Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet maslahatynda “Goza” magtaldy, ýöne pagta önümçiligindäki mejbury zähmet agzalmady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Hökümet maslahatynda beýleki ýerli önümler bilen bir hatarda "Goza" nyşanly dokma önümleri maslahat edildi, ýöne ýurduň pagta önümçiligindäki mejbury zähmet barada dil ýarylmady.

Ýerli we daşary ýurtly sarp edijilere hödürlenýän “Goza” nyşanly tekstil önümleri Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň 12-nji iýunda geçirilen mejlisinde bellemäge mynasyp görüldi. Ýöne hökümet maslahatynda tekstil önümçiligine zerur bolan çig malyň – pagtanyň öndürilmeginde mejbury zähmetden peýdalanylmagy barada halkara hukuk toparlarynyň berýän hasabatlary agzalmady.

Eýsem, “Walmart”, “Amazon” we “eBay” ýaly amerikan söwda kompaniýalarynyň üsti bilen alyjylara ýetirilýän, hem-de haryt mahabatlarynda Pakistanda öndürilendigi aýdylýan “Goza” nyşanly tekstil önümleriniň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen ilteşigi barmy?

TDH-nyň habaryna görä, söwda pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Çary Gylyjow hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda Türkmenistanyň dokma kärhanalarynyň önümleriniň “içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýandygyny”, hem-de olaryň “giň meşhurlyga eýe bolandygyny” öňe sürdi.

“Şunuň bilen birlikde, «Goza» hem-de «Wada» nyşanly harytlaryň önümçiligini we ýerlenilişini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu bolsa önümiň görnüşleriniň mahabatlandyrylmagyna, giňeldilmegine hem-de ýurdumyzyň ýokary hilli önümleriniň eksportynyň artdyrylmagyna ýardam berýär” diýip, döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi wise-premýeriň sözlerine salgylandy.

Ýöne döwlet media serişdeleri dokma senagaty üçin zerur bolan pagtanyň Türkmenistandaky önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagy barada gürrüň gozgamady.

Azatlyk Radiosy türkmen pagtasyndan öndürilen “Goza” nyşanly harytlaryň “Walmart”, “Amazon” we “eBay” ýaly amerikan söwda kompaniýalarynda satuwa çykarylýandygy barada ilkinji gezek 2018-nji ýylyň noýabrynda habar berdi.

Bellemeli ýer, ​Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gümrük gullugy 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizdi. Gümrük gullugy bu kararyny Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagy barada halkara hukuk toparlarynyň berýän hasabatlary bilen esaslandyrdy.

Azatlygyň habarynyň yzýany, metbugat habarlaryna görä, Halkara zähmet hukuklary forumy (International Labor Rights Forum) 2019-njy ýylyň ýanwarynda türkmen pagtasyndan öndürilen önümleriň ABŞ-da satylmagy boýunça “Goza Towels” kompaniýasyndan düşündiriş sorady. Kompaniýanyň wekilleri şol döwürde satuwa çykarylan türkmen dokma önümleriniň degişli gadagançylykdan ozal ABŞ-a import edilendigini aýdypdyrlar.

2019-njy ýylyň oktýabrynda Azatlyk Radiosy ozal amerikan söwda kompaniýalarynda “Türkmenistanda öndürildi” diýen bellik bilen satylan “Goza” nyşanly harytlaryň “Pakistanda öndürildi” diýen bellik bilen satylyp başlanandygyny habar berdi.

Indi döwlet metbugaty Ministrler Kabinetiniň mejlisine salgylanyp, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan milli nyşanlary döretmek boýunça işleriň amala aşyrylýandygyny, bu tagallalaryň çäginde “Goza” haryt nyşanynyň ýerlenişini artdyrmagyň üstünde işlenilýändigini habar berýär.

Has ozal, 2018-nji ýylyň 27-nji noýabrynda döwlet eýeçiligindäki iň esasy merkezi neşirlerden “Türkmenistan” gazeti türkmen dokma önümleriniň “Walmartda” we “Amazonda” satylmagy hem-de “Gozanyň” daşary ýurtlara eksport edilýän el süpürgiçleri barada habar çap etdi.

Azatlyk Radiosy ABŞ-da satylýan “Goza” el süpürgiçleriniň türkmen hökümeti bilen mümkin bolan ilteşigini Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden bada-bat anyklap bilmedi.

Mundan ozal, Azatlyk, Internet maglumatlaryna görä düýbi Wirjiniýada ýerleşýän “Goza Towels” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Aman Gurdowdan ABŞ-daky “Goza Towels” bilen Türkmenistanyň “Goza” haryt nyşanynyň arasyndaky mümkin bolan ilteşik boýunça hem sosial media arkaly, hem-de telefon üsti bilen birnäçe gezek kommentariýa almaga synanyşdy. Azatlygyň bu synanyşyklary netije bermedi.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylýandygyny aýdyp gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG