Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň döwlet telewideniýesi koronawirusyň Türkmenistandan sowa geçişi barada ýörite reportaž efire berdi, bilermenler şübheli


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

“Tutuş dünýä COVID-19 bilen göreşe dowam edýän wagty, Türkmenistan wiruslar çölünde oazis bolmagynda galýar. Bu resmi taýdan post-sowet giňişliginde ýokançlygyň sowa geçen ýeke-täk döwletidir” diýip, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Rossiya 24” telekanalynda 30-njy maýda efire berlen gepleşikde aýdylýar.

Gepleşikde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Maglumat merkeziniň müdiriniň, Türkmen Milli Dünýä Dilleri institutynyň bir mugallymynyň, Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň bir wekiliniň sözleri getirilýär.

Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanda koronawirusyň ýokdugyny, onuň ýaýramagynyň öňüni almakda türkmen hökümetiniň iş bitirýändigini ynandyrmaga synanyşýarlar.

Türkmenistanyň hökümetçi orient.tm saýty rus kanalynda efire berlen programmanyň žurnalistiki derňewdigini aýdýar.

Ýörite programmada pandemiýanyň fonunda Türkmenistanda geçirilen soňky köpçülikleýin çäreler barada maglumat berilýär, ýöne onda bu çäreleriň Büdindünýä Saglyk Guramasynyň dünýäde wirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin sosial aralygy saklamak boýunça beren maslahatlaryna gabat gelmeýändigi agzalmaýar.

Galyberse-de, gepleşikde Türkmenistanda geçirilen COVID-19 testleri, bu ugurda bar bolan statistikalar, saglyk enjamlarynyň üpjünçilik ýagdaýy, ýurduň karantin merkezleri, karantinde saklanýan adamlaryň sany, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Muňa derek “ýurtda epidemiologiki ýagdaýy prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň hut özüniň gözegçilikde saklaýandygy” aýdylýar.

Türkmenistan şu wagta çenli koronawirus ýokançlygyny hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň hataryndadyr. Synçylar we bilermenler ýurtda aç-açanlygyň, metbugat azatlygynyň agyr ýagdaýyny nazarda tutup, ýurt resmileriniň hasaba almadyk sanlaryna şübheli çemeleşýärler.

28-nji maýda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ABŞ-nyň Daniel Morgan Ýokary mekdebi bilen bilelikde guran “Türkmenistanyň COVID illýuziýasy” atly onlaýn maslahatyna gatnaşyjylar hem Türkmenistanyň koronawirus tejribesini soraga tutdular.

“Türkmenistanyň hökümeti ýurduň içinde COVID-19-yň bardygyny inkär edýär. Ýöne olar [häkimiýetler] özlerini çylşyrymly alyp barýarlar. Bir tarapdan, olar ýurtda COVID-iň ýokdugyny aýdýarlar, beýleki tarapdan, halkara gatnawlar üçin serhetleri ýapýarlar, ýurtda karantin zonalaryny açýarlar, biziň düşünişimize görä, ýurt içinde ýazgyda bolup, türkmenistanly bolmadyk adamlar martdan bäri hiç hili düşündiriş berilmezden ýurda kabul edilmeýär” diýip, onlaýn maslahatda “Crude Accountability” hukuk toparynyň ýolbaşçysy Keýt Watters aýtdy.

Ol ýurtda bar bolan karantin merkezlerinde ýagdaýlaryň ideal däldigini, jemgyýetçilik ýerlerinde adamlara maska geýmäge rugsat berilmeýändigini, döwlet eýeçiligindäki media serişdeleriniň ýokanjy agzamaýandygyny we beýleki käbir çäklendirmeleri gürrüň berdi.

Watters koronawirusyň fonunda türme tussaglarynyň, hususan-da Owadandepede saklanýan syýasy tussaglaryň saglyk ýagdaýyna alada bildirdi.

Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň lektory Merkezi Aziýa boýunça bilermen Luka Ançeski koronawirusyň arasynda Türkmenistanyň esasy energiýa müşderisi Hytaýyň gaz importlary boýunça fors-mažor yglan etmeginiň hem-de ýangyç bahalarynyň global arzanlamagynyň türkmen ykdysadyýetini gowşadyp, bu ýagdaýyň Türkmenistanda döwlet bilen jemgyýetiň gatnaşygyna oňaýsyz täsir ýetirýändigini gürrüň berdi.

Koronawirus ýokanjyny resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanda dört ýyla golaý wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýärdi, pandemiýanyň fonunda fewral aýynda döwlet serhetleriniň ýapylmagy bilen, soňky üç aý töweregi wagt bäri ýurtda hususan-da azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy has-da ýitileşdi.

31-nji maýda Hytaýyň Xinhua habar agentligi Eýranyň Aşgabatdaky ilçisine salgylanyp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gara we demir ýol serhet geçelgeleriniň 10-njy iýundan başlap açylýandygyny habar berdi. Mundan ozal, taraplar türkmen-eýran serhedini 1-nji iýunda açmagy meýilleşdiripdi.

Türkmenistana amala aşyrylýan halkara uçar gatnawlary hem çäkli bolmagynda galýar. “Awiasiýa merkezi” neşiriniň 1-nji iýunda habar bermegine görä, “Türkhowaýollary” Türkmenistana, Gazagystana, Gyrgyzystana we Özbegistana amala aşyrýan uçar gatnawlaryny iýun we iýul aýlarynda täzeden dikeltmegi meýilleşdirýär, ýöne anyk sene aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG