Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harasat: “Henizem kömek ýok!”, Mejlisiň başlygy Lebapda, Daşary ýurtlarda protestler geçdi


Marydaky gurluşyk işleri (arhiw suraty)
Marydaky gurluşyk işleri (arhiw suraty)
  • Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde gopan weýrançylykly apy-tupandan bäri bir aýdan hem aşa wagtyň geçmegine garamazdan, zyýan ýeten sebitleriň merkezi künjeklerinden beýleki ýerlerinde heniz hem abatlaýyş işleri geçirilmeýär.
  • Mejlisiň başlygy Lebaba sapar edip, resmileriň ilata ýeterlik ‘syýasy sowady’ öwretmeýändigini aýdyp nägile boldy.
  • Harasatdan soň dereksiz ýiten adamlaryň ençemesiniň ykbaly heniz hem näbelli bolmagynda galýar.
  • Geçen hepdäniň aýagynda daşary ýurtlarda, şol sanda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň öňünde türkmen hökümetiniň harasatdan ejir çeken ilata ýardam etmeýändigine nägilelik bildirilip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem wezipesinden çekilmegine çagyryş edilip, ençeme protest çäresi geçirildi.

27-nji aprelde Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda gopan weýrançylykly harasatdan bäri bir aýdan hem aşa wagtyň geçendigine garamazdan, zyýan ýeten sebitleriň aglabasynda heniz hem abatlaýyş işleri geçirilmeýär.

Azatlyk Radiosy öz çeşmelerine harasatda azyndan 37 adamyň ölendigini we onlarçasynyň ýaralanandygyny tassyklatmagy başartdy.

“Bu günler Marynyň diňe esasy, şol sanda ‘Magtymguly’, ‘Kemine’ köçeleriniň ugrundaky sebitlerinde arassaçylyk, abatlaýyş işleri geçirilýär. Baglary aklaýarlar, jaýlaryň diwarlaryna reňk sepýärler, zyýan ýeten üçekleri çalyşýarlar... Emma ýoluň ugrundan görünmeýän jaýlara asla el hem degirilmeýär, olaryň köpüsinde heniz hem üçekleri ýok” diýip, Azatlygyň Mary şäherindäki ýagdaýlar bilen tanyşan Baýramalydaky bir çeşmesi 1-nji iýunda maglumat berdi.

Baýramaly şäherinde hem abatlaýyş işleriniň aglabasy diňe merkezi ‘Nyýazow’ şaýolunyň ugrundaky sebitler bilen çäklenýär.

“‘Nyýazow’ şaýoly şäheriň esasy protokol köçesi bolany üçin, häzir onuň harasadyň netijesinde zeper ýeten ýerlerine täze asfalt ýazylýar we töweregindäki jaýlaryň daşky durky abatlanýar. Baýramalynyň beýleki, şol sanda halkyň esasy gatnaýan ‘Marguş’, ‘Nurana’ köçelerine, jaýlaryna asla üns berilmeýär” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

Bu aralykda, Lebap welaýatynyň ençeme sebitinde hem harasadyň döreden weýrançylyklaryny aradan aýyrmak işleriniň ‘juda çäkli gerimde’ alnyp barylýandygy bellenilýär.

“Häkimiýetlerden heniz hem degerli kömek ýok. Käbir sebitlerde harasatdan soňky iki hepdäniň dowamynda ilat sözüň doly manysynda açlyga uçrady. Adamlar jaýlaryny öz hasaplaryna galdyrmaly boldular. Köp jaýlarda heniz hem üçek ýok” diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçylarynyň biri sebitdäki soňky ýagdaýlary gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Lebapda güýçli apy-tupandan soň dereksiz ýiten ençeme adamyň ykbalynyň häzir hem näbellidigi bellenilýär.

Türkmen häkimiýetleri harasat, onuň pidalary we weýrançylyklary barada häzirki güne çenli dymmyşlygy saklamak, raýatlaryň arasyndaky meýletin hemaýatlaryň öňüni almak bilen birlikde, ilatda ‘ýeterlik syýasy sowadyň ýokdugyndan’ hem şikaýat edýärler.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatyna görä, geçen hepde mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa welaýatyň merkezi Türkmenabat şäherine we beýleki käbir etraplaryna sapar edipdir.

“Harasatdan ejir çekenlere kömek barada gürrüň edilmedi. Muňa derek ýerli resmileri, mekdep direktorlaryny, arçynlary we beýlekileri toplap ýygnak geçirdiler. Çykyş edenler ‘arkadagdan’ razydyklaryny, ‘eşretli zamanda ýaşaýandyklaryny’, Ahalyň täze merkeziniň gurulýandygyny aýtdylar. Ejir çeken ilat barada ýeke söz hem aýdylmady” diýip, gürrüňi gidýän ýygnaga gatnaşanlaryň biri bilen söhbetdeş bolan Azatlygyň habarçysy maglumat berdi.

Mejlisiň başlygy Mämmedowa ýerli resmileriň we güýç edaralaryň ilata, onuň öz sözi bilen aýdylýanda, ‘syýasy sowatlylygy” ýeterlik öwretmeýändiklerine hem nägile bolupdyr. Mämmedowanyň anyk nämäni göz öňünde tutandygyny Lebabyň degişli edaralaryna we türkmen parlamentine jaň edip, anyklamak başartmady.

Bu aralykda, geçen hepdäniň soňunda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hökümetine garşy ençeme protest çäresi geçirilip, olaryň dowamynda ýurtdaky giň ýaýran korrupsiýa, adam hukuklarynyň bozulmagyna, şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň harasatdan ejir çeken ilata ýardam etmeýändigine üns çekildi.

"Halkara Ahal-Teke atçylyk assosiasiýasyna 680 million dollar bölünip berildi, Lebap şäheriniň ýaşaýjylary bolsa tupandan soň kömeksiz galdy" diýip, 29-njy maýda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň öňünde gurnalan protest çäresinde çykyş eden gyzlaryň biri aýtdy.

"Diktator", "Bize DJ, aýdymçy, çapyksuwar we ýazyjy gerek däl, prezident gerek", "BMG-ni goşulyşmaga we türkmen hökümetini adam hukuklaryny bozmagyny bes etdirmäge çagyrýarys" diýip, şol protestlerde ýokaryk galdyrylan şygarlarda aýdylýar.

Türkmenler Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde protest geçirdiler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:39 0:00

Mundan öň 15-nji we 29-njy maýda Stambulda, 11-nji we 20-nji maýda Demirgazyk Kiprde hem türkmen hökümetine garşy protest çäreleri geçirilipdi.

Türkmen mediasynda bular barada maglumat berilmedi.

XS
SM
MD
LG