Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda gowaça ekişi dowam edýär, mejbury pileçilik batlanýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Türkmenistanyň dürli regionlarynda gowaça ekiş möwsümi dowam edýär hem-de ýüpek gurçugyny idetmek çäreleri bat alýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Hojambaz, Kerki hem-de Köýtendag etraplarynda gowaça ekişiniň barşy we ýüpek gurçugyny idetmek bilen bagly mejbury çäreler barada habar berýär.

“Hojambaz, Kerki we Köýtendag etraplarynda adamlaryň kärende we mellek ýerleri ölçelýär we artykmaç ýerler olaryň ellerinden alnyp gowaça ekilýär” diýip, habarçymyz Lebapdan habar berdi.

Onuň sözlerine görä, bu etraplarda häkimiýetleriň mejbury ýüpek gurçuklaryny idetmek talaplary güýçlenýän wagty, ýerli ýaşaýjylar munuň üçin zerur bolan tut agaçlarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýärler.

Türkmenistanyň resmi metbugaty ýurtda oba hojalyk ekinlerine degişli agrotehniki çäreleriň, şol sanda sürümden öň organiki we mineral dökünleri bermek; güýzlük şüdügär sürümi; ir baharda tekizleýiş; çizel işleri; mala basmak; joýa çekmek; ekiş geçirmek; ýuwuş, tagt we ösüş suwlaryny tutmak; ekini goşmaça iýmitlendirmek we otag etmek ýaly işleriň üstünlikli berjaý edilýändigini aýdýar.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan kärendeçi daýhanlar we oba hojalyk hünärmenleri ekerançylyga ideg etmekde tehnika, dökün we suw ýetmezçiliginden häli-şindi şikaýat edip gelýärler.

Galyberse-de, lebabyň kärendeçi daýhanlary bu ýyl döwlet tarapyndan ýeňillikli üpjün edilýän mineral dökünlere degişli tölegiň ýokarlanmagyndan howatyr edýärler.

22-nji aprelde habarçymyz geçen ýyllarda kärendeçi daýhanlara döwlet tarapyndan 1 tonnasy 400 manat töweregi bahadan berlen mineral dökünleriň bahasynyň bu ýyl 1,800-2000 manatdan satyljakdygyny habar berdi.

Mälim bolan resmi malgumatlara görä, Kerki etrabynda bu ýyl döwlet tabşyrygy esasynda 10,400 gektar meýdana gowaça ekip, ondan 21,300 tonna pagta hasylyny almak meýilleşdirilýär.

Şeýle-de bu ýyl tutuş Türkmenistan boýunça öndürilmeli pagtanyň möçberi öňküsinden artdyrylyp, nobatdaky döwlet plan borçnamasy 1 million 200 müň tonna çykaryldy. Geçen ýyl ýurt boýunça 550 müň gektar meýdandan 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta hasylynyň ýygnalandygy habar berildi.

Lebap welaýatynyň çäginde mejbury pileçilik barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan bir aý ozal 27-nji martda habar berdiler.

"Gowaça, bugdaý ekmekde bolşy ýaly, pileçilikde hem hiç bir meýletinlik, öz maşgala ýagdaýyňa, şertlere, soňra alyp biljek girdejiňe seretmek ýok, adamlary diňe gorkuzyp, kärende ýerini elinden aldyrjagyny aýdyp, mejbur edip işledýärler" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran kerkili kärendeçi şonda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Daýhanlar ýetişdirilen 1 kilogram piläniň döwlet satyn alyş nyrhynyň 25 manatdygyny, bu bahanyň pile üçin çekilen zähmeti ödärden has pesdigini aýdýarlar. Piläniň Türkmenistandaky döwlet satyn alyş nyrhy dollaryň resmi alyş-çalyş bahasynda 7 dollara, gara bazaryň nyrhyndan 1 dollar 25 sente barabar bolýar.

Onlaýn söwda saýtlarynda berilýän bahalardan mälim bolşuna görä, daşary ýurtlarda piläniň 1 kilogramynyň bahasy onuň Türkmenistanda döwletiň kärendeçilerden satyn alyş bahasyndan ep-esli gymmatdyr. Meselem, deňeşdirmek üçin aýdylsa, Hytaýda öndürilen piläniň 1 kilogramynyň bahasy 10 – 30 dollar aralygynda üýtgeýär, Täze Zelandiýada öndürilen piläniň 25 sanysy 10 dollar, Wýetnamda öndürilen piläniň 1 sanysy hiline görä 10 we 30 sent aralygynda üýtgeýär.

Resmi metbugata görä, Türkmenistanyň ýüpekçileri geçen ýyl ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, döwletiň dokma senagaty üçin çig malyň 2 müň 262 tonnasyndan gowragyny tabşyrdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG