Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda mekdep okuwçysy özüni dördünji gatdan aşak oklady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçysy özüni dördünji gatdan aşak oklady. Häzirki wagt onuň saglyk ýagdaýy agyr bolup, ol keselhananyň intensiw bejeriş bölüminde saklanýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri paýtagtdan habar berýär.

"Bu waka geçen anna güni, ýagny 1-nji maýda boldy. 15-nji mekdebiň 10-njy synp okuwçysy, 2003-nji ýylda doglan gyz mekdepden rugsat alyp, öýüne gaýdýar. Ol öýüne gelenden soň, özüni dördünji gatdan aşak zyňýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy wakadan habarly aşgabatlylaryň ençemesine salgylanyp, 4-nji maýda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda bu wakanyň nirede bolandygy, okuwçynyň ady we familiýasy barada doly maglumat bolsa-da, ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Habarçynyň sözüne görä, okuwçy gyzyň saglyk ýagdaýy agyr bolup, häzirki wagt ol Çoganlynyň keselhanasynyň intensiw bejeriş bölüminde saklanýar.

"Muňa nämäniň sebäp bolandygy entek belli däl. Mekdepde barlag-derňew işleri geçirilýär" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynyň bu waka barada paýtagtyň 15-nji mekdebinden kommentariý almak synanyşyklary başa barmady. Şeýle-de, Çoganlynyň keselhanasy bilen habarlaşyp, okuwçy gyzyň saglyk ýagdaýy barada hem resmi maglumat alyp bolmady.

Habarçy mekdep okuwçylarynyň öz janyna kast etmegi ýa-da oňa synanyşmagy bilen bagly ýagdaýyň wagtal-wagtal ýüze çykýandygyny aýdyp, geçen okuw möwsüminde bolan bir wakany gürrüň berdi.

"Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän Köşiniň orta mekdebinde 14 ýaşly ýetginjek gyz pajygaly ýagdaýda aradan çykdy. Ol gyzyň namysyna degilendigi sebäpli uksus kislotasyny içip özüni heläkländigi aýdyldy" diýip, habarçy aýtdy.

Galyberse-de, habarçy ýakynda Aşgabadyň 15-nji mekdebinde, ýokary synp okuwçylaryň arasynda ýakalaşygyň bolandygyny we şonda agyr ýaralanan bir oglanyň heniz hem keselhananyň intensiw bejeriş bölüminde saklanýandygyny belledi.

"Şonda 16-njy mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň bir topary 15-nji mekdebe geldi. Olaryň arasynda toparlaýyn uruş-dawa, ýakalaşyk boldy. Okuwçylaryň köpüsi ýaralandy. Olaryň arasyndan 15-nji mekdebiň bir okuwçysy heniz hem keselhananyň intensiw bejeriş bölüminde saklanýar" diýip, habarçy aýtdy.

Ol bu waka bilen bagly derňew işiniň dowam edýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosy bu waka bilen bagly hem degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Aşgabadyň polisiýa bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýokary synp okuwçylaryň ýakalaşmagy bilen bagly ýagdaýlaryň ýygy-ýygydan gaýtalanýandygyny we muňa hususan-da, sosial deňsizlikleriň ýitileşmeginiň sebäp bolýandygyny belleýärler.

"Ýokary gatlagyň çagalarynyň sosial ýagdaýy pesräk deň-duşlaryny kemsitmegi, äsgermezligi, şeýle-de gurply hojalyklaryň çagalarynyň toparlara bölünmegi, garyp we baý gatlaklaryň arasynda dartgynlylyklaryň we dawa-jenjelleriň döremegine getirýär. Mugallymlaryň hem özleriniň garamagyndaky okuwçylary deň tutman, derslerde garyp hojalyklaryň çagalaryny adalatsyz baha goýmagy bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykýar. Bu ýagdaýlar ýetginjekleriň päk kalplarynyň çökgünlige uçramagyna we durmuşa bolan hyjuwlarynyň puja çykmagyna getirýär" diýip, habarçy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG