Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda maşgala zorlugyna duçar bolanlar üçin, gysga wagtlyk krizis merkezi açyldy


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Gyrgyzystanda COVID-19 güýjeýän wagtynda aýallary we gyzlary maşgaladaky zorlukdan goramak üçin, BMG hem-de Ýewropa bileleşiginiň «Ýagtylyk şöhlesi» inisiatiwasy 200 müň dollar bermegi karar etdi.

Mundan öň Gyrgyzystanyň resmi organlary karantin wagtynda maşgaladaky zorlugyň öňküsinden 65% çenli ösendigini mälim edipdi. Gyrgyzystanda adatdan daşary ýagdaý girizilenden soň, ýurtdaky ähli krizis merkezleri maşgala zorlugyna duçar bolanlary kabul etmek işini durzup, onlaýn-iş usulyna geçipdi. Ýöne häzirki wagtda her bir regionda «gyzgyn liniýa»öz işini dowam etdirýär.

Krizis merkezi toparynyň ýolbaşçysy Tolkun Tilekowanyňaýtmagyna görä, häzirki wagtda maşgaladaky zorlugyň artmagy netijesinde, heläkçilige duçar bolanlary öz wagtynda howpsyz ýerde ýerleşdirmek örän möhüm mesele bolup durýar.

Tolkun Tilekowa
Tolkun Tilekowa

– Onlaýn-kömek arkaly biz kime nähili kömegiň gerekdigini ýüzugra bilýäris. Eger psihologiki ýardam gerek bolsa, onda telefon arkaly gepleşýäris-de, oňa gerekli maslahatlary hem näme etmelidigini aýdýarys. Ýöne aýaly öýünden çykaryp, biz ony nirede ýerleşdirmeli? Bizde hut häzir şeýle mesele döredi. Iki çagasy bolan Bişkegiň bir ýaşaýjysy adamsy urup-ýenjenden soň keselhana düşüpdir. Bu ýagdaýda biz ony nädip ýene öýüne ugradyp bileris? Şoňa görä-de, heläkçilige uçranlary saklar ýaly, howpsuz gorag öýüni döretmek zerurlygy ýüze çykýar. Beýle ýerde diňe bir psihologlaryň däl, sosial işgärleriň hem goldawy gerek. Bize ýüz tutýan aýallaryň köpüsinde şahsyýetini subut edýän dokumenti, çagalarynyň dogluş hakyndaky şahadatnamalary ýok. Sorap düşünişsek, dükandan azyk önümlerini alandygyny üçin, pasportyny girewine goýupdyr. Zorluga duçar bolanyň kimligini hasaba almak hem maglumat ýöretmek üçin, sosial işgärleriň ol dokumentleri gaýtadan yzyna almagy gerek – diýip, Tolkun Tilekowa aýdýar.

Adatdan daşary ýagdaýyň dowam edýän wagtynda, Bişkek şäherinde maşgaladaky zorlugyň derejesi 62% ýokarlanypdyr. Tutuş Gyrgyzystan boýunça maşgala çägindäki rehimsizlik 35% artypdyr.

Şol wagtyň özünde, BMG we Ýewropa bileleşiginiň «Ýagtylyk şöhlesi»inisiatiwasy (Spotlight Initiative)gysga möhletli krizis merkezini döretmek üçin, 200 müň dollar goýberdi. Bu ýardam häzirki fiziki gabawyň dowam edýän wagtynda, ykdysady hem sosial gysyşlaryň artýan pursadynda, süteme duçar bolan ýa-da zorluk howpy abanan aýallara ýardam üçin gönükdirilýär.

BMG-niň Gyrgyzystandaky Ilat köpçüligi fondunyň direktory Azamat Baýalinowbu ýagdaý barada şeýle diýýär.

Azamat Baýalinow
Azamat Baýalinow

– Bu aşa gyssagly hem möhüm, hökümetler bilen bilelikde, halkara partnýorlary, graždan jemgyýetçiligi, köpçülikleýin habar serişdeleri, COVID-19pandemiýasy döwründe aýallara garşy ulanylýan zorlugyň artmagy meselesinde, biziň her birimiz bu meseläni çözmäge gatnaşmalydyrys. Häzirki agyr döwürde Gyrgyzystanda jynsy zorluga duçar edilýän maşgaladaky zorlugyň artýandygyny görýäris. Şonuň üçinem bu meseläni çözmekde, «Ýagtylyk şöhlesi»inisiatiwasyny özleşdirmeli bolarys – diýip, ol aýdýar.

Gyrgyzystan respublikasynyň Zähmet we sosial ösüş ministrliginiň maglumatyna görä, häzirki günde 14 sany döwlet krizis merkezinde 22 aýal hem 25 çaga bar.

Zähmet we sosial ösüş ministrliginiň orunbasary Aliza Soltonbekowanyň aýtmagyna görä, «Ýagtylyk şöhlesi»inisiatiwasy proýektiniň ýola goýlaly bäri zorluga duçar bolan 10 çemesi aýal howpsuz ýerde ýerleşdirilipdir.

Aliza Soltonbekowa
Aliza Soltonbekowa

– «Howpsyz ýer»diýlende, onuň nämedigini biz takyk aýdyp bilmeris. Sebäbi howpsuz bolmagy üçin, onuň nirededigini hiç kim bilmeli däl, kimdir biriniň ol jaýy gözlemegi mümkin. Ol ýere çagalary bilen ýedi aýaly ýerleşdirmek göz öňünde tutuldy. Bu iş dowam edýär. Biziň olara berýän kömegimiz şundan ybarat; owaly bilen 111 ýa-da 112 liniýadan habar gelip gowuşýar. Bu jaňlara jogap berýän bilermenler ýagdaýyň nä derejededigini anyklap, bize habar edýärler hem onuň adresini aýdýarlar. Biziň toparymyz ol ýere baryp, jebir çekeni alyp çykýar. Soňra hökmany suratda ol COVID-19analizinden geçirilýär. Şondan soň biz ony öňden taýýar edilen ýerde ýerleşdirýäris. Jebir çeken bilen psihologlar, ýuristler hem sosial işgärler işleşýär – diýip, resmi wezipeli Aliza Soltonbekowa aýdýar.

Ministrligiň maglumatyna görä, krizis merkezi regionlaryň ählisinde döredilipdir. Häzire çenli ol ýardam edaralardan diňe Bişkek şäherindäki merkez hasaba alnypdyr.

COVID-19pandemiýasynyň emele gelmegi bilen dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly maşgalada ýüze çykýan zorlugyň derejesi ýokarlandy. Bilermenleriň sözüne görä, adamlar öňki adaty durmuş şertlerinden mahrum bolup, öý şertlerinde galanlaryndan şoň, gahar-gazabyny köplenç öz ýakynyndan çykarýarlar.

Resmi maglumata görä, Gyrgyzystanda geçen 2019-njy ýylda maşgala şertlerinde dörän zorluklaryň 5 müňden gowragy hasaba alnypdyr, şonçarak derejede hem gorag orderi berlipdir. Olardan diňe 580 hadysa boýunça jenaýat işi açylypdyr.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG