Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda oba hojalyk tehnikalaryna ýangyç we ätiýaç şaýlary ýetmezçilik edýär, mineral dökünler gymmatlaýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Türkmenistanda nobatdaky oba hojalyk möwsümi dowam edýär – gowaça ekişi bilen bir hatarda güýzlük bugdaýa ideg etmek hem-de gök-bakja ekinlerini ekmek işleri alnyp barylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynda oba hojalyk tehnikalaryna, traktorlara ýangyç we motor ýaglarynyň hem-de ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçilik edýändigini, şeýle-de ekerançylyk üçin zerur bolan mineral dökünleriň bahasynyň gymmatlaýandygyny habar berýär.

“Lebapda oba hojalyk möwsüminde traktorlara dizel ýangyjynyň, motor ýaglarynyň we ätiýaç şaýlaryň ýetmezçiligi problema döredýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli mehanizatorlaryň ençemesine salgylanyp 21-nji aprelde habar berdi.

Galyberse-de, onuň sözlerine görä, häkimiýetler hususy eýeçilikdäki traktor eýelerini gorkuzyp, olaryň tehnikalaryndan tölegsiz peýdalanýarlar:

“Adamlaryň hususy tehnikalaryny ellerinden almak haýbaty bilen olar mugt işledilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda plan borçnamasy esasynda döwlet tabşyrygy boýunça esasan gowaça we bugdaý ösdürilip ýetişdirilýär, ýöne soňky ýyllarda ýeralmasy we şugundyr ýaly beýleki käbir oba hojalyk ekinleri hem ýurduň ekin dolanyşygyna girizildi. Kärendeçi daýhanlar şertnama esasynda bu ekinlerden döwlete hasyl tabşyrýar. Öz gezeginde döwlet daýhanyň tehnika, dökün we suw üpjünçiligine ýardam bermäge borçlanýar. Ýöne habarçymyzyň maglumatlaryna görä, lebaply kärendeçiler döwlet tarapyndan ozal ýeňillikli üpjün edilýän mineral dökünleriň bahasynyň ýokarlanmagyndan şikaýat edýärler.

“Döwlet tarapyndan pagta we bugdaý üçin berilýän mineral dökünleriň bahasy tas 4 esse gymmatlady” diýip, habarçymyz aýtdy.

Ençeme kärendeçiniň habarçymyza tassyklamagyna görä, geçen ýyllarda pagtaçy kärendeçilere 1 tonnasy 400 manatdan (umumylaşdyrylan baha) satylýan mineral dökünleriň tonnasy şu ýyl 1,800 - 2,000 manatdan pagtaçylara berler.

Türkmenistanda kärendeçiler bilen döwletiň arasynda baglaşylýan ylalaşyk esasynda döwletiň üpjün edýän agrotehniki hyzmatlaryna degişli tölegler daýhanlaryň ýyllyk girdejilerinden tutulýar. Ýöne habarçymyz mineral dökünler bilen bir hatarda beýleki çykdajylaryň hem şu ýyl ýokarlandyrylýandygyny habar berýär.

“Diňe bir himiki dökünlere däl, eýsem tehniki hyzmat edişe we suw üpjünçiligine degişli bahalaryň hem şu ýyl 40 prosent gymmatlaýandygy aýdylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ençeme oba hojalyk işgäriniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

2018-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde ýurtda göz öňünde tutulýan birnäçe oba hojalyk reformalary yglan edilipdi. Munuň yzýany ýurduň parlamenti oba hojalyga degişli kanunçylyk namalaryna, şol sanda Türkmenistanyň “Ýer hakyndaky” kanunyna üýtgetmeler girizildi, “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda” täze kanun kabul etdi. Bu özgertmeleriň jikme-jikligi barada kärendeçi daýhanlara giňişleýin düşündiriş berilmeýär.

Galyberse-de, nobatdaky oba hojalyk möwsüminde ýurtda agrotehniki hyzmatlara degişli tölegleriň ýokarlanýandygy baradaky maglumat ýanwar aýynda Lebapda häkimiýet wekilleriniň täze daýhan hojalyklary döretmek barada ýerli kärendeçiler bilen geçiren duşuşyklarynyň yzýanyna gabat gelýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, şu günler Lebap welaýatynyň Halaç, Kerki we Amyderýa etraplarynda gowaça ekmek işleri dowam edýär.

“Daýhanlar ýerden girdeji almak umydyny üzdüler” diýip, ýerli oba hojalyk işgäri welaýatda tehnika ýetmezçilik edip, mineral dökünleriň gymmatlajakdygy aýdylýan wagty Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji aprelde welaýat häkimleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işlerini maslahat etdi, olara ak ekinlere gowy ideg edip, bol hasyl almagy tabşyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG