Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmengalalylardan elektrik hasaplaýjy gurallaryny “Türkmenstandartlaryna” barlatmak talap edilýär


Illýustrasiýa suraty

Şu günler Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjylaryndan özleriniň elektrik energiýasyny hasaplaýjy gurallaryny “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyna barlatmak we hilini tassyklatmak talap edilýär.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Marydan habar berýän habarçysy etrap elektrik edarasynyň işgärleriniň Kemine geňeşligindäki hojalyklara aýlanyp, bu barada ýaşaýjylaryň ählisini duýdurýandygyny aýdýar.

"Adamlar atalarymyzyň, kakalarymyzyň ellerine gaz, tok hasaplaýjy gurallary alyp, “Türkmenstandartlaryna” barladyp, hilini tassykladyp ýörenlerini görmändik diýýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 22-nji aprelde gürrüň berdi.

Elektrik edaralarynyň işgärleri bu talabyň sebäbini "howpsuzlyk çäreleri" diýip düşündirmek bilen çäklenýärler. Ýöne ýerli ýaşaýjylar öz elektrik hasaplaýjy gurallarynyň geçen ýyl barlagdan geçirilendigini aýdyp, muny "adamlardan pul çöplemegiň ýene bir görnüşi" diýip atlandyrýarlar.

"Geçen ýyl her kim bergi edip, ýagny ýarty puluny berip, galan ýarysyny hem soň geçirip, “Türkmenstandartlary" gullugyndan barlagdan geçirilen hasaplaýjy gurallary satyn aldy. Häzir ýene barlagdan geçirmek üçin elektrik edarasynyň ussasyny çagyryp, hasaplaýjy guraly aýyrtmaly we soňra-da gaýtadan dakdyrmaly. Munuň her biri, şeýle-de barlagdan geçirmek üçin pul tölemeli" diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylaryň biriniň sözüni getirdi.

Onuň sözüne görä, raýatlar bu işler üçin “Türkmenstandartlary" gullugyna takmynan 200 manat we ussalar üçin 50 manat tölemeli bolýarlar.

"Adamlar aýlygyny näma ýetirjegini bilmeýärler. Işsiz adamlar hem gaty kän, çetki obalar has garyp ýaşaýar" diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosyna ýokarda aýdylanlar barada Türkmengalanyň elektrik edarasyndan we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyndan kommentariý almak başartmady. Şeýle-de, hojalyklardaky elektrik hasaplaýjy gurallaryň her näçe wagtdan barlagdan geçirilmelidigini hem anyklap bolmady.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap gaz, suw we elektrik togy tölegli edildi. Şondan soň türkmen häkimiýetleri hojalyklaryň ählisinde hasaplaýjy gurallaryň oturdylmagyna we bu hyzmatlar üçin tölegleriň öz wagtynda alynmagyna gözegçiligi güýçlendiriler.

Martyň ahyrynda Lebap welaýatynyň Kerki we Hojambaz etraplarynyň gaz hem-de elektrik edaralarynyň resmileriniň ilatyň öý hojalyk hyzmatlary üçin töleglerini aý tamamlanmanka, öňünden ýygnap başladygyny Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Elektrik hasaplaýjy gurallar bilen bagly marylylardan edilýän soňky talap, ýurtda ykdysady kynçylyklaryň fonunda indi üç ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän bankomatlarda nagt ýetmezçiliginiň we döwlet dükanlarynda azyk gytçylygynyň soňky aýlarda has-da ýitileşen mahalyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG