Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysady basyş güýçlendigiçe koronawirus çäklendirmelerini tapgyrlaýyn gowşatmak ýaýbaňlanýar


Koronawirus keseli döwründe adamsyz galan köçäniň aýagyndan görünýän Azatlyk heýkeli. Jersiý şäheri, Nýu-Ýork.

Çäklendirmeleri ýatyrmak boýunça basyş güýçlenýän wagty, ABŞ ştatlarynyň ýarysyna golaýy, koronawirus pandemiýasy bilen ýapylan restoranlarda, dükanlarda we beýleki kärhanalarda çäklendirmeleri ýeňilleşdirmek üçin öz strategiýalaryny meýilleşdirýär.

Täze maglumatlarda Uly çökgünlik döwründen bäri işsizligiň iň ýokary derejesini görkezýän sanlaryň çap edilmegi bilen, saglyk hünärmenleri aşa çalt hereket etmegiň wirusyň gaýtadan döremek töwekgelçiligini döredýändigini duýdursalar-da, köp sanly ştatyň gubernatorlary özleriniň çäklendirmeleri gowşatmak çärelerini görmelidiklerini aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň esasan günortasynda we merkezinde ýerleşýän 20-den gowrak ştat çäklendirmeleri gowşatdy. Ýöne kärhanalardan hökmany suratda işe başlamak talap edilmeýär we näçe adamyň dükanlara we restoranlara gaýdyp barýandygy mälim däl.

Hytaýda Pekiniň seýilgähleri we muzeýleri, şol sanda gadymy Gadagan şäher, koronawirus pandemiýasy sebäpli birnäçe aýlap ýapylandan soň, 1-nji maýda täzeden köpçülige açyldy.

Hytaý imperatorlarynyň mesgeni bolan Gadagan şäher adaty ýagdaýlarda 80 müň zyýaratçy kabul edýän bolsa, häzirki wagtda bary-ýogy 5 müň myhmana rugsat berilýär. Seýilgählere olaryň adaty kuwwatyndan 30 prosent az adam kabul edilýär.

1-nji maý dynç alşynyň öňýany, Bütindünýä Saglyk Guramasy yklymyň köp ýurdy çäklendirmeleri gowşatmaga girişýän-de bolsa, Ýewropanyň koronawirusyň “täsirinde galýandygyny” aýtdy.

Çäklendirme çärelerini girizen BSG Ýewropa sebitiniň 44 ýurdundan 21 döwlet çäklendirmeleri eýýäm ýeňilleşdirip başlady we ýene 11 ýurt öňümizdäki günlerde şeýle etmegi meýilleşdirýär.

ABŞ-nyň käbir ştatlary hem ilki bilen seýilgähleri we plýažlary açyp başlady, ýöne adamlardan uly toparlara ýygnanmazlyk we öz aralaryndan 2 metr aradaşlygy saklamak görkezmelerini berjaý etmek talap edilýär.

ABŞ-da keseliň merkezi hasaplanan Nýu-Ýorkda we beýleki ştatlarda ýokanja ýolugan adamlaryň sany barmaly iň ýokary derejesine baryp ýetene çalym edýän-de bolsa, ýurduň köp ýerine koronawirus hassalarynyň sany heniz hem köpelýär.

ABŞ-da koronawirus keselinden ölen 63 müň adamyň üçden bir bölegi Nýu-Ýorkda aradan çykdy.

Iş ýerleriniň ýapylmagy sebäpli ýüze çykan ykdysady agram 30-njy aprelde ýaýradylan maglumatda has aýdyň duýulýar. Maglumata görä, 21-nji martdan bäri 30 million amerikaly işsizlik boýunça kömek sorap ýüz tutupdyr we munuň bilen ýurtda işsizligiň derejesi 18 prosente ýetdi.

Maglumat Waşingtonda ýaýradylandan soň ýüzlerçe demonstrant ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň paýtagtynda öýde bolmak baradaky buýruklaryň ýatyrylmagyny talap etdi. Bu, soňky hepdelerde ABŞ-nyň döwlet paýtagtlarynda bolup geçen wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak çärelerine garşy geçirilen birnäçe nägilelikleriň biri boldy.

Emma oňa garşy sanjymlaryň we bejergileriň ýoklugy sebäpli, mekdepleri, kärhanalary, ybadathanalary we restoranlary ýapmak COVID-19 ýokanç dem alyş wirusyna garşy iň esasy ýarag bolmagynda galýar.

ABŞ hökümeti diňe barlag, yzarlama we bejeriş düzgünleri ýaly berk ätiýaçlyk çärelerini berjaý etmek arkaly çäklendirmeleri tapgyrlaýyn açmagy maslahat berip, ştatlara görkezme berdi. Lukmançylyk hünärmenleri bu şertleriň köp ştatda berjaý edilmeýändigini duýdurýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG