Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Türkmenistanyň COVID-19 garşy göreşi üçin maliýe kömegini artdyrýar, türkmen-eýran serhediniň açylmagy yza süýşýär


Keselhana, Türkmenistan

ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistanda COVID-19 keseliniň öňüni alyş çäreleri üçin goşmaça 500 müň amerikan dollaryny çykardy. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websaýtynda 1-nji iýunda çap bolan maglumata görä, halkara ösüş boýunça USAID fondunyň çykaran ýarym million dollar möçberindäki pul bilen bilelikde ABŞ-nyň Türkmenistanda COVID-19 keseliniň profilaktikasy boýunça tagallalaryna beren maliýe kömeginiň umumy möçberi 1 million 420 müň amerikan dollaryna barabar bolar.

Bu pul infeksiýalaryň howpy we profilaktikasy barada mekdepleri hem beýleki edaralary maglumat bilen üpjün etmek boýunça çäreler üçin niýetlenýär.

Aprel aýynda ABŞ Türkmenistana COVID-19 keselinden goranmak üçin 920 müň amerikan dollaryny çykarandygyny mälim edipdi. Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň resmi maglumatynda soňky 20 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň türkmen hökümeti bilen hyzmatdaşlygy üçin ikitaraplaýyn we regional programmalaryna 207 million amerikan dollaryny sarp edendigi we şondan 21 million dollaryň saglygy saklaýyş programmalaryna gönükdirilendigi aýdylýar.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda COVID-19 keseliniň düýpden ýokdugyny aýdyp gelýär. Şol bir wagtda-da türkmen häkimiýetleri BSG-niň infeksiýanyň öňüni almak boýunça esasy rekomendasiýalaryny, şol sanda adamlary keseliň ýokaşmagyndan halas etmek üçin sosial aralygy saklamak we maska dakynmak ýaly arassaçylyk şertleri bilen üpjün etmän gelýär. Türkmen hökümeti ilatyň arasynda koronawirus barlaglarynyň geçirilmegi we olaryň netijeleri barada resmi maglumatlary köpçüligiň dykgatyna ýetirmeýär.

Türkmenistan COVID-19 keseline garşy resmi çäreleriniň çäginde mart aýynda halkara uçar gatnawyny ýatyrypdy we serhetlerini ýapyp, ýük gatnawyny bes edipdi.

Häzirki wagtda Aşgabatdaky habarçylarymyz "Türkmenhowaýollarynyň" uçar biletlerini satyp başlandygyny habar berýärler.

"Тürkmenhowaýollary" daşary ýurtlara uçar biletlerini satmagyny dowam etdirýär, bu tomusa biletler bir eýýäm satylyp gutardy. Indi ýylyň aýagyna çenli we indiki ýyla satýarlar. Emma onuň [kompaniýanyň] işgärleri öz tanyşlaryna bilet satyn almazlygy gizlin maslahat berýärler we uçar gatnawynyň 24-nji dekabra çenli bolmajagyny duýdurýarlar. Olar biletleriň girdeji almak üçin satylýandygyny düşündirýärler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

"Türkmenhowaýollary" bilet satuwyna başlandygyny resmi taýdan yglan etmändi. Kompaniýanyň websaýtynda onlaýn bilet satyn almak üçin göz öňünde tutulan salgy işlemeýär. Kompaniýanyň COVID-19 bilen baglylykda 15-nji maýda çap eden soňky informasiýasynda halkara uçarlaryň 2020-nji ýylyň 20-nji iýunyna çenli ýatyrylandygy habar berilýär.

Mundan öň Turkmen.News neşiri Türkiýäniň howaýollarynyň Türkmenistana uçar biletlerini satyp başlandygyny 13-nji maýda habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň we garaşsyz media serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramazlygy boýunça alnyp barylýan çäreler esasan gadagançylyk häsiýetine eýe bolýar. Soňky aýlarda ilatyň ýurt içinde hereket etmegi berk çäklendirildi. Saglygy saklaýyş edaralarynda hassalaryň bejergi almak mümkinçiligi kemeldi, häzir tomus möwsüminde dynç almak üçin mümkinçilikler azaldy.

«Türkmenistanyň Hronikasy» neşiri şu ýyl Aşgabatdaky mekdeplerde çagalaryň tomus aýlarynda dynç almagy üçin niýetlenen ýörite toparlaryň işlemejegini 1-nji iýunda habar berdi. Maglumata görä, bu barada ene-atalara maýyň aýagynda habar berlipdir. Çagalaryň kitap okamagy, oýnamagy, sport bilen meşgullanmagy we teatra gatnamagy üçin niýetlenýän mekdep toparlarynyň işlemejeginiň sebäpleri düşündirilmändir.

Bu barada döwlet habar beriş serişdelerinde habar berilmedi.

Bu aralykda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň käbir keselhanalarynda welaýat ýaşaýjylarynyň saglygyny bejermek mümkinçiligini çäklendirýän täze talaplaryň girizilendigini habar berýär. Habarçymyzyň sözlerine görä, Nyýazow adyndaky keselhana welaýat ýaşaýjylaryny olaryň ýaşaýan ýeriniň keselhanasyndan resminamasy bolmadyk ýagdaýynda kabul etmeýär.

"22 maýdan başlap ýagdaý üýtgedi, hassanyň ýaşaýan ýerinden hassahanadan resmi salgysy bolmaly. Muny almak üçin adamlar ýaşaýan ýerinde ähli lukmanlardan geçmeli. Bu ortaça 50 manada durýar. Bu maddy ýagdaýy bolmadyk adamlar üçin esli pul. Üstesine, bu täze talapdan bihabar bolan maýyp çagaly ene-atalar kynlyk bilen uzak ýoly geçip, paýtagta gelensoň biderek gelendigini we möwsümleýin bejergi üçin kabul edilmejegini bilip galýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Paýtagtyň keselhanalarynda welaýatly hassalary kabul etmek düzgünlerindäki üýtgeşiklik we onuň sebäpleri barada resmi düşündiriş elýeterli däl. Mundan öň Azatlygyň habarçylary ýurduň saglygy saklaýyş edaralarynyň hassalardan boşadylyp, COVID-19 keseli bilen näsaglanlar üçin ýerleriň taýýarlanýandygyny habar beripdi.

31-nji maýda Türkmenistanyň Eýran bilen serhedini açmak planlarynyň yza tesdirilýändigi mälim boldy. Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Halesiň IRNA agentligine aýtmagyna görä, ýurtlaryň arasyndaky demirýol we awtomobil serhetleri 10-njy iýunda açylar. Eýran resmisiniň sözlerine görä, açylyş möhletiniň yza süýşmegine awtomobil we demirýol transportyny dezinfeksiýa etmek boýunça işler sebäp bolupdyr. Bu barada «Türkmenistanyň Hronikasy» neşiri habar berýär.

27-nji maýda eýran resmileri eýran-türkmen serhedini 1-nji iýunda açmak planlaryny yglan edipdi. Türkmenistanyň resmileri bu mesele barada habar bermändi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG