Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon käbir kärhanalar üçin salgyt kanikulyny yglan etdi, şeýle-de ilatyň eli ýuka agzalaryna 40 dollar, COVID-19 näsaglaryny bejerýän lukmanlara goşmaça kömek pullaryny tölemegi buýurdy.
Täjigistanda salgyt dynç alyşlary 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinden 1-nji sentýabryna çenli dowam eder. Olar diňe syýahatçylyk we myhmanhana, naharhana, saglyk we sport merkezleri, kurortlar, şeýle hem halkara ýolagçy gatnawy we howa gatnawy bilen meşgullanýan guramalara degişlidir.
Beýleki ugurlardaky kärhanalaryň işgärleri salgyt töleglerinden boşadylmaýar.
Ilatyň eli ýuka gatlagynyň iň pes aýlyk haklarynyň (40 dollar ýa-da 400 somoni) möçberinde tölenmegine garaşylýar.
Bu kömegi aljaklaryň arasynda Ikinji Jahan urşuna gatnaşanlar, maýyplar, ýetimler, köçe çagalary, garyp maşgalalar, şeýle hem ekleýjisiz galan zähmet migrantlarynyň maşgalalary bar.
Rahmon koronawirus näsaglygyny bejerýän lukmanlaryň hem aýlyk haklaryny ýokarlandyrmagy buýurdy.
Mundan başga, COVID-19 sebäpli bejergi alýan täjikler prezidentiň karary bilen maýyplyk we kompensasiýa şahadatnamalaryny alarlar we hassalara döwletiň hasabyna ideg ediler.