Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Praganyň etrap häkimi rus agentiniň özüni 'ýok etmäge' iberilendigini aýdýar


Ondreý Kolar

Praga bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar, Hribiň goldan karary esasynda, rus ilçihanasynyň ýerleşýän meýdançasyna Orsýetiň premýer-ministriniň ozalky orunbasary Boris Nemtsowyň adynyň dakylmagy üstünde çylşyrymlaşdy.

Praganyň etrap häkimi, özüniň we ýene iki sany praga resmisiniň, şol sanda şäher häkiminiň, özlerini ýok etmek üçin çeh paýtagtyna iberilen rus agenti tarapyndan nyşana alnandyklary habar berlenden soň, polisiýanyň goragy astynda işleýändigini aýtdy.

Ondreý Kolar bu sözleri 28-nji aprelde, Çehiýanyň derňew hepdeligi "Respekt" golaýda Praga gelendigi güman edilýän rus aňtaw ofiseri hakynda makala çap edeninden soň aýtdy.

Makalada aýdylmagyna görä, gürrüňi edilýän agent Praga planlaşdyrylandygy aýdylýan kast edişde ulanyljak aldajy risin zäherini hem alyp gelipdir.

Premýer-ministr Andreý Babiş bu maglumat bilen bagly ilkinji düşündirişinde Çeh respublikasynyň "özygtyýarly döwletdigini" we "hiç bir daşary ýurt döwletiniň" öz içerki meselelerine goşulmagyna çydamlylyk görkezmejekdigini aýtdy.

"Eger-de çyn bolsa, daşary ýurt döwletiniň bu ýerde biziň raýatlarymyza garşy herekete geçmegi kabul ederlik zat däl" diýip, Babiş 28-nji aprelde, Pragada aýtdy.

Gürrüňi edilýän nyşanalaryň üçüsi hem Kremliň gaharyny getiren hereketleri, şol sanda rus ilçihanasynyň ýerleşýän meýdançasynyň adynyň üýtgedilmegini we ol ýere janyna kast edilen kremli tankytçysy Boris Nemtsowyň adynyň dakylmagyny, sowet döwrüne degişli generalyň heýkeliniň aýrylmagyny goldan ýa-da bu işlere gatnaşan resmiler bolup durýar.

Şol bir wagtda, golaýda Çeh respublikasyna garşy guralan kiber hüjümleri tapgyrynyň hem arkasynda Moskwa durandyr öýdülýär.

2018-nji ýylda Britaniýada ozalky rus içalysy Sergeý Skripaly ýokary radioaktiw izitop bilen zäherlemekde güman edilen Moskwa üç çeh raýatynyň zäherlenmek plany barada aýdylýanlary ret etdi we ony Orsýeti biabraý etmek üçin guralan "nädogry maglumat kampaniýasy" hökmünde häsiýetlendirdi.

Gizlenip ýaşaýandygyny aýdan Kolar 28-nji aprelde "Prima" TW-si bilen söhbetdeşlikde özüniň bu iş boýunça anyk detallary açyp bilmeýändigini, sebäbi muňa ygtyýar berilmändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu iş Praganyň häkimi Zdenek Hrib bilen Pragadaky başga bir etrabyň häkimi Pawel Nowotnä hem degişli bolup durýar.

"Men diňe özümiň polisiýa goragynda ýaşaýandygymy aýdyp biljek. Bu anyk faktlar esasynda berlen anyk buýruk we ol faktlar bu ýere bir rusyň meni ýok etmek tabşyrygy bilen gelmeginden ybarat. Diňe meni hem däl, eýsem ol jenap Hrib bilen jenap Nowotnini hem ýok etmek tabşyrygy bilen gelipdir" diýip, ol aýtdy.

"Respekt" hepdeligi 26-nji aprelde çap eden makalasynda howpsuzlyk çeşmesiniň aýdan sözlerine salgylanyp, rus aňtaw agentiniň içinde risin zäheri ýerleşdirilen diplomatly, diplomat pasportyny ulanyp, 3 ýarym hepde çemesi öň uçup gelendigini habar berdi.

Çehiýanyň daşary işler ministri Tomas Petriçek, aýdylmagyna görä, Çehiýadaky rus ilçisi Aleksandr Zmeýewskä, eger-de bu üç çeh resmisine bir zat bolsa, degişli çäräniň görüljekdigini duýdurypdyr.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 27-nji aprelde "Respekt" hepdeliginiň çap eden makalasynyň "gep-gybata meňzeýändigini" aýtdy.

Pragadaky rus ilçihanasy bu habary bada-bat "düýpden heňe gelmeýän galp şyltak" hökmünde ret etdi we ony "Orsýete we onuň Pragadaky ilçihanasyna garşy dowam edýän esassyz hüjüm" diýip atlandyrdy.

Kolar 3-nji aprelde marşal Iwan Konewiň, Gyzyl goşunyň II Jahan urşy döwründe nemes goşunlarynyň köp bölegini Çehoslowakiýanyň topraklaryndan kowup çykarmagyna gatnaşan bölümlerine ýolbaşçylyk eden harbynyň öz etrabynda dikilen heýkelini aýyrdy. Moskwa bu heýkeliň garma-garşylykly aýrylyşyny masgaralamak we taryhy täzeden ýazmak synanyşygy diýip atlandyrdy.

Praga bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar, Hribiň goldan karary esasynda, rus ilçihanasynyň ýerleşýän meýdançasyna Orsýetiň premýer-ministriniň ozalky orunbasary Boris Nemtsowyň adynyň dakylmagy üstünde çylşyrymlaşdy.

Praga resmileri iki aý mundan öň Pragadaky rus ilçihanasynyň öňündäki ýaşyl meýdança Orsýetiň premýer-ministriniň öňki orunbasary Boris Nemtsowyň adyny dakdylar. Ol 2015-nji ýylyň fewral aýynda Kremliň diwarlaryndan birnäçe metr uzaklykda öldürildi. Nemtsow janyna kast edilmezinden öň rus prezidenti Wladimir Putini aç-açan tankyt edýardi.

Hirb şu hepdäniň başynda "Eho Moskwy" radiosy bilen söhbetdeşlikde, "Janyma howp abanmak töwekgelligi bolsa-da, maňa öz ynanjyma eýermek örän möhüm bolup durýar" diýdi.

Nowotni bolsa, II Jahan urşy döwründäki gapma-garşylykly Wlasow diwiziýasynyň hatyrasyna ýadygärlik gurmak teklibi bilen Moskwanyň gaharyny getirdi. Wlasowyň ýolbaşçylygynda nemesleriň tarapyna geçen sowet esgerleri urşuň soňky günlerinde nemeslere garşy durup, Pragany azat etmäge gatnaşypdy.

Nowotni 28-nji aprelde AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde özüniň polisiýa goragy astynda galýandygyny, şol bir wagtda özüniň bu iş boýunça gürrüň hem etmeli däldigini aýtdy.

Ol risin zäherlenmesi baradaky plana ynanyp-ynanmaýandygy soralanda, oňa şübhesiniň ýokdugyny aýtdy.

"Orsýetliler munuň ýaly işe ukyplymy?" diýen soraga bolsa, "gürrüňsziz" diýip jogap berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG