Özbegistanyň öňki merhum prezidentiniň agtygy, kiçi- Islam Kerimow özüniň Instagram sahypasynda we onuň aýal dogany Iman Facebook sahypasynda, ýurduň häzirki prezidenti Şawkat Mirziýaýewe ýüzlenip, Özbegistanda ejesinden galan aktiwleriň alynmagynyň sanawyny çap etdiler.
Özbegistanyň ilkinji prezidentiniň gyzynyň eýeçiliginden döwletiň haýryna geçirilen aktiwleriniň arasynda «Uzbekiston poçtasi» («Özbegistanyň poçtasy»), Perfectum Mobile, ýagny öýjükli operatory, paýtagt Daşkendiň iň gowy ýerlerinde 98 kwartira we beýlekiler bar.
Gülnaranyň oglunyň sanawyna görä, MDS medisina merkezi hem onuň keselhana bölüminiň iki bölegi, Daşkent aeroportunda duty free söwda nokatlary, ýokary hilli önümleri satýan Levi’s, Mango, Benetton söwda ulgamlary we dünýä harydyna degişli merkezler, 5 restoran, 4 kinoteatr, iki sport zallary hem-de spa-klub, 20-den gowrak gurluşyk meýdançasy, paýtagtda 20-den artygrak söwda meýdançalary, rieltor – gozganmaýan baýlygy satýan kompaniýalar, maldarçylyk fermalary bilen oba hojalyk mülkleri bar.
«Biziň Coca-Cola zawodymyz hem Siziň giýewiňiziň garamagyna geçdi»
Öz ýüzlenmesinde kiçi-Islam Kerimowyň tassyklamagyna görä, suduň karary bolmazdan, onuň ejesine degişli beýleki birnäçe aktiwler hem prezident Şawkat Mirziýaýewiň giýewiniň haýryna geçirilipdir.
«Öň biziň daçamyz babamyza degişli bolan şahsy uçastkadan - berlen ýerden gurlupdy. Ol hiç bir dokumentsiz alyndy hem Siziň giýewiňiziň garamagyna geçirildi, bu barada Internetde gürrüň edilipdi» diýip, Gülnaranyň ogly prezident Mirziýaýewe ýüzlenmesinde ýazýar.
Kiçi-Islam Kerimowyň aýtmagyna görä, Özbegistandaky Coca-Cola zawody hem häzirki döwlet ýolbaşçysynyň ady agzalmaýan giýewiniň ýolbaşçylygyna geçirilipdir.
«Biziň atamyz M. Maksudiniň sözüne görä, Özbegistandaky biziň maşgalamyza degişli bolan, ABŞ-yň ýüz millionlarça dollaryna durýan Coca-Cola zawody Siziň giýewiňiziň garamagynda» diýip, kiçi-Islam Kerimow ýazýar.
Özbegistanyň prezidentine ýüzlenmesinde Gülnara Kerimowanyň ogly ejesine degişli bolan gozganmaýan emläkleriň, gymmat bahaly kagyzlaryň hem beýleki baýlygyň döwletiň haýryna geçirilendigine şübhe bildirýär.
«Biziň daçaňyz hem Coca-Cola we beýleki aktiwler kanuna laýyklykda açyk söwdada goýlupdyr diýip, biz eşitmedik» diýip, kiçi-Islam Kerimow ýazýar.
Özbegistanyň öňki merhum prezidentiniň agtygy häzirki döwlet ýolbaşçysynyň maşgalasynyň öz ejesi Gülnara Kerimowa bilen ýakyn gatnaşykda bolandygyny tassyklaýar.
«Hormatly Şawkat Miromonowiç! Biz çaga hökmünde sizi ýaşlykdan tanaýarys, siziň çagalaryňyz hem biziň doglan günümizi belleýän baýramçylyklarymyza we beýleki ähli çärelere, ýagny style.uz we biziň ejemiz tarapyndan gurnalýan beýleki çärelere mydama gatnaşýardylar, siz hem el çarpyp, ony gutlaýardyňyz» diýip, kiçi-Islam Kerimow prezident Şawkat Mirziýaýewe ýüzlenmesinde ýazýar.
Gülnara Kerimowanyň oglunyň getirýän sanawynda uly söwda merkezi bolan «Корзинка» kompaniýasynyň, şeýle-de Gabus, Paynet и UCell brendlerine aksiýalar görkezilýär.
Kiçi-Islam Kerimowyň tassyklamagyna görä, onuň ejesine döwlete 1,2 mlrd. $ gaýtaryp bermeli diýlende, hut şol aktiwler göz öňünde tutulypdyr. Emma Kerimowanyň oglunyň aýtmagyna görä, Özbegistanyň Maliýe ministrligi hut şol faktlary hasaba almandyr.
«Ol baýlygyň ählisi häzir döwletiň garamagynda däl-de, başga eýeleriň elinde dolandyrylýar» diýip, kiçi-Islam Kerimow prezident Şawkat Mirziýaýewe ýüzlenmesinde ýazypdyr.
Jenaýat işi
Özbegistanyň öňki prezidentiniň 48 ýaşly uly gyzy Gülnara Kerimowa jenaýatçylykly toparlary döretmekde, zor bilen kesekiniň emlägini öz haýryna geçirmekde, ogurlyk ýoly bilen baýamakda, jenaýat işlerinden gelen galp baýlygy kanunlaşdyrmakda we beýlekilerde özbek sudy tarapyndan günäli tapyldy.
Özbegistanyň Baş prokuraturasy jenaýat barlag işlerinde Gülnara Kerimowa galp pullary ‘ýuwmakda’ günä bildirilip, onuň daşary ýurtlardaky ähli baýlygynyň hökman ýurda getirilmegini talap etdi.
Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň maglumatyna görä, Gülnara Kerimowanyň döwletiň bähbidine ýetiren umumy zyýany 1 trln. 270 mlrd. sum; ýagny ABŞ-yň 1 mlrd. 651,8 mln. dollaryna ýa-da 26,1 mln. ewro mukdaryna deň.
Häzirki wagtda Gülnara Kerimowa Daşkent welaýatynyň Zangiata raýonyndaky aýallar koloniýasynda türme möhletini geçýär.
Kerimowanyň ady daşary ýurtlarda gozgalan ondan gowrak belli jenaýat işinde geçýär. Şol jenaýat işleriň çäginde ABŞ, Şweýsariýa, Şwesiýa, Gollandiýa, Fransiýa hem käbir Baltika ýaka döwletleri onuň gymmat bahaly gozganmaýan baýlyklaryny hem-de bank hasaplarynda durýan ýüzlerçe million dollaryny doňdurdy.
Häzir Gülnara Kerimowanyň doňdurylan gozganmaýan baýlygyny hem pullaryny birnäçe döwlet öz haýyryna geçirmek üçin iş alyp barýar.
Soňky üç ýylyň dowamynda Şawkat Mirziýaýewiň hökümeti ol baýlyklaryň Özbegistanyň halkyndan ogurlanyp alnandygyny öňe sürüp, ony ýurda getirmek ugrunda iş alyp barsalar-da, häzirki güne çenli Daşkende diňe Gülnara Kerimowanyň doňdurylan pulundan az möçberini gaýtarmak başartdy.
Hususan-da, 2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Şweýsariýa Özbegistana diňe 130 million şweýsar frankyny (133 million dollar) gaýtarjakdygyny aýtdy. Ol pul öňki prezident Islam Kerimowyň uly gyzynyň işi barlananda, onuň dürli banklarda goýan 850 million dollarlyk doňdurylan pulundan bir bölek bolmaly.
Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.