Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet pandemiýa wagtynda dabaraly "Ýeňiş" paradyny geçirýär


Ýeňiş parady. Moskwa, 24-nji iýun, 2020.
Ýeňiş parady. Moskwa, 24-nji iýun, 2020.

Ýigrimi ýyl mundan ozal häkimiýet başyna gelen Putin, prezident, premýer-ministr bolan ýyllarynda, watançylyk söýgüsini ýokarlandyrmak maksady bilen, sowet we rus nyşanlaryny gaýtadan dikeltmäge çalyşdy.

Orsýet 24-nji iýunda soňa goýlan Ýeňiş paradyny geçirdi, prezident Wladimir Putin öz dolandyryşynyň möhletini uzaltmaga ýol açjak referendumyň öňünden goldawyny köpeltmäge çalyşýar.

Ikinji jahan urşunda, 1945-nji ýylda gitlerçi Germaniýadan üstün çykylmagynyň hatyrasyna guralýan harby ýöriş adatça 9-njy maýda geçirilýär.

Putin, koronawirus pandemiýasy sebäpli, bu çäräni nalaç 24-nji iýuna çenli yza süýşürdi. Bu gezekki dabara 1945-nji ýylda gazanylan sowet ýeňşiniň 75 ýyllygyna gabat gelýär.

Ýeňiş parady. Moskwa, 24-nji iýun, 2020.
Ýeňiş parady. Moskwa, 24-nji iýun, 2020.

Ýeňiş parady Putin üçin şu ýyl hasam ähmiýetli boldy, sebäbi ol rus lideriniň 2036-njy ýyla çenli häkimiýet başynda galmagyna ýol açjak gapma-garşylykly konstitusiýa üýtgetmeleri boýunça 1-nji iýulda geçiriljek milli ses berişligiň öňüsyrasynda geçirilýär. Bu ses berişlik başda 22-nji aprelde geçirilmeli edilipdi, emma pandemiýa sebäpli yza süýşürildi.

Ýigrimi ýyl mundan ozal häkimiýet başyna gelen Putin, prezident, premýer-ministr bolan ýyllarynda, watançylyk söýgüsini ýokarlandyrmak maksady bilen, sowet we rus nyşanlaryny gaýtadan dikeltmäge çalyşdy.

14-nji iýunda, Kremliň "Beýik Watançylyk urşy" diýip atlandyran urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygyna gabat, Moskwanyň eteginde Orsýetiň Ýaragly güýçleriniň täze ybadathanasy mukaddesleşdirildi. Bu uruşda sowet adamlarynyň we esgerleriniň 20 millionynyň wepat bolandygy aýdylýar.

Ýöne Moskwanyň Gyzyl meýdanynda 13 ýurtdan takmynan 14 müň esgeriň, 200-den gowrak taryhy we häzirki zaman harby ulaglarynyň, 75 uçaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly sahna koronawirus pandemiýasy kölege saldy.

Ýeňiş parady
Ýeňiş parady

Parada gatnaşan goşunlaryň köpüsi Orsýetden. Şol sanda, harby ýörişe Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Hytaý, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Mongoliýa, Serbiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlardan gelen harby gullukçylar hem gatnaşdy.

Orsýetde 600 müň adama koronawirusyň ýokaşandygy habar berildi we bu görkeziji oňa dünýäde üçünji orny berýär. Ýurtda täze keselden ölenleriň resmi sany 8 müňden gowrak, hakykatda ýogalanlaryň sany has köpdür öýdülýär.

Russiýa soňky hepdelerde köpçülikleýin koronawirus çäklendirmelerini ýatyryp başlady, ýöne täze hadysalar erjellik bilen ýokary bolmagynda galýar, ýagny günde 7 müňden gowrak adama kesel ýokaşýandygy aýdylýar.

Putin pandemiýa döwrüniň köpüsini Moskwanyň daşyndaky rezidensiýasynda, döwlet işlerini uzakdan dolandyrmak bilen geçirdi.

24-nji iýunda Kreml Gyzyl meýdana, Putiniň daşary ýurtly liderler we Sowet güýçleriniň II Jahan urşuna gatnaşan weteranlary bilen bilelikde oturan ýerine barmagy çäklendirdi. Ol weteranlar paradyň öňüsyrasynda karantinde ýerleşdirildi.

Parada gatnaşýan esgerler hem saglyk synagyndan geçirilip, paradyň öňüsyrasynda karantin astynda ýerleşdirildi.

"Gyzyl goşun goramadyk bolsa, dünýä näme boljagyny göz öňüne getirmek hem mümkin däl" diýip, Gyzyl meýdandaky münberden çykyş eden Putin ýygnananlara ýüzlenip aýtdy.

Putin sowet esgerlerine-de, beýleki ýurtlara-da urşuň, şöhradyň gerek bolmandygyny, olaryň diňe duşmany ýok etmek, ýeňiş gazanmak we öýlerine dolanmak isländiklerini nygtady. Şeýle-de ol sowet esgerleriniň Ýewropanyň azat bolmagy üçin öwezini dolup bolmajak baha töländiklerini aýtdy.

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin tomaşaçylary öýde galmaga we parady telewizorda görmäge çagyrdy. Şu aralykda, adatça kiçi paradlary geçirjek birnäçe şäher olary ýatyrdy ýa-da mähellesiz geçirdi.

Daşary ýurt ýolbaşçylarynyň hem köpüsi paraddan çeke durdy. Fransiýa, Çehiýa, Horwatiýa we Hytaý ýaly ýurtlaryň prezidentleri parada 9-njy maýda gatnaşmagy planlaşdyrdy, ýöne çäre 24-nji iýuna geçirilenden soň, olar Moskwa gitmek planyny ýatyrdy.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow bu çärä gatnaşmak üçin Moskwa geldi, emma uçarynda rus paýtagtyna gelen iki adam COVID-19 synagynda oňyn netije görkezeninden soň, parada gatnaşyp bilmedi.

Jeenbekowyň edarasy Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna prezident edarasynyň daşary syýasat bölüminiň başlygy Daniýar Sydikowyň we bir janpenanyň koronawirus synagynyň oňyn netije görkezendigini aýtdy.

Belarusyň, Gazagystanyň, Moldowanyň, Serbiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň prezidentleri dabara gatnaşdy, olar Putin we II Jahan urşunyň weteranlary bilen bir bölümde otyrdy.

Emma türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwada gurnalan parada gelmedi. Ol başda çakylygy kabul edipdi, emma soňky pursatda 29-njy iýunda belleýän doglan güni - "pygamber ýaşynyň dolýandygy", şeýle-de koronowirus karantini ýadyna düşdi

XS
SM
MD
LG