Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda "Soňky jaňdan" öň üç mekdep okuwçysy özüni heläkledi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Soňky günlerde Lebapda "Soňky jaň" dabaralary üçin harajat tapmaýan mekdep okuwçylarynyň öz janlaryna kast etmegi bilen bagly wakalaryň ençemesi boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz birnäçe habarçysy habar berýär.

"23-nji maýda agşam Lebap welaýatynyň Farap etrabynda şu ýyl mekdebi tamamlaýan bir oglan mal ýataklarynda özüni asdy. Ol öýlerinden saçyny bejertjegini aýdyp çykypdyr we gaýdyp yzyna gelmändir. Ol okuwyna pul ýetişdirip bilmändir" diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 24-nji maýda gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol Farapda üç gün ozal bir okuwçy gyzyň özüni asandygyny habar berýär. Aýdylmagyna görä, 6-njy mekdebiň okuwçysy bolan ol gyz "Soňky jaň" dabarasynda geýmek üçin satyn almaly eşiklere, mekdepde soralýan pullary bermäge harajat tapyp bilmändir.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky beýleki bir habarçysy hem tassyklady. Ol soňky birnäçe günüň dowamynda Farap etrabyndaky 3-nji we 6-njy mekdepleriň hem-de Darganata etrabyndaky 18-nji mekdebiň 2001-2002-nji ýyllarda doglan üç okuwçysynyň öz janyna kast edendigini aýtdy.

"Köp okuwçylar "Soňky jaň" dabarasyna pul ýygnamak üçin ýanwar aýyndan bäri gurply adamlaryň gapysynda işleýärdiler. Farap we Darganata etrabynda hem-de Türkmenabat şäherinde halkyň ýagdaýy gaty agyr. Köp adamlaryň "Soňky jaň" üçin pul bermek beýle-de dursun, uçan üçeklerini bejertmäge-de ýagdaýy ýok" diýip, habarçy 25-nji maýda gürrüň berdi.

Beýleki bir habarçymyz mugallymlaryň janyna kast eden mekdep okuwçylarynyň birinden 400 manat sorandygyny aýdýar.

"Bu okuwçy ene-atasynyň ýanyna gelip, pul gerekdigini aýdansoň, onuň ene-atasy özlerinde onça maddy mümkinçiligiň ýokdugyny aýdýarlar. Bu ýagdaýyň okuwçynyň öz janyna kast etmegine sebäp bolandygy aýdylýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçymyz 25-nji maýda gürrüň berdi.

Habarçylarymyzyň sözüne görä, pajygaly bu wakalardan soň, kanun goraýjy edaralaryň wekilleri sebitiň mekdep mugallymlary bilen ýygnak geçiripdir. Ýöne ýygnakda nämäniň maslahat edilendigi häzirlikçe nämälim bolup galýar.

Azatlyk Radiosynyň bu wakalar barada agzalýan mekdeplerden, Lebap welaýat, Farap we Darganata etrap häkimliklerinden kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

Soňky ýyllarda güýçlenen ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, mekdeplerde guralýan dabaralaryň, olarda geýmeli egin-eşikleriň​ ozalam güzerany ýeňil bolmadyk maşgalalary barha kyn ýagdaýa salýandygy habar berilýär.

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesiniň 24-nji maýda beren maglumatyna görä, Aýböwür obasyndaky 77-nji mekdepde okuwy gutarýan her okuwçydan "Soňky jaň" üçin 50 manatdan, Goşahowlydaky 45-nji mekdepde 60 manatdan pul ýygnaldy.

“Bu pullar şol gün okuwdan soň mekdebiň sport zalynda okuwçylaryň (gizlinlikde) tansyny guramak, hakyna tutulan aýdymça tölemek, direktora, mugallymlara sowgat almak üçin toplanýar” diýip, çeşme ýazdy.

Onuň sözlerine görä, mekdeplerde ýygnalýan pullaryň möçberleri dürli-dürli bolup, kähalatda 100-130 manat aralygynda bolýar. Puluň köp ýygnalýan mekdeplerinde mugallymlara berilýän sowgatlaryň bahasy hem ýokary bolýar.

Şeýle-de çeşme "Soňky jaň" dabaralaryna etrap ýolbaşçylarynyň hem gatnaşýandygyny, olara hem sowgat berilýändigini habar berýär.

"Olara berilýän sowgatlaryň bahasy kähalatda 700-1000 manat aralygynda bolýar. Sowgatlar gizlinlikde berilýär. Etrap ýolbaşçylaryna sowgady direktor ýanynda ýöräp, ugradan bolup maşynyna salýar" diýip, çeşme belledi.

Türkmen mediasy "Soňky jaň" dabarasy hem-de okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna iberen gutlag hatyny her ýyl çap etse-de, ýokarda aýdylanlar barada mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG