Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ protestleriniň beýanynda öz gozgalaň, bidüzgünçilik gorkularyny açýar


Rus döwlet TW-siniň ekranyndan alnan surat.

ABŞ-nyň onlarça şäherinde bolup geçýän talaňçylyklar we polisiýanyň zoňtarlygy baradaky wideolar dünýädäki awtoritar hökümetleriň Birleşen Ştatlaryň daşary ýurtlarda wagyz edýän zatlaryny özünde ulanmaýandygy baradaky täze aýyplamalaryna tutaryk bolup hyzmat edýär.

Ekran ýokaryk uzadan elini we täç geýdirilen başyny bulut bürän, dyzyny dem aljak bolup dyrjaşýan garaýagyz adamyň boýnundan aýyrman, ony berk ýere basýan amerikan polis ofiseriniň sypatynda şekillendirilen Azatlyk heýkelini görkezýär.

Döwlet eýeçiligindäki “Rossia-1” kanalynyň meşhur habar programmasy “Vesti Nedeli” (Hepdäniň habarlary) 31-nji maýda efire berlen aç-açan montaž edilen, kesilip-biçilen gepleşiginde rus tomaşaçylaryna ABŞ demokratiýasynyň üýtgewsiz nyşany bilen köpleriň onuň kemçilikleriniň bir alamaty hökmünde görýän hadysasynyň, afrikan asylly Jorj Floýduň 25-nji maýda Minneapolisde ýaragsyz halyna akýagyz polis ofiseriniň elinde ölmeginiň arasyndaky kesgin çaprazlyklary görkezmäge çalyşdy.

"Bu Amerika we garaýagyzlar babatyndaky şeýle çemeleşme kabul edilen praktika" diýip, gepleşigi alyp baryjy Dmitriý Kiselýow ABŞ-da jyns taýdan deňsizlik we polisiýa zoňtarlyklary barada ýekşenbe güni agşam efire beren monologynda ynandyrmaga çalyşdy. "Özem bu şol bir Amerika, planetanyň nädip ýaşamalydygyny öwretmäge synanyşýan ýurt" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň onlarça şäherinde bolup geçýän talaňçylyklar we polisiýanyň zoňtarlygy baradaky wideolar dünýädäki awtoritar hökümetleriň Birleşen Ştatlaryň daşary ýurtlarda wagyz edýän zatlaryny özünde ulanmaýandygy baradaky täze aýyplamalaryna tutaryk bolup hyzmat edýär.

Rus döwleti hem bu ýerde kadadan çykma däl. Prezident Wladimir Putiniň hökümeti ýurt içindäki protestleri yzygiderli basyp ýatyrýar we, parahat demonstrasiýaçylara garşy güýç we zorluk ulanýandygy sebäpli, kämahal Waşingtondan we Günbatardan adam hukuklaryna hormat goýulmagy baradaky talaplary eşidýär. Emma häzir, ABŞ-da bidüzgünçilikler we polisiýanyň zoňtarlyklary sebäpli, Orsýet Waşingtonyň Moskwanyň özünden eden talaplaryny gaýtalap, ony adam hukuklary babatynda jogapkärçilige çagyrýar.

"Biz ABŞ häkimiýetlerini meseleleriň häzirki ýagdaýyny gowulandyrmak üçin netijeli çäreleri görmäge çagyrýarys" diýip, Daşary işler ministrliginiň 29-njy maýdaky beýanatynda aýdylýar.

"Halkara borçnamalaryna hormat goýmak we milli kanunlary BMG-niň hukuk goraýjy edaralar tarapyndan güýç we ýarag ulanmak baradaky esasy ýörelgelerine laýyk getirmek üçin ak ýürekden edilýän tagallalary dikeldiň" diýip, rus DIM-i aýdýar.

ABŞ-ny ikiýüzlilikde aýyplamak Kreml we onuň gözegçilik edýän habar beriş serişdeleri üçin hiç bir jähtden täzelik däl, bu gylyk baryp Sowuk uruş döwründen uç alýar. Kremliň baş telewagyzçysy hökmünde giňden tanalýan Kiselýow bir gezek tomaşaçylara Orsýetiň "Birleşen Ştatlary radioaktiw küle öwürmäge ukyply" ýeke-täk ýurtdygyny aýtdy. "Vesti Nedeliniň" gepleşiklerinde öjükdiriji anti-amerikan ritorika kada bolup durýar.

Syýasat üçin ýer ýokmy?

Emma muňa garamazdan, Kremle tarapdar hünärmenler we döwlet TW programmalary adat bolan anti-amerikan äheňlerini ýokarlandyrsalar-da, käbir synçylar Moskwanyň ABŞ-nyň köçelerindäki bulam-bujarlyklary görkezmek we halkyň häkimiýetlerden nägileligine, ýerli polisiýadan prezidente çenli bildirilýän gahar-gazaba goldaw bermek mümkinçiliginiň arasynda seresaply bir çyzyk çekmäge mejbur bolýandygyny aýdýar.

Kreml protestçileriň özgerişleri talap edýändigini we ony gazanýandygyny görkezmek islemeýär.
Kreml protestçileriň özgerişleri talap edýändigini we ony gazanýandygyny görkezmek islemeýär.


"Kreml rewolýusiýa bilen baglanyşykly islendik zada düýrmegi bilen garşy durýar" diýip, Waşingtonda ýerleşýän ylmy-barlag öýüniň, Ýewropanyň syýasaty seljeriş merkeziniň işgäri Mariýa Snegowaýa aýdýar. "Munuň sebäbi Kremliň Ukrainada, Gürjüstanda, Gyrgyzystanda bolan reňkli rewolýusiýalar bilen baglylykda başdan geçiren ynjyk ýagdaýlary, şeýle-de bu hili ýagdaýlaryň ýurt içindäki nägilelikleri öjükdirmeginden edýän aladalary bilen bagly, çünki olar hökman Putiniň häkimiýeti elde saklamagyna wehim salar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Moskwa Birleşen Ştatlary öňki sowet respublikalarynyň birnäçesinde kök uran hökümetleri süpürip taşlan "reňkli rewolýusiýalary" amala aşyrmak üçin protestleri öjükdirmekde aýyplap, özüni köp ýyl bäri Amerika garşy guralýan ideologiki göreşiň öňbaşçysy hasaplaýar.

Putin 2011-nji ýylda ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klintoni saýlaw galplyklaryna we üçünji prezidentlik möhleti üçin Kremle gaýdyp gelmegine garşy uly protest tolkunyny gurnamakda aýyplady. 2014-nji ýylda bolsa, Moskwa dostlukly prezident Wiktor Ýanukowiçi wezipesinden kowan Ýewromaýdan protestleri Kreml tarapyndan, Kiýewi Günbatara gönükdirmek maksady bilen, Waşingtonyň gurnan döwlet agdarylyşygy hökmünde görkezilmäge çalşyldy.

2-nji iýunda talanan dükan, Manhattan, Nýu-Ýork. Rus TW-siniň görkezmek islän suraty
2-nji iýunda talanan dükan, Manhattan, Nýu-Ýork. Rus TW-siniň görkezmek islän suraty

Şu sebäpden, köçe protestleri, pitne, gozgalaň ýa-da rewolýusiýa syýasy özgerişlikleriň gazanylmagy üçin netijeli bir usul bolup durýar diýen ýaly islendik pikir-düşünjäniň ýaňzydylmagy rus radiotolkunlaryna gözegçilik edýänler üçin dile alyp bolmajak gabahatlyk bolup durýar.

"Ol ýerde köçäniň syýasatyň ýeri däldigi barada örän giň we erjel yşarat bar, hakykatdanam syýasata halk köpçüliginiň garyşmagy diňe durnuksyzlyga we ahyr netijede zorluga alyp gelýär" diýip, Londondaky Patyşalyk (King) kolležiniň Orsýet institutynyň müdiri Sam Grin aýtdy. "Olar Ýewromaýdan babatynda hem şu pikire agram berýärdiler we ine häzir, amerikan wakalaryna hem şeýle garalmagyny isleýärler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG