Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda gyt azyk önümleri bir hepde arakesmeden soň gaýtadan satuwa çykaryldy


Azyk nobatlary. Arhiwden alnan surat
Azyk nobatlary. Arhiwden alnan surat

Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň döwlete degişli dükanlarynda ösümlik ýagy, şeker, ýumurtga we towuk budy bir hepde arakesmeden soň gaýtadan satuwa çykaryldy. Bu gyt azyk önümleriniň ilata satylýan mukdary azaldylan mahaly, olaryň bahalary ýokarlandyryldy.

"Şu gün döwlet dükanlarynda günebakar ýagy, towuk budy, şeker we ýumurtga satyldy. Bu azyk önümleri soňky gezek geçen hepde satylypdy. Käbir etraplarda we obalarda azyk önümlerini her 10-15 günden satýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan baýramalyly habarçymyz 4-nji iýunda gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, öňkülerden tapawutlylykda bu gezek her adam başyna däl-de, her hojalyga 1 kilogram şeker, 1 sany towuk budy, 800 gram günebakar ýagy we 10 sany ýumurtga satyldy.

"1 kilogram şeker 8 manatdan, 1 kiçijek towuk budy 10 manatdan satuwa çykaryldy. Onuň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçen şerbet suwuny almaly, oňa aýratyn 3 manat tölemeli. Bu gün berilen towuk budy 650 gram, käbiri ondan hem kiçi. Bir hojalyk bolup bir kiçijek budy iýmeli. Günebakar ýagy üçin 13 manat, 10 sany ýumurtga üçin 6 manat tölemeli" diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy geçen hepde 1 kilogram şekeriň 7 manatdan, 2 sany towuk budunyň 10 manatdan, 800 gram günebakar ýagynyň 12 manatdan we 10 sany ýumurtganyň 5 manatdan satylandygyny aýdyp, nobata duran adamlaryň aglabasynyň satylýan azygyň mukdarynyň kemeldilip, bahasynyň gymmatladylmagyna nägilelik bildirendigini hem belledi.

"Raýatlar dükan satyjysyna nägilelik bildirende, olar polisiýa eşigindäki işgärleriň arkasynda gizlendiler. Polisiýa işgärleri raýatlaryň tarapynda däl-de, dükan satyjylarynyň tarapynda bolýar" diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtda, ol dükan satyjylarynyň käbir azyk harytlarynyň kilogramyny kemeldip satýandygyny we polisiýa işgärleri bilen bilelikde pul gazanýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

"Öýüňe gelip, käbir azyk önümleriniň kilogramyny ölçäniňde ep-esli az çykýar. Şu gün dükandan şeker satyn alan adamlaryň biri bir salymdan yzyna geldi we şekeriň 1 kilogram däl-de, 700 gramdygyny aýdyp, ony yzyna tabşyrmakçy boldy. Ýöne polisiýa işgärleri ony dükana salmadylar we dükan eýesi hem yzyna almajagyny aýtdy" diýip, habarçy şaýat bolan bir wakasyny gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, dükan satyjylary günebakar ýagynyň we käbir beýleki azyk önümleriniň her hepdede bir gezek satuwa çykaryljakdygyny hem duýdurdylar.

"Dükanyň içinde günebakar ýagy üýşüp dur, emma satmaýarlar. Sebäbi olar muny haçan kimdir biri gelip görse, "Döwlet dükanlarynda ýag bolelin dur, halk ýagsyz kösenmeýär" diýmek üçin edýärler. Şu gün nobata 30-40 adam duran bolsa-da, olaryň ählisine azyk satmadylar" diýip, habarçy sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada dükan resmilerinden we Baýramaly şäher polisiýasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda agyr ykdysady kynçylyklaryň fonunda, döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň gytçylygy bilen bagly problemalar dowam edýär. Raýatlar hususyýetçilerde gymmat bahadan satylýan azyk önümlerini arzan bahadan satyn almak üçin döwlet dükanlarynyň öňünde nobatlara garaşmaga mejbur bolýarlar.

Maglumat üçin aýtsak, 4-nji iýunda Marynyň bazarlarynda günebakar ýagynyň 800 gramy 25 manatdan we 1 litri 30 manatdan bahalanýar.

Munuň bilen bir wagtda, ýurt raýatlary öz bank kartlaryndaky zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakda-da ýiti kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bankomatlarda nagt pul tapmaýan ilat töleg terminallarynyň-da kadaly işlemeýändigi sebäpli, öz kartlaryndaky puldan nagt däl söwda-da peýdalanyp bilmeýärler.

19-njy maýda Azatlygyň Marydaky habarçysy welaýatda adamlaryň, azyk we maliýe krizisiniň ýitileşmeginiň arasynda, gapysyndaky mallaryny, şahsy ulaglaryny we gyzyl şaý-seplerini “deger-degmez” bahadan satmaga başlandygyny habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG