Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda ene-atalar bilen ýygnak geçirilip, okuwçy gyzlaryň ginekologiýa barlagyndan geçiriljekdigi duýduryldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki orta mekdeplerde okuwçylaryň ene-atalary bilen ýygnak geçirilip, olardan öz çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek talap edildi. Şeýle-de, bu ýygnaklaryň dowamynda ene-atalara okuwçy gyzlaryň ginekologiýa barlagyndan geçiriljekdigi hem duýduryldy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän maryly habarçysynyň okuwçylaryň ene-atalarynyň ençemesine salgylanyp, 21-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, şeýle ýygnaklar şu gün şäheriň tas ähli, şol sanda 8-nji we 14-nji orta mekdeplerinde geçirildi.

“Bu ýygnaklarda mekdep mugallymlary we ýolbaşçylary okuw ýylynyň birinji çärýegi tamamlananda, okuwçylaryň 22-30-njy oktýabr aralygynda dynç alyş kanikulyna goýberilýändigini aýtdylar. Bu döwürde ene-atalaryň çagalaryny, hususan-da, gyzlary öz kontrollugynda saklamalydyklaryny aýtdylar. Işleýän okuwçylary işe goýbermezligi, ýagny işden çykarmagy, çagalar nirä gitse öz ene-atalary bilen bile gitmelidigini duýdurdylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Şeýle-de, mekdep ýolbaşçylary ene-atalara 8-nji, 9-njy, 10-njy we 11-nji klas okuwçy gyzlaryň medisina, ýagny ginekologiýa barlagyndan geçiriljekdigini hem duýdurdylar. Ýöne bu barlaglaryň haçan geçiriljekdigi barada hiç zat aýtmadylar.

“Mekdep ýolbaşçylary bu barlaglaryň okuwçy gyzlaryň ýa-da olaryň ene-atalarynyň islegine ýa-da razylygyna garamazdan geçiriljekdigini aýtdylar. Olar bu çäräniň sebäplerini ‘okuwçy gyzlar gowy durmuş gözläp, ters ýoldan ýöreýärler’ diýip düşündirdiler” diýip, habarçy belledi.

Mundanam başga, ýygnaklaryň dowamynda ene-atalara soňky ýyllarda keselhanalarda mekdep okuwçylarynyň çaga dogurýandygyny, şeýle-de olaryň arasynda saglyk merkezlerine ýüz tutman, öýlerde gizlin çaga dogurýanlaryň ýa-da abort etdirýänleriň hem bardygy aýdyldy.

“Şol sebäpli ene-atalardan öz çagalaryny yzygiderli üns merkezinde saklamak, olaryň mobil telefonlaryny we girýän saýtlaryny barlap durmak talap edildi” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Mary welaýatynyň bilim bölüminden, şeýle-de 8-nji we 14-nji orta mekdeplerinden kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Şol bir wagtyň özünde, bu waka Türkmenistanyň Türkmenabat we Aşgabat şäherleriniň orta mekdeplerinde “gyzlaryň ahlagy” baradaky ýygnaklaryň geçirilen mahalyna gabat geldi.

9-njy oktýabrda Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy welaýatyň kazyýet, prokuratura, polisiýa, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň orta we hünär mekdepleriň okuwçy gyzlary bilen ýörite ýygnaklary geçirendigini habar berdi.

11-nji oktýabrda Aşgabatdaky habarçymyz hem, paýtagtyň tas ähli, şol sanda Gaudan A etrapçasyndaky orta mekdeplerde dürli döwlet edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda ýokary klas okuwçy gyzlaryň ejesi bilen ýygnaklaryň geçirilendigini aýtdy.

Türkmenabat we Aşgabat şäherlerinde geçirilen bu ýygnaklarda çykyş eden türkmen resmileri okuwçy gyzlaryň ahlak terbiýesi barada gürrüň edip, soňky döwürde okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigini aýtdylar. Şonda okuwçy gyzlara “edep-terbiýe barada öwüt-nesihat berildi”, gyzlaryň ejesine olara gözegçiligi güýçlendirmek tabşyryldy.

Türkmenistanda okuwçy gyzlaryň ginekologiýa barlagyndan geçirilip, olaryň gyzlygynyň barlanýandygy barada mundan ozal hem habarlar peýda bolupdy.

2018-nji ýylyň fewralynda Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy welaýatyň merkezi şäherindäki we etraplaryndaky orta mekdeplerine baran ginekologiýa lukmanlarynyň ýokary klas gyzlary hatara düzüp, mekdebiň medisina punktunda barlag geçirendigini habar berdi.

“Gyzlygy bolmadyk gyzlaryň hem ejelerini çagyryp, köpçüligiň öňünde masgara edip, gyzlarynyň terbiýesine seretmegi tabşyrdylar” diýip, Gurbansoltan eje etrabynda ýaşaýan mekdep okuwçysy gürrüň beripdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet mediasy okuwçy gyzlaryň “ahlagyna gözegçilik etmek” mazmundaky ýygnaklary açyk agzap, mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG