Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Lebapdaky iş saparyny tamamlap, Mary welaýatyna bardy


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanyň prezidentiniň uçary Türkmenabatda, fewral, 2018-nji ýyl.

9-njy iýunda ir bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň "Watan" daýhan birleşigine bardy.

Gündogar welaýatyna eden iş saparynyň dowamynda prezident orunbasarlary we beýleki döwlet resmileri bilen ýerlerde daýhanlar bilen duşuşdy, ekerançylaryň ýetişdiren hasyllary bilen tanyş boldy, bugdaý we gök-bakja ekinleriniň hasyllaryndan hem-de çörek we çörek önümlerinden gurnalan sergileri synlady. Bular barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi habar berýär.

Lebap welaýatyna eden sapary tamamlanandan soň, Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna bardy. Prezidentiň bu welaýatdaky iş sapary dowam edýär.

9-njy iýun güni ir bilen Azatlyk Radiosynyň Baýramalydaky habarçysy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna etmegine garaşylýan sapary bilen baglylykda şäherde sişenbe güni günüň ikinji ýarymynda ýollaryň petiklenendigini habar berdi.

“Ertir (10-njy iýunda) prezidentiň saparyna garaşylýar. Welaýatyň çäginde ot ýakmak, tamdyrda çörek bişirmek gadagan edildi. Tutuş Baýramaly şäheriniň çäginde howpsuzlyk berk pugtalandyryldy. Iki gün bäri bazarlar işlemeýär, käbir dükanlar ýapyk saklanýar” diýip, habarçymyz habar berdi.

Ol 10-njy iýunda ýollaryň nobatdaky duýduryşa çenli ýapylýandygyny, prezidentiň galjak rezidensiýasyna golaý sebitlerde ýaşaýan adamlara öýden çykmagyň gadagan edilendigini habar berdi, şeýle-de, prezidentiň Baýramalyda ýerleşýän taryhy ýadygärliklere, şol sanda Soltan Sanjaryň mawzoleýine hem-de Hoja Ýusup Hamedanynyň zyýarathanalaryna baryp görmegine garaşylýandygyny habar berdi.

8-nji iýunda prezident Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna bardy. Türkmenabadyň Halkara aeroportunda prezidenti resmi adamlar garşy aldylar.

Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn ynamdar çeşmesi şu hepde prezidentiň Lebap, Mary we Balkan welaýatlaryna sapar etmegine garaşylýandygyny, saparyň netijeleri boýunça regionlarda birnäçe etraby we döwet kärhanalaryny birleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Ol etraplary birikdirmegiň netijesinde welaýatlarda müňlerçe iş orunlarynyň kemelmek ähtimallygyna ünsi çekdi.

Lebap we Mary welaýatlaryndaky habarçylarymyz ýerli administrasiýalardaky çeşmelerine salgylanyp regionlaryň çäginde Amyderýa, Dänew, Oguzhan, Mary, Garagum we Baýramaly ýaly etraplarda üýtgeşmelere garaşylýandygyny habar berdiler.

Olar hususan-da ady agzalýan etraplar boýunça garaşylýan üýtgeşmeleri ýerli dolandyryş edaralaryndaky beýleki çeşmelerine tassykladyp bilmediler.

Apreliň ahyrynda ýurduň gündogar sebitlerinde turan we hekäkçililikli netijelere ýol açan güýçli tupandan soň, prezident Berdimuhamedow bu regionlara ilkinji gezek sapar edýär.

Weýrançylykly netijelere getiren güýçli howa hadysasy barada türkmen hökümetiniň uzaga çeken dymyşlygy we dikeldiş işlerine görkezen haýal reaksiýasy ýurt içinde we ýurduň daşynda ençeme türkmenistanlylaryň nägileligine alyp geldi.

Prezident Lebap welaýatyna eden iş saparynyň dowamynda harasatyň netijelerini agzamady.

Onuň Mary welaýatyna edýän iş saparynyň gün tertbinde howa hadysasynyň netijeleri baradaky meseleleriň gozgalyp-gozgalmajakdygy nämälimliginde galýar.

9-njy iýunda Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy prezidentiň Mara etmegine garaşylýan sapary bilen baglylykda welaýatda döwlet edara-kärhanalaryň işgärleriniň bugdaý meýdanlarynyň gyralarynda güýçli depginde alnyp barylýan arassaçylyk işlerine mejbury çekilýändiklerini habar berdi.

“Irden sagat 7-den öýlän sagat 17:00-ä çenli görkezilen ýerleri arassalamaly. Howanyň yssysy 45 gradusa ýetdi” diýip, habarçymyz habar berdi.

Häzirki wagtda, 9-njy iýunda Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna edýän sapary dowam edýär.

5-nji iýunda geçiren hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow iýun aýynyň dowamynda ýurduň ähli welaýatlaryna sapar edip, ýerlerde galla oragynyň barşy bilen tanyşmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Nobatdaky galla oragyna Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 5-nji iýunda girişildi, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda 12-nji iýunda girişilýär.

Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, döwlet dükanlarynda wagtal-wagtal ýaramazlaşýan un we çörek üpjünçiliginiň fonunda, Azatlyk Radiosy bu ýyl ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda Lebap we Mary welaýatlarynda galla hasylyna kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň gözegçilik edýändiklerini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG