Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri wirusdan goranmak üçin mugallymlardan pul ýygnaýar, okuwçylardan dezinfeksiýa serişdelerini talap edýär


Mekdep okuwçylary
Mekdep okuwçylary

Global koronawirus pandemiýasynyň fonunda dünýäde sosial aralygy saklamaga çagyryş edilip, dürli çäreler görülýän mahaly, Türkmenistanda beýleki köpçülikleýin dabaralar bilen bir hatarda, orta mekdeplerde okuw dowam etdirilýär.

Şol bir wagtda-da, Aşgabadyň häkimiýetleri wirus keselleriniň öňüni almagyň zerurdygyny aýdyp, orta mekdepleriň mugallymlaryndan dermanlar üçin pul ýygnaýarlar. Şeýle-de, olar okuwçylardan dezinfeksiýa serişdelerini ýanlary bilen mekdebe getirmegi talap edýärler.

"Şu gün paýtagtyň mekdep mugallymlaryndan derman almak üçin 8 manatdan ýygnadylar. Mekdebiň okuw bölüminiň ýolbaşçysynyň tabşyrygy esasynda bir okuwçy klaslara aýlanyp, mugallymlardan pullary ýygnap aldy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy mugallymlaryň birnäçesine salgylanyp, 9-njy aprelde gürrüň berdi.

Mugallymlaryň sözüne görä, olar mekdep ýolbaşçylaryndan dermanlaryň näme üçin alynýandygyny soranda, bilim resmileri bularyň wirus keselleriniň öňüni almak çäreleri üçin zerurdygyny aýdypdyrlar.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk aladalary sebäpli mekdepleriň nomerlerini köpçülige mälim etmekden saklanýar. Şeýle-de, Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlar barada degişli mekdeplerden kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Bu aralykda, Azatlygyň paýtagtdaky beýleki bir habarçysy 9-njy aprelde orta mekdepleriň ençemesinde okuwçylara öz ýanlary bilen çig salfetkany hem-de oksolin mazyny hökmany ýagdaýda getirmelidigi barada tabşyryk berlendigini aýtdy.

"Bulary ýanlary bilen getirmedik okuwçylaryň mekdebe goýberilmejekdigi hem duýdurylypdyr" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy gürrüň berdi.

Mundan bir gün öň, 8-nji aprelde "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri Aşgabadyň mekdepleriniň birinde okuwçylardan dezinfeksiýa önümlerinden düzülen gutyny ýanlary bilen mekdebe getirmegiň talap edilýändigini habar berdi.

"7-nji aprelde okuwçylara ene-atalaryna eltip bermegi üçin ýörite hat paýlandy. Onda ene-atalara wirus keselleriniň öňüni almak boýunça maslahatlar berildi we okuwçylaryň koronawirus bilen kesellemegine garşy öz ýanlary bilen getirmeli gigiýena serişdeleriniň sanawy ýerleşdirildi" diýip, neşir belleýär.

Aýdylmagyna görä, sanawda oksolin mazy, gulak arassalamak üçin çöpler, el üçin spreý, çig salfetka, gurak salfetka, termometr, sabyn, plastiki stakan we 5 sany maska bar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 bilen bagly görülýän çäreler barada dymmagyny dowam etdirýärler. Döwlet mediasy koronawirus sözüni birnäçe gezek göni we gytaklaýyn agzasa-da, bu meseläniň Türkmenistan bilen bolup biljek baglanyşygyndan gaça durýar.

Mundan öň, Azatlyk Radiosy orta mekdepleriň okuwçylarynyň ene-atalaryndan ýüzärlik satyn almak üçin pul ýygnalýandygyny habar beripdi. Şonda mugallymlar muny wirusdan goranmak çäreleri diýip düşündirip, synplarda ýüzärligiň tütediljekdigini aýdypdylar.

Bu waka Hytaýdan uç alan we global pandemiýa öwrülen koronowirus aladalarynyň fonunda, türkmen hökümetiniň ýüzärlik tütetmegiň ýokanç kesellerden we wirusdan goranmakdaky aýratyn ähmiýetini tekrarlan mahalyna gabat gelipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG