Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan şor ýere tohum atyp, TW-de 'ýokary hasyl almagyny' dowam etdirýär, daýhanlar nägile


Türkmen TW-si her ýyl kuwwatly daşary ýurt traktorlary bilen amala aşyrylýan oba hojalyk işleri hakynda habar berýär.
Türkmen TW-si her ýyl kuwwatly daşary ýurt traktorlary bilen amala aşyrylýan oba hojalyk işleri hakynda habar berýär.

Türkmenistanyň prezidenti 13-nji aprelde egindeşlerini wideo maslahata çagyryp, gurluşyklar we baýramçylyklar, hususan-da Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler barada maslahat etdi, gowaça ekişi bilen gyzyklandy; garaşsyz neşir ýurduň gowaça meýdanlaryndan görkezilýän wideoşekilleriň ýerlerdäki hakyky ýagdaýa düýpden gabat gelmeýändigini habar berdi.

Adatça bolşy ýaly, türkmen döwlet telewideniýesi martyň aýagynda başlanan ekiş möwsümi hakynda dabaraly habarlary berýär, wideoşekilli maslahata gatnaşýan resmiler bolsa, öz gezeklerinde, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar, dökün we tehnika bilen üpjün edilýändigini, prezidentiň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilýändigini ynandyrýarlar.


Bu öňki ýyllarda hem şeýle bolupdy we Türkmenistan, 2019-njy ýyldaky pagta planyny resmi taýdan dolan hem bolsa, pagta çigidinden öndürilýän ösümlik ýagynyň gytçylygy dowam edýär, ýag üçin çigidiň goňşy ýurtdan satyn alynýandygy habar berilýär.

Şu aralykda daşoguzly daýhanlar bu ýylam idili pagta hasylynyň bolmajakdygyny duýdurdylar.

"Turkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, Daşoguzda gowaça ekiljek 155 müň gektar ýer hakykatda ekişe taýýar däl we munuň esasy sebäbi ýerleriň onlarça ýyllap şorladylmagy, arryk ýere näçe çigit taşlasaň-da, onuň hasyl berip bilmejekdigi bilen bagly.

Hususan-da neşir Köneürgenç etrabynda gowaça ekiljek ýerleriň tas üçden biriniň, bugdaý ekiljek ýerleriň ýarysynyň şorladylandygyny, arryk düşendigini belläp, Boldumsaz etrabynda düşürilen, ýüzi gyrawlap ýatan şor meýdany görkezýän wideony çap etdi.

Azatlygyň habarçylary bu hili duzy ýüzüne çykan we gyrawlap ýatan ýerleriň wideosyny ýurduň ähli ýerinde düşürip boljakdygyny, üstesine ýurduň müňlerçe kilometrlere uzaýan zeýkeşleriniň, suw desgalarynyň, zerur serişde goýberilmezligi sebäpli, uzak wagt bäri idegsiz galýandygyny habar berýärler.


Ýurduň dürli regionlaryndan gowuşýan maglumatlara görä, ýuwuş suwlaryny tutmak, ýerleri ekişden öň şordan saplamak her ýyl uly problema, sebäbi ýaplara suw wagtynda berilmeýär; emma daýhanlar bu baradaky arz-şikaýatlaryny ýerli metbugatda aýdyp, seslerini iň ýokarky başlyklara ýetirip bilmeýärler we Azatlyga ýüz tutýarlar.

Bu 2020-nji ýylyň başynda hem şeýle boldy we Lebapdaky habarçymyz fewral aýynyň başynda daýhanlaryň gyşky ýuwuş suwlarynyň gijikdirilmeginden şikaýat edýändigini habar berdi.

Daýhanlaryň pikiriçe, suwuň gijikdirilmegine Amyderýada ýeterlik suw bolmazlygy däl, resmileriň işi dogry gurnap, şol suwdan netijeli peýdalanyp bilmezligi sebäp bolýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan lebaply agronomyň sözlerine görä, Amyderýadan gözbaş alýan Farap kanalynyň üsti bilen Galkynyş etrabynyň çägindäki ähli daýhan birleşigini suw bilen üpjün etmek mümkin. “Emma Amyderýadan gözbaş alýan kanallar arassalanmaýar” diýip, radionyň söhbetdeşi anonimlik şertinde pikirini paýlaşdy.

Radio bilen anonimlik şertinde gürleşen ahally agronom bu pikir bilen ylalaşýar we oba hojalygyndaky esasy problemanyň pudagyň dolandyryş meseleleri bilen baglydygyny öňe sürýär.

Onuň pikiriçe, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklip edýän oba hojalyk reformalary durmuşdan üzňe bolup, resmi media ýurduň ilatynyň aglaba böleginiň iş orny, içerki bazarlaryň azyk üpjünçiligi bilen bagly uly meselä diňe 'problemasyzlyk' nukdaý nazaryndan seredýär.


"Ýurtda sowet ýyllaryndan başlanan ýer-suw problemalary soňky on ýylda has çuňlaşdy we döwletiň bu meseläni kaşaň gurluşyklardan hem-de baýramçylyklardan ileri tutmagyna, TW ýalançylygy bilen özüni aldamagy bes etmegine bireýýäm wagt ýetdi" diýip, 67 ýaşyndaky agronom pikir edýär.

Onuň ynanjyna görä, Türkmenistanyň oba hojalygyndaky agyr krizis sowet oba hojalyk praktikasyndan, Garagum kanalynyň gurulmagyndan we pagtaçylykda ýol berlen ýykgynçylyklardan başlandy we ozal ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň, soňra häzirki prezidentiň "diletantlygy" bilen obalarynyň tozmagyna, barha ýitileşýän azyk gytçylygyna alyp geldi.

Türkmenistan bu ýyl gowaça ekilýän ýerleriň meýdanyny 620 müň gektar ulaldyp, almaly pagta hasylynyň möçberini 200 müň tonna köpeltdi.

Halkara hukuk toparlary Aşgabady pagtaçylykda mejbury zähmeti ulanmakda tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG