Olaryň Türkmenistanyň Nýu-Delidäki ilçihanasyndan kömek sorap edýän haýyşlary netije bermeýär diýip, "Turkmenistanyň Hronikasy" neşiri habar berýär.

Neşiriň öz habarçylaryna salgylanyp, 9-njy aprelde çap eden maglumatyna görä, bu raýatlaryň aglaba bölegini saglyk bejergisi üçin Hindistana giden türkmenistanlylar emele getirýär.

"Olaryň uçar gatnawyny guramalaşdyrmagy haýyş edip, Nýu-Delidäki türkmen ilçihanasyna eden ýüzlenmeleri netije bermedi. Ilçihana diňe türkmen raýatlarynyň Türkmenistandaky garyndaşlaryna WesternUnion arkaly Hindistana pul geçirmek mümkinçiligini bermek haýyşy bilen ýurduň Daşary işler ministrligine ýüz tutdy" dýip, neşir belleýär.

Şol bir wagtda, neşir türkmen banklarynyň WesternUnion arkaly pul ibermek bilen bagly öz çäklendirmeleriniň bardygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň hökümetiniň bu raýatlara pul geçirmek tertibini ýeňilleşdirmek üçin hiç zat etmändigini hem nygtaýar.

"Hindistandaky türkmen raýatlarynyň Türkmenistandaky garyndaşlaryna birnäçe şert bilen, belli bir mukdarda pul geçirmäge rugsat berildi. Bank işgärleri olaryň garyndaşlaryna jaň edip, olary banklaryň şahamçalaryna çagyryp başladylar. Bu ýere baran adamlara pul ibermek üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy okaldy. Olaryň arasynda beýlekiler bilen bir hatarda, Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan tassyklanan we bejergi üçin daşary ýurda gitmäge ygtyýar berýän medisina hatynyň göçürmesini tabşyrmak talap edildi" diýip, neşir ýazýar.

Ýöne habarda Hindistandan ýurda dolanyp bilmeýän türkmenistanlylaryň aglabasynda şeýle resminamanyň ýokdugy, şol sebäpli häzirki wagt olaryň öz garyndaşlaryndan maddy goldaw alyp bilmeýändigi bellenilýär.

Neşir ýurt raýatlarynyň medisina resminamasyny almagynyň aňsat däldigine hem ünsi çekip, munuň üçin olaryň ençeme aýa çekýän saglyk bejergileriniň birnäçe tapgyryndan geçmelidigini we Niýazow adyndaky hassahananyň lukmanlar geňeşinden daşary ýurtlarda bejerginiň zerurlygy barada resminama almalydygyny belleýär.

Azatlyk Radiosyna ýokarda aýdylan maglumatlary öz habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu barada Türkmenistanyň Nýu-Delidäki ilçihanasyndan we ýurduň Daşary işler ministrliginden kommentariý hem alyp bolmady.

Bu maglumatlar Hytaýdan uç alan we global pandemiýa öwrülen koronowirusdan ölen adamlaryň jemi sany 96 müňe golaýlan we bu wirus bilen kesellänleriň sany 1,6 milliondan aşan mahalyna gabat geldi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri COVID-19 bilen bagly ýurtda we dünýäde görülýän çäreler, şeýle-de daşary döwletlerden ýurda dolanyp bilmeýän türkmen raýatlary barada dymmagyny dowam etdirýärler. Döwlet mediasy koronawirus sözüni birnäçe gezek göni we gytaklaýyn agzasa-da, bu meseläniň Türkmenistan bilen bolup biljek baglanyşygyndan gaça durýar.

Martyň ortalarynda Stambulda koronawirusdan goranmak üçin ýasama arak içip, 50-den gowrak türkmenistanly zäherlenip öldi.

Şonda Azatlygyň çeşmeleri pidalaryň garyndaşlarynyň ýogalanlaryň jesetlerini Türkmenistana getirmäge synanyşýandygyny, ýöne Stambuldaky türkmen konsulhanasynyň merhumlaryň jesetleriniň Türkmenistana getirilmegi barada hiç bir çäre görüp bilmändigini aýdypdy.

Şu aýyň başynda Türkmenistanyň onlarça ýük ulag sürüjisiniň Gürjüstan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky serhet geçelgesinde we Russiýada karantin astynda saklanýandygy mälim boldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen telefon arkaly söhbetdeş bolan türkmen ýük ulag sürüjileri ýanlaryndaky puluň gutaryp barýandygyny belläp, türkmen ilçihanasyndan kömek sorap, edýän ýüzlenmeleriniň netije bermeýändigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG