Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prokurorlary türkmenistanlylaryň ýasama arakdan zäherlenip ölmegi bilen bagly Stambula sapar etdiler


Stambulyň Saryýer etrabyndaky Kilýos Musewi gonamçylygynda jaýlanan türkmen zähmet migrantynyň mazary. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň suraty

Türkiýede türkmen raýatlarynyň ýasama arakdan zäherlenip ölmegi bilen bagly, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň dört işgäri Stambul şäherine sapar etdi. Olar bu waka bilen bagly tussag edilen türkmen raýatlaryny Türkmenistana ekstradisiýa etmäge we betbagtçylyk bilen bagly sosial mediada aktiwleşen türkmenistanlylar hakda maglumat ýygnamaga synanyşdylar diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly ynamdar çeşmesi habar berýär. Bu aralykda, türk metbugaty bikanun spirtli içgileri satmakda Türkmenistanyň iki raýatynyň tussag edilendigini aýdýar.

Ýatlatsak, mart aýynyň ikinji ýarymynda Stambulda koronawirusdan goranmak üçin ýasama arak içip, 50-den gowrak türkmenistanly zäherlenip öldi.

"Prokuraturanyň işgärleri Türkiýede Türkmenistanyň 58 raýatynyň arakdan zäherlenip ölmegi bilen bagly Stambula gitdiler. Görnüşine görä, olar geçen hepdäniň ikinji ýarymynda uçupdyrlar. Olaryň kimiň inisiatiwasy bilen syýahat edendigi entek belli däl" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan çeşme 4-nji maýda gürrüň berdi.

Çeşmäniň sözüne görä, olar bu saparyň dowamynda esasy ünsi wakany derňemäge däl-de, betbagtçylyk bilen bagly sosial mediada dürli garaýyşlary çap edýän türkmenistanlylar barada maglumat ýygnamaga gönükdirdiler.

"Şeýle-de, raýatlarymyzyň zäherlenip ölmegine getiren ýasama arak işi bilen bagly türkmenistanlylar hem tussag edilipdir. Biziň tarapymyz olaryň ýurda ekstradisiýa edilmegini isleýär. Ýöne saparyň netijelerine görä, bu başa barmana meňzeýär. Sebäbi dört prokuror hiç zatsyz yzyna geldi" diýip, çeşme belledi.

Aýdylmagyna görä, olar 1-nji maý gijesi, sagat 2 töweregi ýörite uçar gatnawy bilen ýurda dolandylar. Uçar Türkmenabat şäheriniň aeroportuna gondy we dört prokuror, şeýle-de "Ilyushin Il-76" uçarynyň ekipaž agzalary dessine karantin astyna alyndy. Häzirki wagt Lebap welaýatyndaky karantin zonasynda olardan başga-da, Özbegistandan dolanan birnäçe ýük ulag sürüjisi saklanýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlary degişli türkmen häkimiýetlerine, şol sanda Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna we Türkmenabadyň aeroportunyň resmilerine resmi derejede tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmedi.

Bu aralykda, türkmen prokurorlarynyň Stambula sapar edendigi aýdylýan günlerde, has takygy 30-njy aprelde Türkiýäniň "Hürriyet" neşiri Stambulyň Esenýurt etrabynda bikanun spirtli içgi satmakda Türkmenistanyň iki raýatynyň tussag edilendigini habar berdi.

"Polisiýa işgärleri rugsatnamasyz içgi satýan, öň hem möhürlenen iş ýeriň açykdygyny gördüler. Olar möhrüň bozulyp açylandygyny anykladylar. Iş ýeriniň eýeleri we Türkiýede ýaşamaga ygtyýarnamalarynyň möhleti tamamlanan Türkmenistanyň iki raýaty polisiýa bölümine äkidildi" diýlip, neşiriň 30-njy aprelde çap eden habarynda aýdylýar.

Habarda bu ýerde spirtli içgi içen başga-da ýedi adamyň her birine 3150 türk lirasy, ýagny ortaça 448 amerikan dollary möçberinde pul jerimesiniň salynandygy hem bellenilýär.

"Şondan soň bu iş ýeriniň gapysy gaýtadan möhürlendi" diýlip, habarda aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna bu waka bilen türkmen häkimiýetleriniň Türkiýä eden saparynyň arasynda arabaglanyşygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak başartmady.

Martyň ortalarynda Stambulda koronawirusdan goranmak üçin ýasama arak içip, onlarça türkmenistanlynyň zäherlenip ölendigi we başga-da 30-dan gowrak adamyň keselhana ýerleşdirilendigi, olaryň aglabasynyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy habar berlipdi.

Soňky maglumatlara görä, ýasama arakdan zäherlenip ölen türkmenistanlylaryň sany 50-den geçdi.

Türk metbugatynyň maglumatlaryna görä, bu waka bilen baglylykda bäş adam "bilkastdan adam öldürmek ähtimallygynda" aýyplanýar.

Bu habarlaryň fonunda sosial ulgamlarda türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň zäherli arakdan ölen türkmenleriň ýas çärelerine gözegçilik edýändigi hakynda maglumat peýda boldy.

27-nji martda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri ýas çäreleriniň guralýan öýleriniň ýanyna “Toyota Camry” ýa-da “Toyota Corolla” markaly awtoulaglaryň gelip durýandygyny we olaryň içinde oturan adamlaryň bolýan zatlara gözegçilik edýändigini habar beripdi.

Türkmenistanyň resmileri we habar serişdeleri onlarça türkmen raýatynyň Türkiýede heläk bolandygy barada häzire çenli kelam agyz söz aýtman gelýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG