Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat 1941-1945-de gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyny harby ýöriş bilen belleýär


Aşgabatda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan hatyrasyna dikilen ýadygärlik. Arhiw suraty

Türkmenistan 9-njy maýda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyny giňden belleýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýeňiş güni mynasybetli çap eden gutlarynda 1418 güne çeken uruşda millionlarça adamyň “faşizmiň rehimsiz syýasatynyň pidasy bolandygy” bellenilýär.

Şeýle-de gutlagda tylda galan adamlaryň “fronta zerur bolan önümleri, egin-eşik we azyk iberip, Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny tabşyrandygy” aýdylýar.

Türkmenistanda bu gün Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň öňünde dabaraly harby ýöriş geçirmek, agşamlyk bolsa baýramçylyk salýutyny atmak bilen bellenilýär.

Türkmen mediasy ýurtda weteranlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, olaryň saglyklaryny berkitmäge uly üns berilýändigini habar berýär.

Şeýle-de, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar, olaryň ýanýoldaşlary we tylda zähmet çeken weteranlar Ýeňşiň 75 ýyllygyna ýubileý medaly bilen sylaglandy, olara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy diýip, habarlarda aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, Azatlygyň çeşmeleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň barha sany azalýan uruş weteranlaryny, tylda zähmet çekenleri hem sylap goýmaýandygyny, olaryň köpüsiniň öz alýan ujypsyz möçberdäki pensiýalaryny, kömek pullaryny hem mätäçlikde ýaşaýan maşgala agzalary bilen paýlaşmaly bolýandygyny habar berýärler.

Şol bir wagtda, öňki sowet giňişligindäki başga ýurtlar bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllarda bolan uruş, oňa getiren sebäpler, bu uruşda we adam heläkçiliginde sowet ýolbaşçylarynyň gerdenine düşýän jogapkärçilikler barada täze işler, taryhy maglumatlar, çeper eserler, hatda täzeçe ýazylan makalalar hem çap edilmeýär diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG