Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň mekdeplerinde okuw ýylynyň soňunda dabaralar ýatyryldy, býujet işgärleri saglyk barlagyndan geçýär


Hassahana, Aşgabat
Hassahana, Aşgabat

Aşgabadyň mekdeplerinde okuw ýylyň tamamlanmagy mynasybetli göz öňünde tutulan dabaralar ýatyryldy. Şol bir wagtda-da, döwlet edara-kärhanalaryň işgärleri paýtagtyň saglyk edaralarynda hökmany edilen saglyk barlagyndan geçmek üçin nobata durýarlar. Türkmen häkimiýetleri global pandemiýanyň dowamynda amala aşyrýan bu çärelerine resmi düşündiriş bermeýärler. Resmileriň sözlerine görä, ýurtda COVID-19 keseli ýok.

Azatlygyň habarçysy mekdeplerde okuw ýylyň tamamlanmagyny dabaralamak üçin geçirilýän çäreleriň ýatyrylmagy baradaky kararyň 20-nji maýda paýtagtyň bilim edarasynda geçirilen maslahatda mälim edilendigini aýdýar.

"Şu gün şäher bilim bölüminde ýygnak boldy. 25-nji maýda soňky jaň kakylmaly. 7:30-dan 9 çenli çagalar bilen ýygnak geçirmegi, soň olary klaslara eltip, adaty tertipde sapak geçirmegi tabşyrdylar. Olary klaslarda ýöne saklarlar. Soň çagalary öýlerine goýbererler we şäheriň içinde hiç hili gezelenç bolmaz" diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri 20-nji maýda habar berdi.

Habarçylarymyzyň ýene biri şu ýyl mekdebi tamamlaýan okuwçylara okuwyň gutarmagyny bellemek boýunça dabaralaryň bolmajagynyň eýýäm habar berlendigini aýdýar.

"Mekdebi gutarýanlara eýýäm yglan ediler 25-nji maýda hiç hili dabaralar bolmaz diýip. Ene-atalara olaryň şol gün mekdebe öz çagalary bilen bile gelmelidigini, soňra olary öýlerine alyp gitmelidigini duýdurdylar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 21-nji maýda habar berdi.

Şu ýyl okuwyň soňundaky baýramçylyk dabaralaryň ýatyrylmagynyň sebäpleri nämälim.

Şeýle-de, habarçylarymyz soňky hepdelerde paýtagtyň mekdeplerinde okuwçylaryň sapaklara gatnaşygyna uly üns bilen çemeleşilendigini aýdýarlar.

"Maý aýynyň ikinji ýarymynda bilim synaglarynyň ençemesi geçirildi we hatda keselläp öýlerinde gyzdyryp ýatan çagalaryň mekdebe gatnamagy berk talap edildi, ählisiniň mekdepde bolmagyny berjaý etmek üçin" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz habar berýär.

Bu aralykda döwlet edaralaryň işgärleri paýtagtyň keselhanalarynda hökmany saglyk barlagyndan geçmek üçin nobatlara düzülýärler.

"Paýtagtyň keselhanalaryna býujet işgärleri çozdy, olary goşmaça saglyk barlagyndan pully geçmäge borçly etdiler. Ýüzlerçe adam nobatlarda durýar. Adatdakysy ýaly bu saglyk barlagy ýüzleý geçirilýär. Ilatdan pul almagyň nobatdaky usuly. Käbir edaralarda ýaşy 60-dan geçen işgärleri bu saglyk barlagyndan geçmekden boşatdylar" diýip, habarçymyz paýtagtyň döwlet edaralarynyň işgärlerine salgylanyp, habar berdi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden saglyk barlagyndan geçmek talaby hökmany bolup, doly olaryň öz hasabyna geçirilýär.

Býujet işgärleriniň köpçülikleýin saglyk barlagyndan geçmek talaby hökümetiň tutuş ýurduň ilatynyň saglygyny barlamak planyny yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Apreliň ortalarynda ýurduň okuw jaýlarynda okuwçylaryň we çagalar baglarynda körpeleriň saglygyny barlamak boýunça çäreler geçirildi. 5-nji maýda hökümet ilatyň saglygyny barlamagyň ikinji tapgyrynyň döwlet-edara kärhanalaryň işgärleriniň arasynda geçiriljegini, ondan soň üçünji tapgyrda ýaşy uly adamlaryň arasynda geçirmegi planlaşdyrýandygyny yglan etdi.

Emma şu çaka çenli geçirlen barlaglaryň netijeleri köpçülige mälim edilmedi.

Döwlet edara-kärhanalaryň işgärleriniň şu günler saglygyny barlatmaga mejbur edilmeginiň hökümetiň köpçülikleýin saglyk barlagyny geçirmek planlary we COVID-19 keselini anyklamak boýunça çäreleri bilen bagly bolup-bolmazlygyny Türkmenistanyň resmilerinden anyklap bolmady.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary ählihalk saglyk barlagy baradaky kararyny 5-nji maýda geçirilen hökümet maslahatynda yglan etdi. Türkmen hökümeti şol maslahatda ýurduň COVID-19 keseline garşy strategiýasyna seredipdi. Saglyk barlagynyň maliýe üpjünçiliginiň çeşmesi anyklaşdyrylmandy.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýarlar. Şol bir wagtda-da, bu keseliň ýaýramazlygy üçin "ählitaraplaýyn taýýarlygyň ýokary derejede" görlendigini öňe sürýärler. Üstesine, ýurt resmileri COVID-19 keseliniň öňüni almak üçin üpjünçiligiň doly berjaý edilýändigini ençeme gezek yglan edipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG