Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistanyň aýdym-saz wekilleri “toý möwsümini” öýde geçirýärler


Arhiw suraty

Täjigistanly aýdymçylar, kompozitorlar hem sazandalar ýylyň şu döwürlerinde, il arasynda aýdylyşy ýaly, «toý möwsümine» başlaýardylar. Bu ýyl bolsa olar wagtyň köprägini öz öýlerinde geçirýärler. Täjigistanyň hökümeti köpçülikleýin çäreleri geçirmegi azyndan 15-nji iýuna çenli gadagan etdi.

Her ýylda mukaddes Remezan aýy tamamlanyp, ümsümlik döwri geçenden soň, toý-märeke möwsümi başlanýardy. Bu ýyl bolsa koronawirus infeksiýasynyň ýaýramagyndan howatyr edip, köpçülikleýin çäreler, şol sanda toý dabaralary gadagan edildi. Aýdymçylaryň hem sazandalaryň köprägi öňki toplan girdejisiniň hasabyna ýaşaýarlar.

Muňa derek olarda köp boş wagt peýda boldy. Täjik aýdymçysy Bahrom Gafuriniň aýtmagyna görä, ol gije-gündizläp täze döredýän aýdymynyň üstünde işleýär. Aýdymçy: «Beýleki kärdeşlerimde bolşy ýaly, mende häzir konsert geçirmäge ýa-da toýlarda aýdym aýtmaga mümkinçilik ýok» diýýär. Aýdymçynyň aýdyşy ýaly, toýlara ýa-da beýleki dabaralara gatnaşmak olaryň esasy girdeji çeşmesi bolup durýar.

Aýdymçylaryň köpüsi özlerinde konsert programmalaryny geçirmäge mümkinçiligiň ýokdugyny boýun alýarlar.

Sosial ulgamlarda öz maşgala suratlaryny ýerleşdirmek bilen belli aýdymçylar wagtynyň köp bölegini maşgalasynyň arasynda geçirýändigini mälim edýärler. Aýdymçy Firuza Hafizowa öz aýdymlaryny gowy görýänleri ruhlandyrjak bolup, käte onlaýn üçin aýdym aýdýandygyny bildirýär.

Aýdymçynyň sözüne görä, hemişe halkyň arasynda bolmaga endik eden dörediji adamlar öýde biderek oturýarlar. “Biz käte maşgala bolup, Warzob jülgesine gezelenje gidýäris. Açyk howada, tebigatda gezelenç etmek – bu pandemiýanyň gowy tarapy” diýip, aýdymçy belleýär.

Firuza Hafizowa hem häzir gazançdan kesilendigini aýdýar. “Adam öz gazanan puluny belli wagta çenli harçlap biler. Men birneme pul süýşüripdim, häzir şony harçlaýas” diýip, aýdymçy ýagdaýyny aýdýar.

Aýdymçylar hem sazandalar toýlarda şertnama esasynda çykyş edýärler. Olar salgyt tölemäge borçludyrlar. Kanuna laýyklykda aýdymçynyň patenti her aý üçin 720 somoni möçberinde durýar.

Täjigistanda koronawirusyň ýaýramagy bilen hökümet toý-dabaralary geçirmegi azyndan 15-nji iýuna çenli, ýagny epidemiologiýa ýagdaýlar gowulaşýança gadagan etdi.

Şol wagtyň özünde döwlet çeperçilik kollektiwleri sanitar kadalaryny saklap, öňki iş düzgünlerinde hereket edýärler. Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň sungat bölüminiň ýolbaşçysy Mirzoolim Saidow 6-njy iýunda eden çykyşynda, tomaşaçysyz konsertleri geçirmegi planlaşdyrylýandygyny aýtdy.

Şol wagtyň özünde belli täjik aýdymçylary Şabnam, Fazona hem-de Sadriddin aýdymlaryny, suratlaryny ýa-da tomaşalardan klipleri sosial ulgamlarda, aýratyn-da Instagram’da goýýarlar.

Pandemiýanyň başlanmagy bilen Täjigistanyň aýdym-saz wekilleriniň işi baryp mart aýyndan çäklenip başlandy. Şabnam Suraýonyň hem Sadriddin Najmiddiniň Nowruzyň üstünde ABŞ-da hem Kanadada geçirjek konsertleri halkara reýsleriniň gatnawynyň kesilmegi hem serhetleriň ýapylmagy bilen ýatyryldy. Firuza Hafizowa 14-nji martda Germaniýada konsert bermelidi, ýöne ol gidip bilmedi. Nigina Amonkulowa 11-12-nji martda Ysraýylda çykyş etmelidi, koronawirus sebäpli ol hem ýatyryldy.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG