Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

COVID-19 pandemiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň hereket etmegi hasam kynlaşdy


Ýol gözegçiligi, Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda welaýat ýaşaýjylaryndan paýtagta barmak üçin talap edilýän beýleki resminamalar bilen bilelikde öýkeniň rentgen suratyny görkezmegi talap edýärler. Ýurduň içinde hereket etmek üçin talap edilýän resminamalary almak üçin köplenç para soralýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, indi paýtagta barmak üçin ýurduň beýleki regionlarynyň ýaşaýjylary ýörite rugsat hatyndan we saglyk ýagdaýy hakyndaky resminamadan başga flýuorografiýa barlagynyň netijelerini görkezmeli.

"Aşgabada barjak bolýan welaýat ýaşaýjylaryny paýtagta girmek üçin öz ýanynda medisina sprawkany we flýuorografiýany getirmäge borçly etdiler" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 26-njy maýda gürrüň berdi.

Bu aralykda Azatlygyň Lebapdaky habarçysy ýerli ýaşaýjylaryň Aşgabada we beýleki welaýatlara barmak üçin zerur resminamalary almakda çekýän kynçylyklary barada habar berýär. Onuň sözlerine görä, resminamalary köplenç para berip alyp bolýar. ​

"Aşgabada ýa-da beýleki welaýatlara üç günlük baryp gaýtmak üçin Lebap welaýatynyň serhetýaka etraplarynyň ýaşaýjylary özlerinde COVID-19 keseliniň ýokdugy hakynda etrap keselhanasyndan resminamany, şeýle-de polisiýadan 14 gün möhletli ýörite rugsat hatyny almaly. Bäş sany lukmanyň galp resminama taýýarlandygy üçin saklanandan soň, ini lukmanlar resminamalary seresaplylyk bilen diňe öz tanyşlaryna berýärler" diýip, Lebapdaky habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň içinde saglyk hakyndaky resminamalaryň esasynda hereket etmek düzgüni koronawirusyň global pandemiýasynyň yglan edilmeginden soň mart aýynda girizilipdi. Türkmen häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramazlygy üçin 19-njy martda paýtagta girmek mümkinçiligini, 20-nji martda welaýatlaryň arasyndaky hereketi çäklendiripdi. Bu düzgüniň wagt möhleti görkezilmedi. Şondan bäri ilatyň ýurduň içindäki hereketi syýahat rugsady we COVID-19 keseliniň ýokdugyny subut edýän saglyk hakyndaky hatyň esasynda amala aşyrylýar.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň hereket mümkinçiliklerini çäklendirýän döwründe ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdýarlar.

Mundan daşary Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda bilim alýan studentleriň ýurda gelmegini çäklendirmegi planlaşdyrýarlar. Bu barada daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan studentleriň ene-atalaryna resmi duýduryş berlipdir.

"Şu ýyl daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň uçurymlaryny ýurda goýbermezler. Studentleriň ene-atalaryna DIM-den duýduryş berildi. Lebap welaýatynda ene-atalara öz çagalarynyň bank kartlaryna 200 dollara barabar pul goýmaga mümkinçilik dörediljegini wada berdiler" diýip, Türkmenistandaky habarçymyz aýdýar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda galan öz raýatlary üçin resmi kursdan çalyşmaga rugsat berýän walýutanyň möçberini 500 dollara çenli artdyrmagy planlaşdyrýandygy mälim edilipdi.

Türkmen studentleriniň öz ýurduna dolanmagyna degişli giriziljekdigi aýdylýan çäklendirmeleriň sebäbi nämälim galýar. Azatlyk Radiosy munuň sebäbini Türkmenistanyň DIM-den we Migrasiýa gullugyndan anyklap bilmedi.

Nobatdaky çäklendirme baradaky bu habar Türkmenistanyň birnäçe welaýatynda ilata daşary ýurt pasportyny bermegiň bes edilmeginiň, şeýle-de daşary ýurtlarda türkmen raýatlarynyň COVID-19 bilen kesellemegi, şol sanda koronawirusdan heläk bolmagy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

24-nji maýda garaşsyz turkmen.news neşiri azyndan iki sany türkmenistanly studentiň soňky günlerde Orsýetde we Belarusda koronawirus bilen keselhana düşendigini habar berdi. Maglumata görä, COVID-19 bilen kesellänleriň biri Belarusyň Maksim Tank adyndaky döwlet pedagogiki uniwersitetiniň daşoguzly studenti, ýene biri Gazanyň milli barlag tehnologiýa uniwersitetiniň balkanly studenti.

Mundan öň Belarusda we Orsýetde türkmenistanly iki student gyzyň COVID-19 zerarly ýogalandygy habar berlipdi. ​Turkmen.news neşri Gomel şäherinde aradan çykan Bahar Babaýewanyň we Ýesentuki şäherinde ýogalan Gülsenem Galabekowanyň ölümine koronawirusyň sebäp bolmagynyň çak edilýändigini habar beripdi.

Häzirki wagtda COVID-19 pandemiýasy döwründe uçar gatnawynyň ýatyrylmagy sebäpli müňlerçe türkmen raýaty öz ýurdunyň daşynda galýar.

Türkmenistanyň onlarça müň raýaty daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkiýäniň, Orsýetiň, Belarusyň, Ukrainanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG