Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" owgan harbylaryna hüjüm edip alty adamy öldürdi, parahat ylalaşygy howp astynda


Owgan hökümeti "Talybanyň" 102 sany agzasyny ýesir çalyşygy ylalaşygynyň esasynda boşatdy, 5-nji maý, 2020
Owgan hökümeti "Talybanyň" 102 sany agzasyny ýesir çalyşygy ylalaşygynyň esasynda boşatdy, 5-nji maý, 2020

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, "Talybanyň" goşunyň barlag nokadyna eden hüjüminde alty esger wepat bolupdyr we bäşisi ýaralanypdyr.

Gündogar Laghman welaýatynda bolan bu zorluk urşa batan ýurda parahatçylyk getirmek boýunça ylalaşygy howp astyna salýar.

Goranmak ministrligi 11-nji maýda eden beýanatynda hökümet güýçleriniň hüjümçilere gaýtargy berendigini aýdyp, "Talybanyň" hem ýitgi çekendigini belledi, emma belli san bermedi.

"Talyban" hereketi 10-njy maýda bolan bu hüjüme özüniň jogapkärdigini aýtdy.

11-nji maýda Kabulda bolan aýra-başga hüjümleriň birinde bomba hapa taşlanýan gapyrjaga goýuldy, ýene üç bomba ýoluň gyrasynda ýerleşdirilip, dört adamy, şol sanda bir çagany ýaralady.

Kabulyň Tahia Maskan böleginde bolan hüjüm Milli howpsuzlyk müdirliginiň awtoulagyna gönükdirildi

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad geçen hepdede Katarda "Talybanyň" wekilleri bilen duşuşygynda ok atyşygy soňlamagyň zerurlygyny nygtady.

XS
SM
MD
LG