Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerkiniň we Hojambazyň häkimiýetleri ilatyň mart aýy üçin gaz, tok töleglerini öňünden talap edýär


Türkmenistanda elektrik edaranyň işgärleri elektrik geçiriji liniýalary bejerýärler. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Türkmenistanda elektrik edaranyň işgärleri elektrik geçiriji liniýalary bejerýärler. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Kerki we Hojambaz etraplarynyň gaz hem-de elektrik edaralarynyň resmileri ilatyň öý hojalyk hyzmatlary üçin tölegleri önünden ýygnap başladylar.

Bu waka welaýatyň bankomatlarynda nagt puluň tapdyrmaýan we raýatlaryň zähmet hem-de pensiýa haklaryny nagtlaşdyryp bilmeýän mahalyna gabat geldi.

"20-nji martdan bäri gaz we elektrik edaralarynyň, şeýle-de salgyt gullugynyň işgärleri öýme-öý aýlanýarlar. Olar mart aýy heniz doly tamamlanmadyk bolsa-da, bu aý üçin ilatdan gaz we tok töleglerini ýygnaýarlar. Olar her maşgalanyň öňki aýlarda tölän gaz we elektrik töleglerine seredip, ortaça töleg talap edýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçy 27-nji martda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, ýaşaýjylaryň ençemesi bu tölegleri 10-njy aprele çenli töläp bilýändiklerini belläp, özlerinden edilýän bu talabyň kanunçylyga ters gelýändigini düşündirmäge synanyşýarlar.

Ýöne gaz we elektrik edaralarynyň işgärleri munuň ýokardan berlen görkezmedigini aýdyp, tölegleri tölemedik maşgalalaryň hojalyk hyzmatlarynyň kesiljekdigini we işiniň suda geçiriljekdigini duýdurýarlar.

Üstesine-de, olar tölegleri nagt görnüşinde talap edýärler. Bu bolsa, welaýatyň bankomatlarynda nagt puluň köplenç tapdyrmaýan mahaly, öňem nagtsyz kösenýän ilatyň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrýar diýip, habarçy belleýär.

"Adamlaryň käbiri goňşy-golamlaryndan ýa-da dogan-garyndaşlaryndan karz alyp töleýär. Käbiri gapysyndaky goýun, geçisini satýar. Ýöne şonda-da diňe Hojambaz etrabynda elektrik togy üçin tölegleri töläp bilmeýän maşgalalaryň sany müňden geçýär" diýip, bu etrabyň elektrik edarasynda işleýän bir işgär anonimlik şertinde habarçymyza gürüň berdi.


Habarçynyň sözüne görä, gaz we elektrik edaralarynyň resmileri mart aýy üçin tölegleriň näme sebäpden öňünden alynýandygyny düşündirmeýärler. Ýöne Kerkiniň gaz edarasynyň gizlinlik şertinde maglumat beren bir işgäri munuň sebäplerini bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen düşündirýär.

"Welaýat maliýe bölümi bankomatlarda nagt ýetmezçiligini çözmek üçin gaz we elektrik edaralaryna, şeýle-de salgyt we beýleki edaralara tölegleri, jerimeleri, salgytlary gyssagly ýygnamagy tabşyrypdyr. Döwlet bu tölegleri ýygnamak arkaly bankomatlary puldan doldurmaga synanyşýar" diýip, gaz edaranyň işgäri gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary Lebap welaýat we Kerki hem-de Hojambaz etrap gaz we elektrik edaralaryna resmi derejede tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bankomatlarda nagt pul ýetmezçiliginiň dowam edýändigini, käbir raýatlaryň kartlaryndaky puly hepdeläp nagtlaşdyryp bilmeýändigini yzygiderli habar berýärler.

Türkmenistanda ilata çärýek asyrlap mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berlen gaz, suw we elektrik togy ýaly hyzmatlary 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan tölegli edildi. Şondan soň türkmen häkimiýetleri raýatlaryň bu hyzmatlar üçin tölegleri öz wagtynda ýa-da öňünden geçirmegine gözegçiligi güýçlendirdiler.

Fewral aýynda bolsa Lebabyň Farap we Saýat etrap gaz edaralarynyň resmileri öýlere aýlanyp, tölegleri bir aý gijikdiren hojalyklardan onuň 50%-i möçberde paç alynjakdygyny duýdurdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG