Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambuldaky türkmenler türkmen hökümetiniň heläkçilikli harasatyň pidalaryny kömeksiz galdyrmagyna protest bildirdiler


Stambuldaky türkmenler Türkmenistanyň hökümetine nägilelik bildirip protest geçirdiler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:51 0:00

Stambuldaky türkmenler Türkmenistanyň hökümetine nägilelik bildirip protest geçirdiler

Türkmenistanyň raýatlary ýurduň Stambuldaky ilçihanasynyň öňünde protest geçirip, türkmen hökümetiniň heläkçilikli harasatyň netijelerinden ejir çekýän halkyny goldamazlygyna protest bildirdiler.

"Türkmenistan birleşeli" toparynyň Facebookdaky sahypasynda 15-nji maýda çap bolan maglumata görä, Türkmenistanyň Stambuldaky ilçihanasynyň öňündäki protest aksiýasyna 20-den gowrak adam barypdyr hem-de Lebap we Mary welaýatlaryna goldaw bildirip, gül goýupdyr.

Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda 27-nji aprelde bolan güýçli tupan zerarly, müňlerçe adamyň öýi ýumruly, onlarça adam heläk boldy. Iki hepdä golaý wagt bäri ejir çeken regionlaryň ilaty kömeksiz galýar.

Maý aýynyň başyndan bäri protest aksiýalaryny ABŞ-da we Kiprde ýaşaýan türkmenler geçirdiler. Çykyşlaryň gatnaşyjylary şygarlary göterip çykdylar we tebigy betbagtçylykda heläk bolan türkmenistanlylaryň hatyrasyna gül goýdylar.

Ilatyň nägilelik bildirip, protest çykyşlary Türkmenistanyň özünde-de geçýär.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda bolan tebigy hadysa we onuň weýrançylygy barada dymmagyny dowam etdirýär. Zeper ýeten welaýatlardaky arassaçylyk işlerine esgerler we studentler çekilýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we garaşsyz habar serişdeleri häkimiýetleriň daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň meýletin ýygnan kömek pullarynyň türkmenabatlylara ýetirmegiň öňünde päsgel döredendigini habar berdiler.

Ýerli häkimiýetler tupandan ejir çeken ýaşaýjylara we heläk bolanlaryň ýakynlaryna basyş görkezip, olaradan nägileligiň ýokdugy barada dil hat talap edýärler. Şeýle-de, howpsuzlyk gulluklary tebigy betbagtçylyk we onuň zyýany barada habar bermäge we maglumat almaga synanyşýan raýatlary yzarlaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG