Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: "Tiz kömege jaň edip, "näbelli  biriniň urandygyny" aýtdy"


Aýnagül interwýu wagtynda. Aktobe, 2020-nji ýylyň 4-nji apreli.
Aýnagül interwýu wagtynda. Aktobe, 2020-nji ýylyň 4-nji apreli.

Gazagystanda Aýnagülüň öňki adamsy aýalynyň tenine şikes ýetirip, bu baradaky habar hem onuň fotosuraty sosial ulgamda ýaýrap, jemgyýetçiligiň pikirini özüne çekenden soň, ýagny hadysadan 21 gün geçende tusag edildi. Sosial ulgamda peýda bolan fotosuratda Aýnagülüň ýüzündäki kesik yzlary köplerde gahar-gazap döretdi. Onuň özi bolsa mydama gorky astynda ýaşaýandygyny aýdýar.

GARABASMA

Keselhanadan çykanynda Aýnagülüň ýanynda aýal dogany Meruert hem jorasy Gülnäz boldy. Häzir aýallar aýratyn bir zerurlyk bolmasa, öýden çykmazlyga çalyşýarlar. Üçünji gatdaky kwartiranyň aýnalary ýapyk, Aýnagül birden adamsynyň geläýmeginden ätiýaç edýär. Ol islendik batly sese tisginip dur.

— Men mydama onuň ýanynda bolýan, hatda wanna ýuwunmaga gidende-de. Ol ýeke galmaga gorkýar. Aýnagül ýatýança, biz uklamyzok. Ol guýlunyp ýatýar. Gözüni ýumanda, alnynda Saken duran ýaly bolýarmyş. Ol gijäniň ýarynda garabasmadan gorkup oýanýar – diýip, onuň ýaşlyk jorasy Gülnäz gürrüň berýär.

Duşuşykda Aýnagül aşak bakyp, ýüzündäki hem maňlaýyndaky kesik yzlary saçy bilen örtmäge çalyşýar.

— Meni keselhana ýerleşdirenlerinden soňra, telefon belgimi üýtgetdim. Saken maňa sosial ulgamdan birnäçe gezek hat ýazdy. Kä ötünç soraýar, kä haýbat atýar. Tä tussaga alynýança, bar işi men boldum.«Şu gün sen adwokat bilen görüşýäň», «sen joraň bilen alleýadan barýaň»şekilli hatlar gelip dur – diýip,Aýnagül aýdýar.

«SEN SAKENIŇ GÖWNÜNE ÝARAÝAŇ»

Olaryň bilelikdäki durmuşy örän agyr bolupdyr, içen wagty Saken düýpden başga adama öwrülýän eken. Aýnagülüň sözüne görä, 2016-njy ýyldan bäri Saken ony birnäçe gezek urupdyr. Bir gezekde onuň burnuny döwüpdir, başga gezekde beýnisini sarsdyrypdyr. Maşynda barýarkalar çekgesine ýumruk bilen güýçli urandan bäri “gulagym şaňlap dur” diýip, Aýnagül gürrüň berýär. Şeýle-de bolsa, ol polisiýa ýeke gezegem arz etmändir.

Jemgyýetçiligiň ünsüni çeken hadysa Aýnagülüň iş ýerinde, Aktobe şäheriniň etegindäki piwo-kafe dükanynda bolupdyr. Saken ol ýere gelip, Aýnagüli urup-ýenjip, ýüzüni hem kesipdir.

Urlup-ýenjilen Aýnagül interwýu wagtynda. Aktobe, 2020-nji ýylyň 4-nji apreli.
Urlup-ýenjilen Aýnagül interwýu wagtynda. Aktobe, 2020-nji ýylyň 4-nji apreli.

Aýnagülüň şu ýyl 28 ýaşy dolýar, Saken onuň ikinji adamsy bolmaly. Ilkinji adamsyndan gyzy bar. Özünden 9 ýaş uly adama ol erksiz ýagdaýda durmuşa çykmaly bolandygyny ýatlaýar.

— Mende oňa durmuşa çykaryn diýen pikir ýokdy, ol umumy tanyşlarymdan biridi, käte bile gezerdik. Biz 2013-nji ýylyň dekabrynda Sakenlerde bolanymyzda, garşylygyma garamazdan, Sakeniň ejesi başyma ýaglyk atdy. Men olara nikasyz doglan üç ýaşly gyzymyň bardygyny aýtdym, ýaşlykda aldanandygymy mälim etdim. Ýöne olar özleriniňkini tutdular. Meniň gyzymyň olar üçin ýat bolmajagyny, hossarlyga aljakdyklaryny aýtdylar. “Sen Sakeniň göwnüne ýaraýaň” diýip, onuň ejesi aýtdy.

Häzir dokuz ýaşyny doldurýan Aýnagülüň gyzy ejesiniň başyndan nämeleriň inendiginden habarsyz. 2018-nji ýylda Saken bilen resmi ýagdaýda nikasyny bozaly bäri, onuň gyzy ejesiniň öýünde ýaşaýar.

— Meniň gyzym – perişde! Soňky gezek adamym iş ýerime gelip, meni ýere ýykyp, pyçak bilen ýüzüme tyg çekip başlanynda, men oňa aglap ýalbardym. Ol diňlemedi. Birden meniň gaharym joşup, gyzymyň adyny tutup çagyrdym. “Çaga barada oýlan! Ertirki gün ol ejesine seretse, oňa näme diýersiň?” diýip bagyrdym. Ol saklandy. Soňra Tiz kömege jaň edip, iş ýerinde piwo-bardaky satyjyny «näbelli biriniň urandygyny»aýtdy – diýip,Aýnagül gürrüň berýär.

SOSIAL ULGAMLARYŇ SESLENMESI

Sosial ulgamlarda Aýnagülüň ýüzi kesilen suraty peýda bolandan soňra, köpçülik – aýratynam aýallar onuň goragyna çykyp başladylar. Käbirleri bolsa öz adamsy tarapyndan süteme duçar bolýandygyny ýazdy.

Maşgala şertinde zorluga duçar bolýan aýallaryň hukuklary bilen gyzyklanýan «НеМолчиKZ»fondunyň başlygy Dina Smailowabeýle hadysa garşy jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hem kanunyň çäginde göreş alyp barmagyň zerurdygyny aýdýar.

Ol şeýle ýagdaýlar ýüze çykanda, polisiýanyň örän ýumşak çemeleşýändigini aýdýar. Hut şonuň üçinem Saken ilkinji gezek saklanandan, 72 sagat soň erkinlige goýberilipdir.

— Adamyň ýüzüne şol derejede şikes ýetenden soňra, ol ýarany aýyrmak barada asla gürrüň bolup bilmejek wagtynda, «Saglyga bilkastdan agyr şikes ýetirmek»maddasy esasynda, oňa garşy ýüzugra jenaýat işini açmaly ahyryn. Ýöne polisiýa bu işe maşgala çägindäki bolýan zorluk hökmünde garapdyr – diýip, Dina Smailowa aýdýar.

Günä bildirilýäniň aklawçysy Nurbolat Tukeýew Azatlyk Radiosynyň žurnalisti bilen gürleşmekden ýüz öwrüp, soňra ýüz tutmagy haýyş etdi. Sakeniň hossarlary “Biz adwokat bilen maslahatlaşman, hiç zat aýdyp bilmeris” diýip, žurnalistler bilen gepleşmek islemeýändigini aýtdylar.

Polisiýanyň Aktobe oblast uprawleniýesiniň metbugat-gullugy günä bildirilýäne garşy owal başda «Saglyga bilkastdan orta agyrlykdaky şikes ýetirmek»maddasy boýunça günä bildirilendigini, soňra onuň başga ýere gitmezligi barada dilhaty alnyp, azatlyga goýberilendigini mälim etdi. Diňe sosial ulgamlarda Aýnagülüň ýüzi ýaraly suraty peýda bolandan soňra, Sakeni «Saglyga bilkastdan agyr şikes ýetirmek»maddasy boýunça tussag astyna aldylar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG