Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Türkmenistandaky desgalaryny jemgyýetçilik üçin wagtlaýyn ýapýar


ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Aşgabat  
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Aşgabat  

Aşgabatdaky Amerikan merkezi we Marydaky, Türkmenabatdaky hem Daşoguzdaky amerikan guramalary goşmaça habar berilýänçä jemgyýetçilik üçin ýapyk bolar. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Ilçihananyň web sahypasynda 21-nji iýunda çap edilen maglumata görä, ABŞ-nyň Döwlet departamenti dünýädäki Amerikan wekilhanalarynyň we desgalarynyň işgärleriniň we şol ýere barýanlaryň saglygyny hem howpsuzlygyny goramak üçin täze çäreleri gördi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, bu döwürde Amerikan merkezine diňe öň alnan kitaplary ýa-da DVD maglmatlaryny yzyna gaýtarmak üçin baryp bolar.

Mundan öň ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza bermek işini bes edipdi. Immigrant we immigrant däl wizalary hasaba almak üçin resminamalary kabul etmek işi 18-nji martda togtadyldy.

Türkmen ýolbaşçylarynyň sözlerine görä, Türkmenistanda koronawirus ýok. Ýurt häkimiýetleri wirusyň ýurda girmeginiň öňüni almak üçin ählitaraplaýyn taýýarlyklaryň görlendigini birnäçe gezek yglan etdiler. Şol bir wagtyň özünde, BSG-niň COVID-19 infeksiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak, şol sanda sosial aralygy saklamak we maskalary hem respiratorlary geýmek ýaly esasy çäreleri Türkmenistanda durmuşa geçirilmeýär. Türkmenistanyň hökümeti ilatyň arasynda koronawirus infeksiýasyna barlaglaryň geçirilişi we netijeleri barada habary köpçülige ýetirmeýär.

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň hökümetiniň ýurtda COVID-19 keselini resmi taýdan ykrar etmeýändigini, emma onuň anyklanan ýagdaýynda-da muny tassyklamaga meýilli bolmajagyny birnäçe gezek belläp geçipdi.

Şol bir wagtyň özünde ABŞ, Türkmenistanyň COVID-19-yň öňüni almak ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek üçin 1,42 million dollar bölüp berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG