Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan karantin zonalaryny köpeldýär we Eýran bilen serhedi açmagy planlaşdyrýar


Aşgabat

COVID-19 keseliniň dünýä ýaýramagy dowam edýär. Merkezi Aziýanyň we Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň hökümetleri günde täze kesellänleriň hasaba alnandygyny habar berýärler. Dünýäde koronawirus ýokaşan adamlaryň sany 5.9 milliona ýetdi. Bu aralykda Türkmenistanda COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýan hökümet goňşysy Eýran bilen serhedi açmagy planlaşdyrýar we karantin zolaklaryny köpeldýär.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň diňe bir gündogar welaýatynda azyndan 3 sany karantin zonasy döredilipdir.

"Lebapda üç ýerde karantin zonasy bar. Kerki şäherinde, Farapda, şeýle-de welaýatyň ýokanç keseller hassahanasynda. Ýokanç keseller hassahanasynda 88 adam saklanýar, Kerkide 100, Farapda 50 adam saklanýar" diýip, Lebapdaky habarçymyz 29-njy maýda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, karantinde saklanýanlaryň arasynda ýük uçarlaryň ekipaž agzalary bar: "29-njy maýda gije sagat 00:30 Türkmenabada Il-76 ýük uçary geldi. 9 adamdan ybarat ekipaž karantine salyndy".

Habarçymyzyň welaýatyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmelere salgylanyp, aýtmagyna görä, agzalan karantinlerde COVID-19 bilen hiç kim hasaba alynmandyr. Karantinde saklanýanlar iki gezek test tabşyrýarlar, bu olaryň öz hasabyna amala aşyrylýar we 100 manada durýar.

Maýyň ortalarynda Lebap welaýatynyň häkimiýetleriniň Türkmenabatda COVID-19 bilen kesellemekde güman edilýänleri saklamak üçin karantin zonasyny giňeldýändigi habar berlipdi. ​


Şu günler Lebap welaýatynyň häkimiýetleri Bütindünýä saglyk guramasynyň BSG-niň halkara bilermenleriniň Türkmenistana saparyna taýýarlyk görýärler.

"Ähli saglyk işgärlerine özlerine ýörite halat we gorag kostýumlaryny tikinmegi tabşyrdylar. BSG-niň saparyna garaşylýandygy üçin derman hem getirdiler. Olar gidensoň dermanlary yzyna tabşyrmaly bolar" - diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýdýar.

Eýýäm bir aýdan gowrak wagt bäri BSG-niň bilermenleri ýurda baryp, COVID-19 bilen bagly ýagdaýy görmek üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirip gelýärler. Sapar henizem başa barmady.

Bu aralykda Türkmenistan öz territoriýasynda COVID-19 keseliniň ýokdugyny öňe sürmegini we bu kesel barada başga ýurtlar hem haklara guramalary bilen gürrüňdeşlik geçirmegini dowam edip gelýär.

Türkmen saglygy saklaýyş wekilleri onlaýn duşuşykda howply ýokanç keselleri bejermek boýunça Ysraýylyň we Koreýanyň wekilleri bilen tejribe paýlaşdylar diýip, "Тurkmenportal" neşiri 28-nji maýda habar berdi. Haýsy keselleriň maslahat edilendigi anyklaşdyrylmady. Türkmenistanyň media serişdeleri koronawirus keselini tas agzamaýarlar we COVID-19 köplenç howply kesel diýip tutýarlar.

1-nji iýunda Türkmenistanyň we Eýranyň özara serhediniň açylmagyna garaşylýar. Bu barada Eýranyň MEHR agentligi ýurduň Gümrük edarasynyň metbugat-wekiline salgylanýar. Maglumata görä, Ruholla Latifi Eýranyň Türkmenistan bilen serhediniň global pandemiýanyň fonunda saglygy saklaýyş boýunça protokollaryň berjaý edilmegi bilen 1-nji iýunda gaýtadan açyljagyny 27-nji maýda aýdypdyr.

"Eger Eýranyň we Türkmenistanyň bilelikde kabul eden çäreleri makullansa, Eýranyň Türkmenistan bilen serhetleri 1-nji iýunda gaýtadan açylar", diýip eýran resmisi aýdypdyr.

COVID-19 keseli dünýäde çaltlyk bilen ýaýrap başlanda Türkmenistan fewral aýynda goňşulary bilen serhetlerini ýapypdy. Mart aýynda halkara howa gatnawy ýatyryldy we ýurduň giňişliginden ýük gatnawy bes edildi.

Türkiýe 1-nji iýuldan Türkmenistana uçar gatnawyny dikeltmegi planlaşdyrýar. Bu barada Turizm Guncel saýtyna salgylanyp, hökümetçi "Orient" neşiri habar berýär. Maglumatda Aşgabadyň ýurda koronawirusyň gelmeginiň öňüni almak sebäpli halkara howa gatnawyna girizen gadagançylygynyň 20-nji iýuna çenli saklanýandygy habar berilýär.

Ýurtlaryň arasynda uçar gatnawynyň ýatyrylmagy zerarly Türkmenistanyň müňlerçe raýaty ýurduna dolanyp bilmän, daşary ýurtlarda agyr günde galdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy häzirki wagtda Orsýetde galan türkmen raýatlarynyň maý aýynda möhleti dolan wizalaryny ýene iki aýlyk uzaltmak mümkinçiligine eýe bolandygyny habar berýär.

"Orsýetde galan, wizalary maýda gutaran raýatlaryň wizalaryny ýene iki aýlyk uzaltdylar" - diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy maýda aýtdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG