Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Daşary ýurtlular iň ýaramaz işleri edýärler". Günorta Koreýada resmi däl ýagdaýda işleýän gazagystanlynyň gürrüňi


Zähmet migrantlary gurluşyk meýdançasynda. Illýustrasiýa suraty.
Zähmet migrantlary gurluşyk meýdançasynda. Illýustrasiýa suraty.

Gazagystanyň Türkestan oblastyndan bolan 17ýaşly Farhat Ibadulla soňky sekiz aýyň dowamynda Günorta Koreýanyň Ansan şäherinde ýaşaýar. Iş gözleginde ol her gün «bendiler bazaryna» çykýar. Zähmet migrantyny hatda koronawirus belasynyň hem ýurduna dolap bilmändigini ol aýdýar.

Farhat – maşgaladaky uly ogul. Dogduk obasynda onuň kämillik ýaşyna ýetmedik dört dogany bar. Doly däl orta mekdebi gutaryp, 2018-nji ýylda Türkestan şäherindäki kolleje okuwa girdi, weterinariýa ugrundan hünär öwrenjekdi. Ýöne okuwyny taşlap, gazanç gözleginde ejesi bilen Günorta Koreýa gitdi.

— Men Gazagystanda özüme kadaly iş tapmajagymy bildim, hossarlarym bolsa maňa bil baglaýarlar. Şonuň üçin daşary ýurda gitmegi ýüregime düwdüm. Günorta Koreýada bize garaşýan ýok, ýöne ejem ikimiz töwekgellige salyp, ol ýere ugradyk – diýip, ýaş ýigit gürrüň berýär.

Farhadyň kiçi doganlary hem kakasy obada galypdyr. Onuň ejesi Ansandaky kosmetika kompaniýada işleýär, aram-aram Gazagystana gidip gelýär. Farhat entek yzyna dolanmady, gideli bäri doganlaryny hem kakasyny görenok.

GOL GOWŞURMAN IŞLEMELI

Farhadyň sözüne görä, Ansan şäherinde birnäçe ýer bolup, iş gözleýän daşary ýurtlular ol ýerde jemlenýärler. Bu öz gezeginde «bendi bazary»saýylýar, onda ösýän ýurtlardan çykan iş gözleýänler toplanýar. Bu “bazarda” gazagystanlylary, şol sanda Türkestandan bolanlary-da görmek mümkin.

Gowy hak tölenýän iş tapmak – bu hakyky bagt diýip, gazagystanlylar aýdýar. Kä wagtlar birnäçe günläp iş tapdyrman galýar. Iş buýuryjylaryň aldawa salýan pursatlary, migrantlaryň iş hakyny bermeýän gezegi-de bolýar.

Seulyň beýik jaýlarynyň alnyndaky derýa güzerinde döredilen parkdan geçip barýan aýal. Illýustrasiýa suraty. 2018-nji ýylyň sentýabry.
Seulyň beýik jaýlarynyň alnyndaky derýa güzerinde döredilen parkdan geçip barýan aýal. Illýustrasiýa suraty. 2018-nji ýylyň sentýabry.

Ansarda ýörite hünäri bolmadyk daşary ýurtla iş tapmak örän kyn diýip Farhat gürrüň berýär. Zawodlar ýa-da iri kärhanalar işe alanlarynda, teklip edilýän işi «hemişelik»diýip atlandyrýarlar. Aslynda olar örän ýaramaz işler, ol ýerde işlejegiň näçe wagta çydajakdygyny iş buýuryjy anyk bilmeýär. Iň agyr hem saglyga zyýanly işlere daşary ýurtlulary alýarlar.

— Men Koreýanyň kosmetika kompaniýasynda işlemäge synanyşdym. Ol önümçilik gaty zyýanly, ýerli ilat kosmetika senagatynda beýle ýaramaz işi etmeýärler. Meselem, kosmetiki önüm ullakan çüýşe gapda garylýar. Bir adam onuň gapagyny galdyryp durýar, bu göräýmäge ýeňil iş ýaly, ýöne içi erginli çüýşe gabyň gapagy açylanda, şol jaýdaky adamyň bary daşary çykýar. Ol gapda emele gelen bugdan, burun-bokurdagyň dolup, güýçli gijilewük emele getirýär – diýip, ol gürrüň berýär.

Iş buýrujylaryň talabynyň aşa ýokarydygyny hem Farhat belleýär. Her günde eliňi gowşurman, sekiz sagat işlemeli bolýar, her iki sagatdan, gysgajyk arakesme berilýär. Iş haky her sagat üçin 10 müň won çemesi, ýagny üç müň tenge aralygynda. Munuň Gazagystandakydan has köpdügini ol düşündirýär.

Daşary ýurtlular iň ýaramaz işleri edýärler.

— Käbir ýagdaýda edilen iş üçin hojaýynyň hak tölemeýän pursatlary-da bar. Beýle ýagdaýda sen hiç kime arz edip bilmeýäň, sebäbi sen legal işçi däl. Muňa seniň özüň günäkär wagtyňda, hiç kimden gaty görüp bolmaýan bir pursat. Bu gün sen az gazanan bolsaň, ertirki gün köp gazanaryn diýmäge mümkinçiligip bar, diňe şu saňa ynam döredýär – diýip, Farhat aýdýar.

Onuň sözüne görä, tomus möwsümi wagtynda myhmanhanalarda hem naharhanalarda işleýän aýallar günde 12 sagatdan gowrak aýak üste durmaly bolýarlar. Ýöne erkeklere garanda, aýallara az hak tölenýär.

DIL ÖWRENMEK, ÝERLI ŞERTLERE UÝGUNLAŞMAK HEM KORONAWIRUS

Şeýle kynçylyklara garamazdan, Farhat Gazagystana dolanmakçy bolanok.«Koronawirus bütin dünýä ýaýrap, Koreýa gelse-de, ol meni yzyma dolap bilmedi»diýip,ajy gülýär.

— Koronawirusdan gorkusyna birnäçe gazagystanly yzyna gitdi. Olaryň köprägi azyndan iki ýyl işlänler hem gowy gazanç edenler – diýip, Farhat düşündirýär.

Onuň gürrüňine görä, koronawirus Seul ýaly uly şäherlere ýaýrap, hakyna işleýänleriň ýaşaýan ýerlerinde, az adamly kiçi obalarda ol kesele ýolugýan ýok diýerlik. Muňa garamazdan, ýerli ilat medisina maskaly çykýarlar.

Gorag eginbaşly işgärler Seuldaky bazarda dezinfeksiýa geçirýärler. 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly.
Gorag eginbaşly işgärler Seuldaky bazarda dezinfeksiýa geçirýärler. 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly.

Ýerli ilata her günde iki maskanyň mugt berilýändigini Farhat belleýär. Wizasy bolan daşary ýurtlulara maskalar ýarym dollardan satylýar. Wizasy bolmadyk daşary ýurtlular ony üç-dört bahasyna gymmat satyn alýarlar.

Farhat geçen ýedi aýdan gowrak wagt içinde, «koreý dilini gowy özleşdirýändigini»aýdýar.

– Eger sen olaryň dilinde gürlemäge çalyşýandygyňy görseler, goý, ýalňyş bolsun, ýerli ýaşaýjylar dil öwrenmäge kömek edýärler – diýip, ol aýdýar.

Farhat boş wagtlarynda sporta gatnaşýar hem judo öwrenýär, ol munuň bilen öz obasynda hem gyzyklanan eken. Şeýle-de, ol kompýuter programmasy bilen gyzyklanýar. Günorta Koreýada kimdir biri bir hünäri özleşdirse, oňa aýratyn ähmiýet berilýändigini Farhat nazarda tutýar. Farhat ýaş bolansoň, Koreýada entek näçe wagt galjagyny bilenok.

Gazagystandan zähmet migrantlarynyň Günorta Koreýa akymy 2014-nji ýyldan bäri güýçlendi. Käbir migrantlar hemişelik iş tapyp, Koreýada ornaşýarlar, yzyna dolanýanlary-da bar. Günorta Koreýanyň daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, ol ýurtda Gazagystanyň 35 müň graždanini işleýär. Olardan 12 müň çemesi, Farhat ýaly legal däl ýagdaýda gazanç edýär.

2019-njy ýylyň ýazynda Gazagystandan bolan legal däl zähmet migranty bir çagany maşyna basdyrypdyr hem yzyna – öz ýurduna gaçypdyr. Şondan soňra Günorta Koreýa migrantlaryň hukuklaryny berkitdi. Indi Günorta Koreýadan yzyna çykmak isleýänler gitjekdigi barada azyndan üç gün öňünden, käbir ýagdaýda 15 gün öňinçä ýerli polisiýa bölümine ýüz tutmaly.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG