Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda geçirilen oppozisiýa ýygnanyşyklarynda ýüzden gowrak adam tussag edildi


 Almatydaky protestçi. 6-njy iýun, 2020.
Almatydaky protestçi. 6-njy iýun, 2020.

Gazagystanda, iki oppozisiýa partiýasynyň 6-njy iýunda Merkezi Aziýa ýurdunda demokratik özgertmeleri talap etmek üçin birnäçe şäherde ýygnanyşyk gurnamagy bilen, polisiýa 100-den gowrak oppozisiýa aktiwistini tussag etdi.

Habarlarda aýdylmagyna görä, ýurduň söwda paýtagty Almaty şäherinde onlarça adam tussag edildi, beýleki şäherlerde, şol sanda paýtagt Nur-Soltanda hem tussag edilenleriň bolandygy habar berilýär.

Bu tussag etmeler demonstrasiýalar barada has liberal kanunlaryň güýje girmegine garamazdan amala aşyryldy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar 2019-njy ýylda prezidentlikden çekilen Nursultan Nazarbaýewiň ornuna geçen prezident Kasym-Žomart Tokaýewi adam hukuklaryna hormat goýulmagyny gowulandyryp bilmezlikde tankyt etdiler.

19 million ilatly nebite baý ýurt, koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykýan energiýa arzanlamalary sebäpli, agyr zyýan çekdi.

Resmi maglumatlara görä, geçen aý tamamlanan iki aýlyk petiklenme wagtynda ýurtda dört milliondan gowrak adam girdeji çeşmelerini ýitirdi.

XS
SM
MD
LG