Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirus epidemiýasy üçin tussaglary boşadyp bolarmy?


Atyraudaky SIZO. Illýustrasiýa suraty

Gazagystanda ýaýran koronawirus epidemiýasy sebäpli birnäçe topara degişli tussaglary türmeden boşatmagyň zerurdygyny adwokat Abzal Kuspan öňe sürýär. Muny ol türme şertlerinde koronawirusyň ýaýramak howpunyň ýokarydygy bilen düşündirýär. Şol wagtyň özünde penitensial ulgamynyň wekilleri türme ýerlerinde koronawirusa garşy çäreleriň görlendigini aýdýarlar.

«BIZ BILEMIZOK...»

Almaty oblastynyň ýaşaýjysy Žuldyz (öz haýyşy bilen ady üýtgedildi – Red.) türmede jeza möhletini geçirýän dogany bilen görşüp bilmeýändigini aýdýar.

Onuň sözüne görä, dogany bilen iki sagatlyk duşuşyk soňky gezek fewral aýynda bolupdyr. Şondan bäri ol telefonda-da gepleşip bilmeýär. Almaty oblastyna koronawirusyň ýaýramagy bilen duşuşmak mümkinçiligi has agyrlaşypdyr.

— Türme administrasiýasynyň aýtmagyna görä, karantin sebäpli duşuşyk ýatyrylypdyr. Indi telefonda gürleşmäge rugsat edilýär. Ýöne ol jaň edip bilenok. Bar ýere koronawirus ýaýransoň, biz alada galýarys – diýip, Žuldyz aýdýar.

Golaýda şu mesele boýunça Gazagystanyň prezidentine hat ýazan adwokat Abzal Kuspan koronawirusyň ýaýramagy sebäpli Žuldyzyň alada galmagynyň tebigy ýagdaýdygyny düşündirýär.

— Biz türmelere koronawirusyň ýaýran ýa-da ýaýramadygyny bilemzok. Biz şeýle hem öz goragymyza alýan müşderilerimiz barada informasiýa alyp bilmeýäris. Penitensiýa ulgamy iň bir ýapyk edara bolmagynda galýar. Halk goh-galmagal etmez ýaly, adatça bize doly informasiýa bermeýärler – diýip, adwokat aýdýar.

Adwokat Abzal Kuspan (çepde). Atyrau, 2020-njy ýylyň apreli.
Adwokat Abzal Kuspan (çepde). Atyrau, 2020-njy ýylyň apreli.

«PREZIDENTE HAT»

Abzal Kuspan soňky on ýylyň dowamynda adwokat hökmünde işläp gelýär. Ol golaýda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hat ýazyp, koronawirusyň ýaýramagy sebäpli tussaglaryň azat edilmegini sorady. Adwokatyň sözüne görä, Gazagystandaky türmeleriň köprägi halkara standartlaryna laýyk gelmeýär. Kameralar köne hem dar. Iki adamlyk kamerada dört tussag, dört adamlykda bolsa sekiz tussaga çenli ýerleşdirýärler. Hemmeler bir kamerada iýip-içýärler, bir hajathana gidýärler. Ol ýerde açyk howa ýok, gün düşenok. Sanitar kadalaryň ýokdugy sebäpli, syçanlar peýda bolýar. Munuň ählisi türmede keseliň çalt ýaýramagyna getirýär.

— Epidemiýa şertlerinde eden jenaýaty az bolan tussaglaryň ençemesini azatlyga goýberip bolardy. Meselem, ykdysady jenaýatlar bilen baglanyşykly, pensionerleri, kämillik ýaşyna ýetmedikleri hem aýallary; derňew izolýatorynda oturanlardan birnäçesiniň entek günäsi aýan edilmedik, olara garşy suduň karary ýok. Olary öý tussaglygyna geçirip bolardy – diýip, adwokat aýdýar.

Berk düzgünli RU-170/3 düzediş koloniýasy. Uralsak, 2016-njy ýylyň 22-nji dekabry.
Berk düzgünli RU-170/3 düzediş koloniýasy. Uralsak, 2016-njy ýylyň 22-nji dekabry.

Onuň sözüne görä, dünýäde eýýäm şeýle tejribe bar. Meselem, «pandemiýa başlananda, köpçülikleýin adam ölüminiň öňüni almak üçin, Eýran 85 müň tussagy türmeden boşatdy. Polşa hem şeýle çärä eýerip, köp adamy öý tussaglygyna geçirdi, Ukraina bolsa şeýle çäre görmek meselesine seredýär»diýip, adwokat belleýär.

— Men muny döwlet üçin ykdysady taýdanam bähbitli hasap edýän. Meselem, döwlet bir adamy bir gün türmede saklamak üçin, dört müň tenge harç edýär. Eger 30 müň adam bir aýlyk azatlyga çyksa, munuň özi 3,6 milliard tenge tygşytlamaga şert döredýär, şonça adam bir ýyllap boşadylsa, 43,2 milliard tenge tygşytlap bolardy – diýip, Abzal Kuspan düşündirýär.

«WRAÇ ERTESI GÜNI GÖRDI»

Ýuridiki taýdan hasaba alynmadyk «Alga»oppozisiýa partiýasynyň öňki lideri Wladimir Kozlow 2011-nji ýylda bolan Žanaozen wakasy bilen baglanyşykly agzalalygy öjükdirmekde aýyplanyp, 11,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.Ol häzir adwokat Abzal Kuspanyň öňe süren teklibini goldaýar.

— Koronawirus infeksiýasyny türme işgärleri içeri ýaýradyp bilerler, olaryň özüni goramaga mümkinçiligi ýok. Türme ulgamynda medisina hyzmatynyň ýokdugyny-da arkaýyn aýdyp bolar. Gigiena düzgünleri saklanmaýar, maskalar ýok, antiseptikler, hatda sabyn ýok – diýip, Wladimir Kozlow düşündirýär.

Öňki oppozisiýa lideri Wladimir Kozlow tussagda wagtynda. 2015-nji ýylyň iýuly.
Öňki oppozisiýa lideri Wladimir Kozlow tussagda wagtynda. 2015-nji ýylyň iýuly.

Şu ýylyň 29-31-nji marty aralygynda Almatydaky wagtlaýyn izolýatorda oturyp çykan graždan aktiwisti Ýuriý Malenkih SIZO-daky howpsuzlyk çärelerini gürrüň berýär.

— 29-njy martda öýlänler meni Lobaçewskiý izolýatoryna äkitdiler. Mende wirusyň bar-ýokdugyny barlamalydylar. Doktorlar agşam sagat alta çenli işlediler, şonuň üçin maňa seretmäge ýetişmediler. Işgärler bolsa menden, ýagdaýymyň nähilidigini soradylar. Men olara özümi gowy duýýandygymy aýtdym. Ertesi güni feldşer gelip, meniň saglyk ýagdaýyma seretdi. Maska berdi hem günde üç gezek gyzgynymy ölçedi. Işgärleriň ählisi diýen ýaly maskaly hem elleri elliklidi. Kimde ellik ýa maska bolmasa, men oňa muny duýdurdym. Kamerada bir özüm boldum, ol ýerde dört krowat bar eken. kwarsewaniýe etdiler. Her kamera girip, 20 minut çemesi kwarsewaniýe etdiler. Düzgün boýunça jaýyň içini günde üç gezek öl esgi bilen arassalap çykmaly, muny şol kamerada ýatanlaryň özleri edýärler.

Ýöne wagtlaýyn saklanýanlaryň kameralaryna jogapkär, bu ulgamyň ýolbaşçysy Žandos Murataliýew Ýuriý Malenkihiň aýdany bilen ylalaşmaýar.

— Islendik alamat ýüz beren ýagdaýynda, olar şo bada karantine alynýar. Bizde wirusy anyklar ýaly testler bar. Biz sanitaýserleri – dezinfeksiýa üçin gelleri goýduk. Türme işgärleri-de barlagdan geçdiler – diýip, Almaty şäheriniň polisiýa departamentiniň ýolbaşçysy Žandos Murataliýew aýdýar.

Almatydaky SIZO-nyň derwezesi. 2019-njy ýylyň 23-nji sentýabry.
Almatydaky SIZO-nyň derwezesi. 2019-njy ýylyň 23-nji sentýabry.

Onuň sözüne görä, 31-nji marta çenli wagtlaýyn saklanýanlaryň kameralarynda 48 tussag bar eken, «41 adam serhoş halda maşyn sürüp saklananlar, beýlekileri adatdan daşary düzgüni bozanlar»diýip, ol belleýär.

«WIDEO GEPLEŞIGE RUGSAT EDILÝÄR»

Merkezi Aziýa boýunça «Halkara türme reformalary» (PRI) guramasynyň direktorynyň orunbasary Žanna Nazarowa tussaglary boşatmak barada gürrüň ederden irdigini aýdýar.

— Eger diňe belli çäkdäki graždanlar wagtlaýyn şertde azatlyga goýberilse-de, olaryň bolýan ýerine takyk kontrollygy ýola goýup, karantini berjaý edişini barlamak gerek. Bu diňe bir türme edaralarynyň işine-de girenok, oňa sud ulgamy, prokuratura guramaly hem içeri işler ministrligi-de dahylly. Tussag edilenleriň saglygyny goramak meselesini hiç kim ýatyranok, olaryň medisina goraglarynyň derejesi üpjün edilmeli. Ýöne jemgyýetçilige garanda, tussagda oturanlaryň medisina mümkinçilikleri örän pes – diýip, Žanna Nazarowa aýdýar.

Ol bilermeniň sözüne görä, ýapyk edaralar diňe türmeler däl, başga-da daşy ýapyk edaralar, şol sanda jemgyýetçilik edaralary bar. ‘Olar gelýän migrantlaryň wagtlaýyn saklanýan merkezleri, garrylar öýleri hem psihiatriýa keselhanalary. Hökümetler şol ýerlerde saklanýanlaryň saglygyň aladasyny hem etmelidir’ diýip, Ž. Nazarowa düşündirýär.

Almatydaky aýallar koloniýasy. 2015-nji ýylyň 27-nji oktýabry.
Almatydaky aýallar koloniýasy. 2015-nji ýylyň 27-nji oktýabry.

Jenaýat-jeza çäreleri baradaky komitetiň maglumatyna görä, türmedäki tussaglaryň arasynda koronawirus infeksiýasyna ýolugan adam ýok. Adatdan daşary ýagdaý tamamlanýança, tussaglar bilen görüşmek wagtlaýyn saklanypdyr. Muňa derek olara çäklendirilmedik möçberde telefon - wideo gepleşige rugsat edilipdir.

Bu komitetiň maglumatyna görä, «düzediş edaralaryndakoronawirusdan goranmak üçin, çäreler göz öňünde tutulypdyr». Tussaglar hem graždanlar gözegçilik astynda saklanýar, olar gerekli medisina enjamlary bilen üpjün edilipdir, infeksiýa barlagy güýçlendirlipdir hem dezinfeksiýa düzgüni girizilip, kameralarda kwarsewaniýe geçirilýär diýip, komitetiň maglumatynda aýdylýar.

Jenaýat-jeza çäreleri bilen baglanyşykly Gazagystanda 82 edara iş alyp barýar. Olardan 66 sanysy düzediş koloniýalary, 16 sany-da SIZO bar. Olardan 15 koloniýa umumy düzgünli, 18 sanysy berk düzgünli hem 5 sanysy aýratyn berk düzgünli, 15 sürgün-koloniýasy, 6 aýallar koloniýasy, 3 bejeriş edarasy, bir sany-da kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin terbiýe beriş koloniýasy bar.

Gazagystanda koronawirus bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaý 15-nji aprele çenli girizildi. Nur-Sultan, Almaty hem beýleki birnäçe şäherler, ilatly punktlar karantin üçin ýapyldy.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG