Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 2021-nji ýylyň döwlet býujetini düzýär, synçylar onuň ýene kagyzda galjagyny çaklaýar


Lebap. Harasatda ýykylan jaý
Lebap. Harasatda ýykylan jaý

TDH-nyň anyklaşdyrmazdan beren maglumatyna görä, döwlet býujetinde maýa goýumlarynyň köp möçberlerini durmuş düzüminiň ösdürilmegine, ilkinji nobatda bolsa, saglygy goraýşyň, bilimiň kämilleşdirilmegine, halkyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirmek nazarda tutulýar.

Türkmenistan dünýä ykdysadyýetini aljyraňňylyga salan koronawirus pandemiaýasyndan soň ilkinji döwlet býujetini taýýarlaýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler Baýramgeldi Öwezow, Gadyrgeldi Müşşikow bilen ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirip, döwlet býujeti düzülende, bar bolan anyk mümkinçilikleriň hem-de geljek üçin seljerme çaklamalarynyň göz öňünde tutulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şeýle-de ol dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýyň çylşyrymly bolmagynda galýandygyny ýatlatdy.

Pudaklaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, zerur bolmadyk çykdajylaryň azaldylmagyna... aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, prezident aýtdy.


Döwlet baştutany 15-nji maýda 2021-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak hakyndaky karara gol çekipdi we 20-nji maýda G.Müşşikowyň bu ugurda geçirilýän işler baradaky hasabatyny diňledi.

TDH-nyň anyklaşdyrmazdan beren maglumatyna görä, döwlet býujetinde maýa goýumlarynyň köp möçberlerini durmuş düzüminiň ösdürilmegine, ilkinji nobatda bolsa, saglygy goraýşyň, bilimiň kämilleşdirilmegine, halkyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirmek nazarda tutulýar.

Prezident bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmek üçin çykdajylary artdyrmaga aýratyn üns bermelidigini belledi.


Berdimuhamedow 2018-nji ýylda döwlet býujetiniň 75-80 prosentini sosial üpjünçilige, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirmek wadasyny berdi, ýöne soň bu wada ilata berilýän ýeňillikleriň ýatyrylmagy, gymmatbaha gurluşyk taslamalarynyň dowam etdirilmegi, işsizligiň we zähmet migrasiýasynyň artmagy bilen utgaşdy.

Şol bir wagtda işsizligiň, zähmet migrasiýasynyň derejesi aýan edilmeýär, syzyp çykýan maglumatlara resmi reaksiýa bildirilmeýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça synçysy Brýus Panniýeriň sözlerine görä, Türkmenistanyň kabul edýän döwlet býujetleri, olarda harçlanmaly serişdeler barada getirilýän sanlar, hususan-da sosial maksatly çykdajylar üçin bellenilýän harajatlar aslynda hakykatda hiç zady aňlatmaýar, olar diňe media üçin söz bolup durýar.

"Biz adamlaryň, häzir ýurduň gündogar böleginde görşümiz ýaly, wagtal-wagtal harasat gopmasy, agyr ýagyn zerarly jaýlary zaýalanyp, kömege, serişdä mätäç bolýan halatlaryny görýäris. Ýerli media adamlara kömek beriljegini aýdýar, emma apreliň 27-sinden şu wagta çenli adamlar düýpli kömek almady" diýip, Panniýer aýtdy.

Şeýe-de ol hökümetiň adamlary bähbitlerinden kesmegi, ilatyň aýlyklaryndan pul tutmak, olary ol ýa-da beýleki çykdajylar üçin tölemäge mejbur etmek ýaly zatlaryň Türkmenistanda bireýýäm kada öwrülendigini belledi.


Panniýer Türkmenistanda gurulýan gurluşyklaryň öňünden býujetde nazarda tutulýandygyny, gurlan desgalara kagyzda we hakykatda harçlanan serişdeleri sorag astyna alýar, käbir desgalaryň diňe gurlup, ulanmaga berlenden soň bilnip galýandygyny, bu ýerde uly korrupsiýanyň bar bolmagynyň ähtimallygyny belleýär.

Döwlet býujeti düzülende, her ýyl hususy telekeçilige goldaw bermelidigi hem bellenip geçilýär.

Bu gezekki goldaw gürrüňi Türkmenistanda walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan seredilýän wagtyna gabat geldi.

Bu täzelik önümleri eksport edýän kärhanalardan we guramalardan, şol sanda hususy firmalardan gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň 50 göterimini däl-de, dolulygyna döwletiň ätiýaçlyk goruna geçirmek hem-de konwertasiýa boýunça döwlet toparyny döretmek bilen bagly.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG