Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýangyç ýetmezçiligi kombaýnlaryň işini bökdeýär


Illýustrasiýa suraty

Darganata etrabynda bugdaý oragyna gatnaşýan döwlet kombaýnlarynyň işleri ýangyç ýetmezçiligi sebäpli bökdençlige sezewar bolýar.

Lebap welaýatynyň bugdaý meýdanlarynda orak möwsümine 5-nji iýunda girişildi. Aradan geçen 10 günüň dowamynda Darganata etrabyna degişli kombaýnlaryň orak işleri ýangyç ýetmezçiligi sebäpli saklanýar.

“Darganatanyň “Obahyzmat” – tehnikalara hyzmat ediş edarasy tarapyndan orak möwsüminde kombaýnlara we ýük ulaglara berilmeli dizeliň hem-de benziniň ýokdugy sebäpli, bugdaý orak işleri saklanyp dur” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji iýunda habar berdi.

Bu ýagdaý etrabyň tas ähli bugdaý meýdanlarynda orak işleriniň gijikdirilmegine sebäp bolýar.

Darganataly mehanizatorlaryň gürrüň bermegine görä, olardan ýangyç üçin şahsy çykdajy etmek talap edilýär, muňa boýun bolmadyk kombaýn sürüjilerine häkimiýetler tarapyndan “jenaýat jogapkärçiligine çekmek” haýbaty atylýar

Türkmenistanda kärendeçileriň oba hojalyk işlerinde, şol sanda gallaçy kärendeçileriň ýetişdiren bugdaý hasylyny ýygnamakda döwlet tehnika üpjünçiligini öz boýnuna alýar. Soňra tehnika hyzmatlary üçin edilen çykdajylaryň belli bir bölegi daýhanyň ýyllyk girdejisinden tutulýar.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynda oba hojalyk tehnikalarynyň ýangyç we ätiýaç şaý ýetmezçiligi barada mundan ozal hem habar beripdi.

“Oba hojalyk möwsüminde traktorlara dizel ýangyjynyň, motor ýaglarynyň we ätiýaç şaýlaryň ýetmezçiligi problema döredýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli mehanizatorlaryň ençemesine salgylanyp 21-nji aprelde habar berdi.

Türkmenistanda plan borçnamasy esasynda döwlet tabşyrygy boýunça esasan gowaça we bugdaý ösdürilip ýetişdirilýär, ýöne soňky ýyllarda ýeralmasy we şugundyr ýaly beýleki käbir oba hojalyk ekinleri hem ýurduň ekin dolanyşygyna girizildi. Kärendeçi daýhanlar şertnama esasynda bu ekinlerden döwlete hasyl tabşyrýar. Öz gezeginde döwlet daýhanyň tehnika, dökün we suw üpjünçiligine ýardam bermäge borçlanýar.

8-9-njy iýunda Lebap welaýatyna eden iş saparynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçi daýhanlaryň bu welaýatda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny agzamady. Döwlet teleýaýlymlarynda çykyş eden daýhanlar ýurduň oba hojalyk pudagynda özleri üçin döredilýändigi aýdylýan mümkinçilikler üçin yzly-yzyna prezidente alkyş aýtdylar.

Mehanizatorlaryň ýangyç ýetmezçiligi babatyndaky meseleleri geçirilýän hökümet maslahatlarynda, galyberse-de döwlet metbugatynyň habarlarynda asla gozgalmaýar.

Gaýtam, Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda geçirilen giňeldilen mejlisinde soňky bäş aýyň dowamynda ýurt boýunça dizel önümçiliginiň meýilnamasynyň 103,6 prosent ýerine ýetirilendigini öňe sürüldi.

Şol bir wagtyň özünde, 12-nji iýunda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew bugdaý oragyna tehnikalaryň birkemsiz üpjün edilýändigini ýene bir gezek prezidente hasabat berdi.

“Orak möwsüminde däne orujy kombaýnlaryň we awtoulaglaryň üznüksiz işlemegini üpjün etmek, dänäni kabul ediş bölümlerine öz wagtynda daşamak üçin hemme çäreler görüldi” diýip, TDH wise-premýeriň sözlerine salgylandy.

Ýöne maslahatda darganataly mehanizatorlaryň ýangyç üpjünçiligi bilen bagly başdan geçirýän kynçylyklary agzalmady.

Bütindünýä bankynyň 2015-nji ýylda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistanda işli hasaplanýan raýatlaryň tas ýarysyna golaýy, 46 prosenti ýurduň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG