Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harkowda iki türkmen talyby pyçaklaşdy


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Ukrain metbugatynyň Harkow oblast polisiýasyna salgylanyp habar bermegine görä, iki ýigit gabanjaňlyk sebäpli pyçaklaşdylar.

Ukrainanyň Harkow şäherinde bir türkmenistanly student beýleki bir türkmenistanly studenti pyçaklady. Bu barada Objectiv.tv ukrain neşiri habar berýär.

Waka 11-nji maýda gije ýokary okuw jaýynyň umumy ýaşaýyş jaýynda bolupdyr. Pyçaklanan türkmenistanly döşünden we egninden ýaralanypdyr we ol gyssagly lukmançylyk kömegi üçin Harkowyň şäher hassahanasyna ýatyryldy.

Öz watandaşyna pyçakly hüjüm eden türkmenistanly student bolsa tussag edildi hem-de oňa jenaýat kodeksiniň “bilkastlaýyn adam öldürmäge synanyşmak” maddasy boýunça günä bildirilýär.

Neşiriň Harkow oblast polisiýasyna salgylanyp habar bermegine görä, iki ýigit gabanjaňlyk sebäpli pyçaklaşdylar.

Olaryň okaýan ýokary okuw jaýlary barada maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG