Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk işgärlerine COVID-19 barada geplemek gadagan, olardan üstünligi wasp etmek we närazylara basyş görkezmek talap edilýär


Türkmenistanyň ähli edaralarynda prezidentiň portretleriniň bolmagy talap edilýär.
Türkmenistanyň ähli edaralarynda prezidentiň portretleriniň bolmagy talap edilýär.

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş edaralarynyň işgärlerine COVID-19, syýasat we problemalar barada geplemek gadagan edildi. Ýolbaşçylaryň koronawirus barada edýän seýrek çykyşlarynda "ýurduň territoriýasyna infeksiýanyň girmegine garşy" çäre görmegiň zerurdygy aýdylýan wagtynda ilatyň ýurt içinde hereketini çäklendirýän berk çäreler girizilýär, karantin zonalar döredilip, ýüzlerçe adam üzňelikde saklanýar, hassahanalarda COVID-19 bilen kesellänleri bejermek üçin taýýarlyk görülýär, ilat bolsa maska dakynmagy we koronawirusy agzamagy sebäpli yzarlanýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylaryna görä, medisina edaralarynda ýygy-ýygydan ýygnaklar geçirilýär we koronawirus barada, şeýle-de döwlet syýasatyndaky problemalar barada geplemegiň gadagançylygy barada duýdurylýar.

"Her duşenbe güni keselhanalaryň we hassahanalaryň jogapkär işgärlerini, dermanhanalaryň ýolbaşçylaryny, bölüm başlyklaryny Saglygy saklaýyş ministrliginde ýygnaýarlar. Ýygnaklarda işi we gol astyndaky işgärlere berk gözegçiligi maslahat edýärler. Iş ýerlerinde ykdysadyýetde dörän ýagdaý, syýasy petik we aýratynam koronawirus barada gürrüň etmezligi talap edýärler", - diýip habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, saglyk edaralaryň ýolbaşçylaryndan nägile işgärleri tapmak we başga pikirdäkileri ýok etmek, olara basyş görkezmek ýaly çäreler talap edilýär. Häkimiýetler saglygy saklaýyş işgärlerine basyşy olaryň maşgala agzalarynyň üstünden etmegi görkezme berýärler.

"Kadrlar bölüminde işgäriň adamsynyň ýa-da aýalynyň nirede işleýändigini, çagalarynyň nirede okaýandygyny anyklap, olary okuwdan ýa-da işden kowdurmaly diýýärler. Adamy ruhy taýdan basmak üçin bahana tapmaly, hatda onuň şahsyýetini doly weýran etmeli. Eger işgäriň çagalary daşary ýurtlarda okaýan bolsalar, olary hasaba almaly" - diýip habarçymyz häkimiýetleriň lukmanlaryň koronawirus barada geplemeginiň öňüni almak üçin öňe sürýän çäreleri barada gürrüň berýär.

Azatlygyň ýene bir habarçysy saglygy saklaýyş edaralaryň işgärleriniň problemalary agzamazlyk bilen bir wagtda üstünlikleri wasp etmäge mejbur bolýandygyny aýdýar.

"Saglygy saklaýyş ministrliginde geçýän ýygnaklarda döwlet syýasatyndaky kemçilikleri düýpden agzamazlygy, gürrüň edilende diňe pozitiw manyda we üstünlikler barada geplemegi her gezek duýdurýarlar" - diýip habarçymyz belleýär.

Lebapdaky habarçymyz bolsa, ýerli orta mekdeplerde okuwçylarda COVID-19 keseliniň barlagynyň geçiriljegini habar berýär.

"Mugallymlaryň sözlerine görä, mekdeplere okuwçylaryň arasynda COVID-19 keseline barlag geçirmek hakynda görkezme gowşupdyr" - diýip Lebapdaky habarçymyz 9-njy aprelde habar berdi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary uzak arakesmeden soň koronawirus barada söz açdy. 8-nji aprelde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň territoriýasynda wagtynda öňüni alyş çäreleriň geçirlendigini, profilaktiki işleriň geçirilýändigini habar berdi.

"Koronawirusyň pandemiýasyny hasaba alyp, biz mundan beýläk-de onuň ýurda girmezligi üçin ähli tagallalarymyzy etmeli" diýip, Türkmen döwlet habarlar gullugy rus dilinde çap eden maglumatynda prezidenti sitirleýär. Emma şol bir maglumatyň türkmen dilindäki görnüşinde bu sözlemde koronawirus pandemiýasy agzalmandyr.

Türkmen metbugatyna görä, şeýle-de prezident Berdimuhamedow wirus infeksiýasyndan köptaraplaýyn goranmak hakynda eden şol çykyşynda ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe çärelere aktiw çekmegiň zerurlygyny nygtapdyr.

Bellemeli ýeri, şu günki gün 1 ýarym million adama ýokaşan heläkçilikli COVID-19 keseliniň global pandemiýasynyň dowam edýän we Bütindünýä saglyk guramasynyň hökümetlerden we raýatlardan köpçülige çykmazlyga ündeýän wagtynda Türkmenistan 7-nji aprelde müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky sport çäreleri we tomaşaly dabaralar bilen Bütindünýä saglyk gününi belledi.

Türkmen häkimiýetleri toý-baýramçylyklaryny ýene dowam etmegi planlaşdyrýarlar. Şu günler hususan-da Lebap welaýatynda Bedew baýramyna taýýarlyk görülýär.

"Türkmenabatda býujet işgärleri döwletiň gurnaýan çärelerine gatnaşýarlar. Lebaply býujet işgärleri bedew baýramyna taýýarlanýarlar, arassalaýarlar, gül ekýärler we ýoluň gyralaryny reňkleýärler, asfaltlary ýuwýarlar. Ilaty pul tabşyrmaga mejbur edýärler. At çapyşyk üçin çapyksuwarlary saýlaýarlar, olaryň üç arkasyny barlaýarlar" - diýip habarçymyz 9-njy aprelde gürrüň berdi.

Türkmenistanda geçirilýän we guramalaşdyrylýan üýşmeleňler ilatyň ýurt içindäki hereket mümkinçilikleriniň berk çäklendirilýän döwrüne gabat gelýär. Welaýatlaryň we etraplaryň arasyndaky hereketiň çäklendirilmegi ilatyň azyk üpjünçiligine erbet täsir ýetirdi we gazanç etmek mümkinçiliklerini azaltdy.

"Etraplaryň arasyndaky postlarda, ýörite çadyrlar dikildi, ol ýerde lukmanlar geçip barýanlaryň gyzgynyny ölçeýärler we rugsat hatlaryny barlaýarlar. Olaryň barlaglary dürli wagtda üýtgäp durýar. Meselem, düýn irden Farap we Türkmenabat arasynda örän jikme-jik barladylar, öýlän bolsa asla barlamadylar" diýip habarçymyz 9-njy aprelde gürrüň berdi.

Türkmenistan ýurtda koronawirus bilen kesellän we hatda kesellän bolmakda güman edilýän ýekeje-de adamyň ýokdugyny aýdýarka, Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri soňky bir aýa golaý wagtyň dowamynda koronawirus bilen kesellänleriň Aşgabatda, Balkanabatda, Etrek etrabynda we Azerbaýjandan Türkmenistana baran gämide anyklanandygyny habar beripdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG