Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda ilat arasynda kelle bitleri ýaýraýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki orta mekdeplerde geçirilen medisina barlaglarynda okuwçylaryň ençemesiniň kellesini bit basandygy anyklandy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçysy şu günler bularyň diňe mekdep okuwçylarynyň däl, eýsem uly ýaşly adamlaryň arasynda hem giňden ýaýrandygyny aýdýar.

“Mekdeplerde medisina barlagy geçirilenden soň, okuwçylaryň ençemesinde bitiň we sirkäniň bardygy anyklanypdyr. Ýöne bu maglumat ýapyklygyna galdy we hiç hili çäre görülmedi. Pedikulýoz barada synp ýolbaşçylary diňe bitleri we sirkeleri bolan çagalaryň ene-atalaryna aýtdylar” diýip, gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 21-nji maýda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda bu barlaglaryň paýtagtyň haýsy mekdeplerinde geçirilendigi we gürrüňi edilýän ene-atalar barada anyk maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Aýdylmagyna görä, bu mekdeplerde bitleriň we sirkeleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen hiç hili profilaktika çäreleri geçirilmedi. Bu bolsa, bitleriň we sirkeleriň beýleki çagalara hem ýokuşmagyna getirdi.

“Men mekdepden bit getiren birnäçe adamy hut özüm tanaýaryn. Entegem ene-atalar muny derrew görüp, oňa garşy çäre gördüler. Bu mesele barada gürrüň gozgalmaýar. Ene-atalar biri-birini habarly edip, meseläniň öňüni almaga synanyşýarlar” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözüne görä, şu günler bitleriň we sirkeleriň paýtagtyň uly ýaşly adamlarynyň arasynda hem giňden ýaýrandygyny görse bolýar.

“Häzir Aşgabatda pedikulýoz, ýagny bitlilik epidemiýasy dowam edýär diýsek hem bolar. Bular bir adamdan beýleki bir adama köplenç jemgyýetçilik transportlarynda, şol sanda awtobuslarda geçýär. Adamlaryň kellesindäki bitler başga bir adamyň kellesine, egnine ýa-da goşlarynyň üstüne bökýär. Şeýle ýagdaýa duş gelen azyndan üç adamy tanaýaryn. Olar bu ýagdaýy görüp, şok bolupdyrlar” diýip, habarçy aýtdy.

Adamlaryň bitlemegine nämäniň sebäp bolýandygy, olaryň köpelmeginiň öňüni almak we ýok etmek üçin nähili çäreleriň görülmelidigi, şeýle-de zyýanly taraplary barada mekdep ýolbaşçylary we saglyk işgärleri tarapyndan aç-açan düşündiriş işleriniň geçirilmeýändigi aýdylýar.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ýurtda howanyň temperaturasynyň gyzyp başlamagy bilen, yssy howanyň aýal-gyzlaryň we erkekleriň tahýalarynyň hem-de öýmeleriniň aşagynda has-da köpelmegine getirýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosyna bu maglumaty bu ugurdan bilermen saglyk işgärlerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Ýokarda aýdylanlar barada Aşgabat şäher häkimliginden, saglyk bölüminden we mekdeplerden kommentariý hem alyp bolmady.

Saglyk.org websýatynda çap edilen maglumata görä, bitleriň kelle, köýnek we gasyk görnüşleri bar. Kelle we köýnek bitleri adamdan adama eşikler, ýorgan-düşek, daraklar we başga öý goşlary arkaly geçip bilýär.

Maglumatda pedikulýozyň öňüni almakda hususy we jemgyýetçilik arassaçylyk çärelerine üns bermegiň möhüm orny eýeleýändigi hem bellenilýär. Bedeniňi kadaly, ýagny hepdede azyndan iki gezek ýuwmak, eşikleri we ýorgan-düşek daşlary çalşyp durmak bu çäreleriň käbiridir.

Aşgabatda ilat arasynda bitiň ýaýrandygy barada ilkinji gezek habar berilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi mekdep okuwçylarynyň ýa-da uly ýaşly adamlaryň bitlemegi bilen bagly ýagdaýlaryň mundan ozalky ýyllarda hem bolandygyny, ýöne häzirki ýaly giň derejede ýaýramandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG