Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda orta mekdeplerden okuwçylaryň ahlak terbiýesine üns bermek talap edildi. Sebäp näme?


Soňky jaň dabarasy, Aşgabat, 25-nji maý, 2020

Okuw ýylynyň soňunda bilim resmileri Aşgabadyň mekdep ýolbaşçylaryndan okuwçylaryň ahlak taýdan terbiýesine ünsi güýçlendirmegi talap etdiler. Maý aýynyň ikinji ýarymynda bu mesele paýtagtyň bilim edarasynda mekdepleriň müdirleri we bilim boýunça ýolbaşçylary üçin geçirlen ýygnaklarda yzygiderli maslahat edilipdir. Okuwçylaryň ahlak terbiýesi barada ýygnaklar paýtagtda we welaýatlarda ene-atalar üçin hem geçirilipdir.

Paýtagtyň mekdep ýolbaşçylary üçin geçirlen ýygnaklardaky esasy temalaryň biri okuwçylaryň seksual aktiwligine degişli bolupdyr. Şol sanda gyz okuwçylaryň göwreli bolmagy problemasy gozgalypdyr. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysyna Aşgabadyň bilim edaralarynyň resmileri gürrüň beripdir. Adyny agzamazlyk şerti bilen gürrüňdeş bolan çeşmämiz paýtagtda okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly azyndan 7 ýagdaý ýüze çykypdyr. Munuň bilen baglylykda mekdep ýolbaşçylaryna okuwçylaryň ahlak meselesine ünsi güýçlendirmek talap edilipdir.

"Ýokary klas okuwçylaryň göwreli bolmagy uly täsir döredipdir, sekizinji klasda okaýanlar hem bar. Bu barada Bilim ministrligindäki maslahatlarda köp gürrüň edildi. Şu ýyl soňky jaň dabarasynyň ýatyrylmagynyň bir sebäbi şunuň bilen hem bagly. 25-nji we 26-njy maýda kafeler ýapyk boldy. Emma olar kwartiralarda we hususy öýlerde bellediler" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 3-nji iýunda gürrüň berdi.

Okuwçylaryň ahlak häsiýetine degişli ýygnaklar welaýatlarda hem geçirilýär. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, Maryda we Lebapda ýygnaklarda ene-atalardan gyz okuwçylaryň mekdepden soň ene-atasyz köçä çykmazlygyny we telefonlara ulanmazlygyny talap edýärler. Gyzlaryň ahlak kemçilikleri barada aýdyp, okuwçylaryň göwreli bolmagy meselesini gozgaýarlar, şeýle-de çilim çekmek we alkogol içmek ýaly problemany gozgaýarlar. Aýratyn üns gyzlaryň daş-keşbine, geýimine berilýär. Ene-atalardan gyzlaryň dar köýnek geýmezligi talap edilipdir.

Hususan-da, Marydaky mekdeplerde ene-atalara täze okuw ýylynda gyzlaryň mekdebe geýjek köýnekleriniň giň, ýanly, uzyn ýeňli bolup, boýnuny hem ýapyp durmalydygyny duýdurdylar.

Azatlyk Radiosynyň welaýatlardaky habarçylary hem, ýerlerdäki bilim resmileriniň aladalarynyň okuwçylaryň arasynda ten satmak, göwreli bolmak, zorlanmak ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen hem baglydygyny aýdýarlar.

"Lebap welaýatynda we Türkmenabat şäherinde bu uly bir mesele. 8-11-nji klas okuwçylaryň göwreli bolýan ýagdaýlary seýrek däl. Bir okuwçynyň göwreli bolmagy bilen baglylykda birnäçe erkek adamlaryň tussag edilen ýagdaýlary hem boldy, sebäbi şol bir gyz birnäçe adam bilen jynsy gatnaşyk saklapdyr. Şeýle-de, göwreli bolan gyza öýlenmegi wada beren adamlaryň tussaglykdan boşadylan halatlary hem boldy" diýip, Lebapdaky habarçymyz 3-nji iýunda habar berdi.

Bu aralykda Maryda mekdep okuwçy gyzlary ýygy-ýygyndan ginekologiýa barlagyndan geçmek üçin ugradýarlar, ýaş mugallymlardan bolsa, okuwçylar bilen seresaply gürleşmegi talap edýärler.

"10-11-nji klaslaryň okuwçylary ýygy-ýygyndan ginekologiýa barlagyndan geçýärler. Gyzlaryň öýlerinden gaçyp gidýän ýagdaýlary hem bolýar. Mekdeplerde gürrüňdeşlik geçirip, olardan sapaklarda we okuwçylar bilen söhbetdeşlikde iňňän seresaply bolmagy talap edýärler" diýip, Marydaky habarçymyz 3-nji iýunda aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky we Marydaky habarçylary soňky wagtda mekdep okuwçylarynyň ten satmak bilen meşgullanmagy ýaly ýagdaýlaryň köpelendigini aýdýarlar. Bu problema-da, mekdeplerde okuwçylaryň ahlak terbiýesine ünsüň artdyrylmagyna sebäp bolan ýagdaýlaryň ýene biri.

Habarçylaryň sözlerine görä, ýerli ilat okuwçylaryň ten satmak işine baş goşmagyny diňe bir ahlak kemçiligi bilen däl, eýsem ykdysady sebäpler bilen baglanyşdyrýarlar.

"Käbirleri ten satmak bilen öz maşgalasynyň maddy mümkinçiliginden has gowy ýaşamak isleýärler, özleriniň has gurply boýdaşlaryndan kem görünmejek bolýarlar" diýip Marydaky habarçymyz aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde, okuwçylardan toý-dabaralar, baýdaklar, prezidentiň portretleri, abatlaýyş we arassaçylyk işleri ýaly maksatlar üçin ýygy-ýygydan ýygnalýan puluň möçberi köp maşgalalaryň maddy mümkinçiliginden aşa bolýar.

Lebapdaky habarçymyzyň sözlerine görä, häzirki wagtda kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlar jenaýatçy toparlaryň hem toruna düşýär.

"Türkmenistanda ýaşlaryň internetdäki pornografiýa sebäpli ahlagy bozulýar diýlen bahasy bilen interneti doly petiklediler. Indi pornografiýa olara elýeterli däl, emma ten satmaklyk azalmady. Häzir Tükmenabatda ýörite öýler bar, şol ýerde okuwçylar hem tenini satýarlar. Polisiýanyň mundan habarsyzdygyna hiç kim ynanmaýar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, okuwçy gyzlaryň ten satmak işine baş goşmagynyň pajygaly ýagdaýlara sebäp bolýar. Maý aýynyň başynda Azatlyk Radiosy Aşgabadyň №15 mekdebiniň 10 klas okuwçysynyň öz janyna kast etmek üçin dördünji gatdan özüni oklap, agyr ýagdaýda keselhanada galýandygyny habar beripdi.

3-nji iýunda Azatlygyň habarçysy şol bolan waka degişli goşmaça maglumat berdi: "Aşgabatda gürrüň edilýän ýagdaýlaryň biri 15-nji mekdepde okuwçy gyzlaryň jenaýat toparyny döretmegi, olar priton döredipdir. Aýdylyşyna görä, gyzlar jaýy kireýe alyp, müşderiler we pornografiýany wideo düşürmek bilen priton döredipdir. Ony gurnan gyzlaryň biri bikanun hyzmatlardan peýdalanyp göwresindäki çagany düşürdensoň, 4-nji gatdan özüni oklapdyr. Ol gurply maşgalanyň çagasy. Ol diri galdy we beýlekileriň eden zatlaryny gürrüň berdi". Azatlyk Radiosy bu gyzyň adyny agzamakdan saklanýar.

Mundan başda, Aşgabadyň Türkmenistandaky habarçylary orta mekdeplerde kiçi klas çagalaryň ulular tarapyndan zorlanmagy bilen bagly barlaglaryň geçirilendigini maýy aýynyň başynda habar beripdi.

"Medisina barlaglarynyň dowamynda mekdeplerde oglan çagalary barladylar. Oglanlaryň arkasyny we butlaryny barladylar, sebäbi çagalaryň uly klas okuwçylary tarapyndan zorlanmagyna degişli ýagdaýlar boldy" diýip, habarçymyz Aşgabadyň mekdep işgärlerine salgylanyp, 7-nji maýda habar berýär. Onuň sözlerine görä, çagalaryň seksual zorluga sezewar bolmagyna degişli ýagdaýlar häli-şindi ýüze çykýar.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysyna welaýatda golaýda bolan ýagdaýlaryň biri mälim boldy: "Kiçi klasda okaýan oglan çaga mekdebe gitmejegini aýdypdyr. Ejesi sebäbini biljek bolanda ol başda aýtmandyr, soňra gürrüň beripdir. Ol her gezek mekdepden çykanda ony geýnüwli bir adam garşy alyp, dükandan islän zadyny satyn alyp beripdir, soň çagany öwrenişdirip, ony zorlapdyr. Şonuň üçin oglanyň mekdebe gidesi gelmändir. Aýdylşyna görä, ol adamy sakladylar" diýip, habarçymyz gürrüň berýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi mekdeplerde ýüze çykýan okuwçylaryň seksual problemalary baradaky ýagdaýlary kommentirlemeýär. Döwlet mediasy problemalary gozgamaýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýaşlaryň ahlak terbiýesine 2018-nji ýylyň başynda ünsi güýçlendiripdi. Şonda döwlet telewideniýesinde we kinofilmlerde seksual sahnalary, zorlugy we erbet endikleri görkezmegi gadagan edýän kanun çykypdy. Şeýle-de şol kanunda ýurduň "oňyn obrazyny" döretmek göz öňünde tutulýar. Şondan soň ýurduň mekdeplerinde okuwçylaryň mobil telefonlaryny barlamak we pornografiýa degişli maglumatlary gözläp tapmak boýunça çäreler yzygiderli alnyp barylýar.

Şeýle-de şu ýylyň fewral aýynda mekdep okuwçylaryna agşam sagat ondan soň köçä çykmak gadagan edildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG