Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda "Soňky jaňdan" öň ýene bir mekdep okuwçysy özüni dördünji gatdan oklady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Mary welaýatynda "Soňky jaň" dabaralary üçin harajat tapmaýan mekdep okuwçylarynyň ýene biri öz janyna kast etmäge synanyşyp, özüni dördünji gatdan aşak oklady. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän maryly habarçysy häzirki wagt okuwçy gyzyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny aýdýar.

"24-nji maýda öýlän sagat 16:00 töwereginde Mary şäherinde 11-nji synp mekdep okuwçysy özüni ýaşaýan jaýynyň dördünji gatyndan aşak oklady. Hadysadan soň gyzyň kakasy ylgap öýünden çykypdyr. Bu waka şäheriň 3-nji we 16-njy mekdepleriniň golaýynda boldy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan Baýramaly şäherindäki habarçymyz waka şaýat bolanlara salgylanyp, 27-nji maýda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy okuwçy gyzyň adyny we familiýasyny, şeýle-de haýsy mekdepde okaýandygyny häzirlikçe anyklap bilmedi.

Aýdylmagyna görä, häzirki wagt okuwçy gyzyň saglyk ýagdaýy agyr bolup, ol welaýat hassahanasynyň trawmatalogiýa bölüminde saklanýar.

"Onuň oňurgasy döwülipdir" diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Habarçymyz gyzy tanaýan käbir ýaşaýjylara salgylanyp, pajygaly wakadan öň onuň mekdebi tamamlamak mynasybetli geçiriljek dabaralar we beýleki çykdajylar üçin ene-atasynda maddy mümkinçiligiň ýokdugyny aýdyp, aglandygyny hem belledi.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýat hassahanasy bilen habarlaşyp, okuwçy gyzyň saglyk ýagdaýy barada resmi kommentariý almak synanyşyklary başa barmady. Şeýle-de, bu barada Mary şäher häkimliginden we polisiýa bölüminden hem maglumat alyp bolmady.

Bu waka Lebapda "Soňky jaň" dabaralary üçin harajat tapmaýan üç mekdep okuwçysynyň öz janlaryna kast edendigi baradaky habaryň yzýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky biri-birinden garaşsyz birnäçe habarçysy bu okuwçylaryň 2001-2002-nji ýyllarda doglandygyny we Farap etrabyndaky 3-nji we 6-njy mekdeplerde hem-de Darganata etrabyndaky 18-nji mekdepde okandyklaryny habar berdi.

Maý aýynyň başynda bolsa, Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçysynyň özüni dördünji gatdan aşak oklandygy mälim boldy. Şonda Azatlygyň habarçysy dokuwçy gyzyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny habar beripdi. Ýöne bu waka nämäniň sebäp bolandygy barada maglumatyň ýokudygy aýdylypdy.

Soňky ýyllarda ýurtda ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi bilen baglylykda, mekdeplerde guralýan dabaralaryň, olarda geýmeli egin-eşikleriň​ we mugallymlara satyn alynmaly sowgatlaryň ozalam güzerany ýeňil bolmadyk maşgalalary barha kyn ýagdaýa salýandygy habar berilýär.

Azatlygyň Marydaky habarçysy ene-atalaryň 11-nji synpy tamamlaýan bir okuwçy üçin ortaça 2000 manat çykdajy etmeli bolýandygyny aýdyar. Ýöne ol ene-atalaryň aglabasynyň bu puly bermäge harajat tapyp bilmeýändigini belleýär.

"Bu pula mugallymlar üçin sowgatlar, täze köýnekler, aýakgaplar alnyp, gözellik salony we oturylyşyk üçin çykdajylar tölenýär. Elbetde, bularyň hemmesi gizlin edilýär. Şeýle-de, okuwçylar mekdebi tamamlandygy hakyndaky şahadatnamalarynda gowy baha almak isleýän bolsa, onda olar mugallymlaryň göwnünden turmaga synanyşmaly. Munuň üçin okuwçylar synaglara gatnaşýan mugallymlar üçin öýlänlik naharyny getirmeli" diýip, habarçy aýtdy.

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurtda iň pes pensiýa 338 manat we iň pes aýlyk haky 870 manat möçberinde kesgitlenildi. Ýurduň orta mekdeplerinde doly stawka görnüşinde işleýän mugallymlaryň ortaça aýlygy 1800 manada barabardyr.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda aýdylanlar barada mesele gozgamaýarlar. Bu barada ýurduň media serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG