Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabadyň mekdeplerinde "Soňky jaň" çäklendirilen görnüşde geçirildi. Berdimuhamedow we Erdogan COVID-19-y maslahatlaşdy


Aşgabadyň mekdepleriniň birinde geçirilen "Soňky jaň" dabarasy.

Aşgabadyň orta mekdeplerinde "Soňky jaň" dabarasy diňe 11-nji synp we käbir başlangyç synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilip, okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli göz öňünde tutulan beýleki dabaralar doly ýatyryldy. Türkmen häkimiýetleri global pandemiýanyň dowamynda amala aşyrýan bu çärelerine resmi düşündiriş bermeýärler. Bu aralykda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türk kärdeşi Rejep Taýýyp Erdogan bilen pandemiýa garşy göreş tagallalaryny birleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdy.

"25-nji maý dynç güni diýlip yglan edilenden soň, şu gün mekdeplere diňe 11-nji synpy tamamlaýan okuwçylar we 1-nji synpy tamamlaýan çäkli sandaky başlangyç synp okuwçysy geldi. Galan okuwçylar mekdebe gelmedi. Bu gün mugallymlar-da öýlän sagat 2-ä çenli işleýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 25-nji maýda gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, mekdeplerde aýdym-sazlar irden sagat 6-da ýaňlanyp başlandy. "Soňky jaň" dabarasy sagat 08:30 töweregi başlandy we sagat 10:30-a çenli dowam etdi.

"Mekdepleriň ençemesinde okuwçylar ak kepderileri uçurdylar. "Soňky jaň" dabarasy tamamlanandan soň, mugallymlar 11-nji synp okuwçylary ýeke-ýekeden ene-atalaryna tabşyrdylar" diýip, habarçy belledi.

Şeýle-de, mugallymlar we mekdep ýolbaşçylary ene-atalara "Uçurym" lentalaryny dakynan okuwçylaryň günortan sagat 12-den soň köçede görünmeli däldigini we kafedir restoranlarda "Soňky jaň" dabarasyny bellemeli däldigini berk tabşyrdylar.

Dabara gatnaşan ene-atalar.
Dabara gatnaşan ene-atalar.

"Köp okuwçylar dabaradan soň öz lentalaryny çykaran bolsa-da, şu wagt öýlän sagat 3-4 töweregi şäherde "Uçurym" lentalaryny dakynan ýekeje-de okuwçy göze görünmeýär" diýip, habarçymyz aýtdy.

Ýatlatsak, mundan öň Azatlygyň habarçylary mekdeplerde çäreleriň geriminiň çäklendiriljekdigi baradaky kararyň 20-nji maýda paýtagtyň bilim edarasynda geçirilen maslahatda mälim edilendigini habar beripdiler. Türkmen häkimiýetleriniň bu çäreleri global pandemiýanyň dowam edýän mahalynda amala aşyrylýar.

Bu aralykda, 24-nji maýda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, iki lider koronawirus pandemiýasyndan doly üstün çykmak üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşmelidigini bellediler.

TDH-nyň habaryna görä, Berdimuhamedow Türkmenistanyň ählumumy göreşe ygrarlydygyny tassyklap, işjeň halkara hyzmatdaşlygyň, ozaly bilen, bu howpa netijeli garşy durmak maksadynda lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň zerurdygyny hem aýtdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýarlar. Şol bir wagtda-da, olar bu keseliň ýaýramazlygy üçin "ählitaraplaýyn taýýarlygyň ýokary derejede" görlendigini ençeme gezek yglan etdiler.

23-nji maýda türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan "Orient.tm" neşiri türkmen paýtagtynda daşary ýurt diplomatlary we media serişdeleri üçin brifing geçirilendigini habar berdi.

Şol brifingde çykyş eden ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow Aşgabatda we welaýatlarda täze koronawirus infeksiýasy ýüze çykarylsa, olary bejermek üçin ýurduň ýokanç keselleri hassahanalarynyň düzüminde we bölümlerinde ýörite ýerleriň taýýarlanylandygyny aýtdy.

Ol näsaglary bejermek we izolýasiýa etmek üçin hassahanalaryň bar bolan bölümleriniň gaýtadan gurnalandygyny hem belledi.

Saglygy goraýyş ministri bu keseli ýüze çykarmak üçin ýeterlik test-barlag ulgamynyň bardygyny hem aýtdy.

Çäklendirmeleri howpsuz gowşatmak strategiýasy we çäklendiriji çäreleri tapgyrlaýyn üýtgetmek barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan epidemiologiki ýagdaýy we beýleki ýurtlaryň tejribesini seljermek esasynda hereket etmegi meýilleşdirýär diýip, ministr belledi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan BSG-niň pandemiýanyň dowamynda beren sosial aralygy saklamak we infeksiýadan goranmak üçin maska dakynmak ýaly esasy rekomendasiýalaryny berjaý etmän gelýär.

Tutuş dünýäde sosial aralygy saklamaga çagyryş edilýän mahaly, türkmen häkimiýetleri köpçülikleýin bag ekmek we sport çärelerini hem-de baýramçylyk dabaralaryny geçirmegi dowam etdirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG