Türkmen DIM-i ýurtdaky diplomatik missiýalaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň, türkmen resmileriniň we žurnalistleriň gatnaşmagynda koronawirus ýokaşmasyndan goranmak çärelerine bagyşlanan brifing geçirdi.
Munuň bilen bir wagtda, COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýan Türkmenistan edara-kärhanalaryň işgärlerini köpçülikleýin lukmançylyk barlagyndan geçirmek çärelerini güýçlendirdi.
Ministrliginiň websaýtynda çap edilen maglumata görä, 5-nji iýunda geçirilen brifingde türkmen daşary işler ministri Reşit Meredow çykyş edip, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessine çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň Bütindünýä Saglyk guramasynyň berýän maslahatlaryna berk laýyklykda işlenilip taýýarlanandygyny nygtady.
Emma adatça bolşy ýaly bu meýilnamanyň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmazdan, umumy sözlerde maglumat berildi.
Resmi habara görä, maslahatda çykyş edenler, şol sanda “BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ý.Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ýolbaşçysy N.Drozd dagylar Türkmenistan tarapyndan ýiti ýokanç keselleriniň öňüniň alynmagy boýunça alnyp barylýan hereketlere... ýokary baha berdiler."
Türkmenistan ýurtda koronawirus näsaglarynyň hiç biriniň hasaba alynmandygyny aýdýar we COVID-19 keseliniň global pandemiýasy döwründe BSG-niň keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin üýşmeleňlerden saklanmak we maskalary dakynmak ýaly maslahatlaryny äsgermeýär. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri pandemiýa döwründe köpçülikleýin çärelerini hem-de baýramçylyklary uludan bellemegi dowam etdirýärler.
Şeýle köpçülikleýin çäreleriň biri soňky gezek hepdäniň dynç gününde Aşgabadyň etegindäki Saglyk ýolunda geçirildi. Türkmen telewideniýesiniň 7-nji iýunda giçlik görkezen maglumatlarynda sport geýmindäki ýaşlaryň ýüzlerçesiniň maskasyz, köpçülikleýin ýöriş geçirýän pursatlaryny görse bolýar.
Beýleki tarapdan, türkmen häkimiýetleri koronawirus ýokuşanlary anyklamak üçin ýurduň edara-kärhanalarynyň işgärlerini mejbury lukmançylyk barlagyndan geçirmek çärelerini güýçlendirýärler.
Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän Aşgabatdaky habarçylarynyň biri şu günler şäheriň Saglyk öýleriniň öňünde saglyk barlagyndan geçmek isleýän býujet işgärleriniň uly nobatlarynyň emele gelendigini habar berýär.
"Edara-kärhanalaryň direktorlary işgärleri gysga wagtyň dowamynda öz hasaplaryna barlagdan geçmäge mejbur edýärler. Barlagdan geçmedik işgärler, iş orunlarynyň kemeldilmeginiň çäginde, işden çykarylmak bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 8-nji iýunda gürrüň berdi.
Ol bu barlaglar üçin erkek işgärleriň 100, aýal-gyzlaryň 140 manat tölemeli bolýandygyny hem aýtdy.
"Aýal-gyzlaryň tölegleriniň köp bolmagy olaryň ginekologiýa ýaly goşmaça medisina barlaglaryndan geçirilýändigi bilen baglanyşykly" diýip, habarçy belledi.
Bu maglumaty Azatlygyň beýleki bir habarçysy hem tassyklap, bu barlaglaryň 1 minutdan köp wagta çekmeýändigini belledi.
"Işgärler bir-birden lukmanyň otagyna girýär. Lukman işgärlerden saglyk bilen bagly şikaýatyňyz barmy diýip soraýar. Olaryň hemmesi hem "ýok" diýip jogap berýärler. Sebäbi eger işgär "bar" diýse, onda ony işden çykarýarlar. Işgärler işden kowulmajak bolup, keselçiliklerini gizleýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 8-nji iýunda gürrüň berdi.
Aýdylmagyna görä, paýtagtyň demirýol wokzalynyň golaýyndaky ýerasty pyýada geçelgeleriniň we daşarky ýollaryň töwereginde polisiýa işgärleri hem-de raýat geýmindaki işgärler adamlaryň temperaturasynyň ýokarydygyny ýa-da pesdigini hem barlaýarlar.
Azatlygyň paýtagtdaky ýene bir habarçysy 7-nji iýunda Saglyk öýüniň maşgala lukmanlarynyň we şepagat uýalarynyň öýlere aýlanyp, ýaşaýjylaryň saglygy bilen gyzyklanyp başlandygyny habar berdi.
"Eýýäm köp ýyllardan bäri maşgala lukmanlary şepagat uýalary bilen bilelikde öýlere aýlanmaýardylar" diýip, habarçy 8-nji iýunda gürrüň berdi.
Şeýle-de, ol 1-nji iýundan başlap myhmanhanalarda sauna, howuz we spa hyzmatlarynyň açylmagyna rugsat berilendigini hem belledi.
""Yyldyz" myhmanhanasynda hemme hyzmatlar 1-nji iýundan, "Oguzkentde" 6-njy iýundan hödürlenip başlandy. Iýunyň birinji hepdesinde bu hyzmatlar beýleki ýerlerde-de açyldy. Şeýle hem Numurhammet Andalib köçesiniň ugrundaky elitka jaýlarda hem howuzlar açyldy" diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenistan ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýtsa-da, ilat arasyndaky keselçilik statistikasyny malim etmeýär. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri mundan ozal mekdep okuwçylarynyň, çagalar baglarynyň körpeleriniň we býujet işgärleriniň arasynda geçirilen saglyk barlaglarynyň netijelerini hem köpçülige äşgär etmeýärler.
8-nji iýunda dünýäde koronawirus ýokuşan adamlaryň sany 7,1 million adamdan aşdy we bu wirusdan ölenleriň sany 400 müňe golaýlady.