Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Synçy koronawirus krizisiniň post-sowet giňişlige has köp demokratiýa getirip biljekdigini aýdýar


Atlantik geňeşiň uly ylmy işgäri Anders Aslund

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Atlantiki geňeş “Atlantic Council” aň-düşünje guramasynyň uly ylmy işgäri Anders Aslund koronawirus pandemiýasyndan soň Russiýanyň başgaça boljakdygyny, nebitiň pes bahasynyň rus jemgyýetini has demokratiýa tarap iteklejekdigini aýtdy.

“Diktatorlar bular ýaly krizislerden baş alyp çykmagy agyr görýärler” diýip, Aslund 21-nji aprelde AÝ/AR-a ugradan jogap hatynda ýazdy.

Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin dünýäniň çar künjeginde hökümetler iş ýerlerine we adamlara çäklendirme girizdi, bu nebitiň bahasynyň taryhy pese gaçyşlygyna we ykdysadyýetiň haýallamagyna alyp geldi.

Baha çökgünligi Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan we Russiýa ýaly girdejileri nebit-gaz eksportyna garaşly post-sowet ýurtlarynyň pullarynyň hümmetini ýitirmegine hem-de döwlet býujetiniň ejir çekmegine alyp geldi.

“Pandemiýa birnäçe post-sowet ýurduny ymykly üýtgeder” diýip, Aslund aýdýar. Onuň pikiriçe pes nebit bahalary demokratiýany ösdürýär.

“1981-2000-nji ýyllarda nebit bahalary pesdi we Russiýa şonda belli bir derejede demokratlaşdy we has erkindi. Pes nebit bahalary Russiýada erkinlik we demokratiýa üçin täze mümkinçilikleri hödürleýär” diýip, Şwesiýada doglan we Russiýanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Ukrainanyň hökümetlerine ozal ykdysadyýet ugrundan geňeşçi bolan Aslund aýtdy.

Post-sowet ýurtlary “awtoritar kleptokratiýa we kähalatlada tertipsiz korrupsiýa öwrenişdi” diýip, ol aýdýar.

“Bularyň ikisi-de ilat üçin peýda getirmeýär, eger mümkinçilik berilse ilat demokratiýany we erkinligi saýlaýar” diýip Aslund aýtdy. Onuň pikiriçe nebitiň bahasynyň pese gaçmagy “awtoritarlaryň resurslarynyň azalmagyna” getirýär.

Koronawirus krizisine garşy göreşmekde regionlaryň liderlerine özbaşdaklyk bermek bilen rus prezidenti Wladimir Putin “tygşytlylyk çärelerine degişli jogapkärçilikden gaçmaga synanyşýan ýaly bolup görünýär, aslynda şeýle krizislerde merkezleşdirilen häkimiýet gadyrly bolýar” diýip, ol aýtdy.

Region ýolbaşçylary öz başlangyçlaryny ýerine ýetirmek üçin däl, olar “Kremliň buýruklaryna eýerip, olary berjaý etmek üçin bellenipdiler, şonuň üçin olar bu ýagdaý üçin amatly däl” diýip, Aslund ýazdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG