Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda, Lebapda orak başlandy, çörek 'ýakasyny tanadýar', harasatda kesilen togy ýaşaýjylaryň özi bejerdýär


Türkmenistan. Zir-zibil çeleginden iýere zat gözleýän adam.

Azatlygyň ýerli habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen daýhanlaryň aýtmaklaryna görä, bu ýyl häkimiýetler bugdaýy orlan meýdany arassalamak, ýagny ol ýerdäki saman-sypaly çöpläp almak, haşal otlary aýyrmak üçin bary-ýogy bir gün wagt berýärler.

Türkmenistanda dowam edýän un, çörek gytçylygynyň fonunda ýetip gelen galla oragy dowam edýär, bu ýyl häkimiýetler güýçli harasatdan we çekirtge belasyndan alada galan daýhanlaryň ýagdaýyny kynlaşdyrýan ýene bir täzelik tapana meňzeýär.

Ozal habar berlişi ýaly, ýurduň Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 12-nji iýundan galla oragyna başlanmaly edildi.

Emma muňa garamazdan, orak bilen bagly aladalar has öňräkden, ýetişen hasylyň ogurlanmagynyň öňüni almak üçin görülýän gorag-gözegçilik çärelerini pugtalandyrmak, okuwçylary we býujet işgärlerini dynç alyş, Oraza baýramy günlerinde hem ýowara çykarmak bilen başlandy.

Mary welaýatyndan 4-nji iýunda gelen habara görä, bu sebitde orak möwsümi geň bir täzelik bilen başlandy.


Azatlygyň ýerli habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen daýhanlaryň aýtmaklaryna görä, bu ýyl häkimiýetler bugdaýy orlan meýdany arassalamak, ýagny ol ýerdäki saman-sypaly çöpläp almak, haşal otlary aýyrmak üçin bary-ýogy bir gün wagt berýärler.

"Kärende ýeriniň bugdaýy kombaýn bilen orlandan soň, kärende eýesine öz orlan bugdaýynyň yzynda galan samanyny, sypalyny bir gün içinde ýygnap almalydygyny, eger-de ýer eýesi bu işleri bir günde edip ýetişmese, ol ýeriň külte basyp, traktor bilen sürüljekdigini duýdurdylar" diýip, habarçy aýtdy.

Kärendeçileriň sözlerine görä, bu gyssanmaçlygyň sebäbi düşündirilmeýär.

Geçen ýyllarda daýhanlar bugdaýy orlan meýdanlardaky samany, sypaly arkaýyn ýygnap alardylar, soň ol ýerde esli wagtlap mallaryny bakardylar, ýerde galan gaty çöpleri otlardylar. Emma bu ýyl orak meýdanynda galan çöp-çalamlary otlamagy hem gadagan etdiler, ýeri bolsa öz puluňa sürdürmeli diýip, daýhanlar iş, durmuş şertleriniň ýyl-ýyldan kynlaşdyrylmagyndan nägile bolýarlar.

Mundan öň radionyň habarçysy Maryda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň orak dabaralaryna gabat sapar etmek ähtimallygy zerarly, edara işgärlerini dynç, baýram günlerinde ekin ýakalaryny arassalamaga mejbur edýändiklerini habar beripdi.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy hem bugdaý oragynyň eýýäm başlanandygyny habar berýär. Ýöne ol Çärjew, Farap we Sakar etraplaryndaky bugdaý meýdanlaryna apreliň aýagynda gopan güýçli harasatyň uly zyýan ýetirendigini, kärendeçileriň öz ýerlerinden uly hasyla garaşmaýandyklaryny hem sözüne goşdy.

Şeýle-de habarçy bu ýyldaky galla oragynyň dükanlaryň agzynda ir sagat 5-den başlanýan uzyn nobatlaryň fonunda dowam edýändigini belledi.


Onuň sözlerine görä, apreliň aýagynda gopan harasatda maşgala agzalaryny ýitiren hojalyklar merhumlaryň hatyrasyna sadaka bermek üçin dükanlaryň satyjylary bilen gürleşip, olara özlerine gerek çöregiň puluny berýärler. Soň satyjy nobata duranlaryň hersine iki çörekden paýlap, sadaka berjek adamyň "möhümini bitirýär".

Şeýle-de habarçy maşgala agzasyny ýitiren we sadaka berjek adamlaryň şäher häkimliginde bellik etdirmelidigini, olara çöregiň şondan soň satylmaly edilendigini habar berýär.

Şäher häkimliginde ýörite topar döredildi, şol topar sadaka üçin çörek aljaklara "haýyr-sahawat üçin" diýip, bellik goýýar, biz diňe şondan soň nobata duranlara çörek paýlap bilýäris diýip, anonim şertde gürleşen satyjy radionyň habarçysyna aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri apreliň aýagynda Lebapda we Maryda gopan harasatda adam ýitgileriniň bolandygy, ekine, ýaşaýjylaryň emläklerine ýeten zyýan barada hiç bir maglumat bermediler.

Şeýle-de habarçy Lebapda azyk kynçylyklarynyň dowam edýändigini, günüň jokramma yssysynda hem hapa taşlanýan çelekleri dörüp, zat gözläp ýören adamlary görüp bolýandygyny aýdýar.

"Howanyň yssylygy 3-nji iýunda saýada 46/6 boldy, howa diňe gün batandan soň salkynlaşýar" diýip, habarçy aýtdy we bu ýagdaýyň tok, elektrik ýetmezçiligini hem güýçlendirýändigini sözüne goşdy.

"Köp öýde sowadyjy işlänok, toguň güýji pes. Üstesine, şindi hem ýykylyp ýatan elektrik sütünlerini görse bolýar" diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häkimlikde bizde ýöriteleşdirilen awtoulaglar ýok, elektrigi öz hasabyňyza bejerdiň diýýärler. Adamlar Türkmenabadyň häkimligine degişli bolmadyk ýerlerde pul toplap, öz hasaplaryna elektrik simlerini bejerdýärler diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG