Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, prezident Aşgabatda täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk taslamalary bilen tanyşýar, iýun, 2018-nji ýyl, Türkmen TW-den alnan surat
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk taslamalary bilen tanyşýar, iýun, 2018-nji ýyl, Türkmen TW-den alnan surat

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda guruljak täze binalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmen döwlet habar agentliginiň ýazmagyna görä, prezident Aşgabat şäher häkiminiň haýyşy bilen paýtagt boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

Resmi metbugata görä, prezident Aşgabadyň dünýäniň iri we döwrebap şäherleriniň hataryna goşulmagyny talap edýär.

Prezident iş saparyny Aşgabadyň etegindäki Çoganly toplumynda amala aşyrdy. Täze gurluşyk toplumlary 2020-2030-njy ýyllar aralygynda gurmak meýilleşdirilýär.

Prezidente hödürlenen taslamalarda etrap häkimliginiň, beýleki edara binalaryň, 8 sany çagalar bagynyň, 6 sany mekdebiň, 2 sany Saglyk öýüniň, Medeniýet öýüniň hem-de Bagt köşgüniň gurluşyk taslamalary bar. Şeýle-de guruljak täze binalaryň hatarynda 184 sany täze ýaşaýyş jaýlary hem bar. Bular paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde bina ediler.

Döwlet metbugaty guruljak täze binalaryň haýsy serişdeleriň hasabyna guruljakdygyny aýdyňlaşdyrmaýar. Olar üçin býujetden sarp ediljek maliýe serişdeleriň göwrümini aýdyňlaşdyrmaýar.

Şeýle-de Berdimuhamedow Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň täze binalarynyň taslamalary bilen, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň goşmaça binalar toplumynyň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň okuw merkeziniň we onuň iki sany umumy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk taslamalary bilen tanyş bolupdyr.

Döwlet metbugatynda, gurluşygy göz öňünde tutulýan binalaryň başga-da ençemesi agzalýar. Olaryň hatarynda sport desgalary, bilim wemedeniýet ojaklary, gül bazary we beýlekiler bar. Ýöne olary ediljek çykdajy barada gürrüň gozgalmaýar.

Hökümet ýakyn “Media Türkmen” habar agentligi prezidentiň Aşgabatda amala aşyran iş sapary barada çap eden habarynda, onuň Aşgabat innowasion megapolise öwrülmelidigini aýdandygyny belleýär.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krisizislerinden birini başdan geçirýär. Ýurduň dürli künjeginden un we çörek nobatlary barada yzygiderli habarlar gelip gowuşýar.

Ýöne şeýle habarlaryň fonunda, türkmen resmileri gymmat bahaly gurluşyklaryň taslamalary bilen gyzyklanýar. Döwlet mediasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gülläp ösýändigi tekrarlanýar.

2019-njy ýyl üçin kabul edilen döwlet býujeti geçne ýylyň býujeti bilen deňeşdireniňde 12 milliard manat azaldy.

Galyberse-de, Halkara walýuta fondunyň Türkmenistana iş saparyny amala aşyrýan hünärmenleri türkmen hökümetine döwlet harçlamalaryny azaltmagy maslahat berýär.

Şeýle-de, resmi metbugatda 2019-njy ýyla niýetlenen býujetiň 75 %-niň sosial pudaga gönükdiriljekdigi habar berildi.

Täze gurluşyk taslamalaryny işläp düzmek diňe paýtagt Aşgabatda däl, Ahal welaýatynyň beýleki çäklerinde-de dowam edýär. Meselem, sentýabr aýynda prezident Berdimuhamedowyň ogly häzirki Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Kaka etrabynda we Gökdepe etrabynda täze ýaşaýyş jaý toplumlaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.

XS
SM
MD
LG