Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ resmileri 'neo-stalinçi' döwleti goldamak amerikan bähbitlerine däl diýýär


 Goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty, 2012.
Goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty, 2012.

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasynyň ýolbaşçylary Türkmenistandaky ýapyk sudlarda ýyl kesilen ýa-da ýitirim bolan adamlaryň köpüsiniň hakykatda "ekstremizmde", "dini ýigrenji öjükdirmekde" nähak aýyplanan "wyždan bendileri" bolmagyndan alada bildirýär.

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasynyň iki ýolbaşçysynyň ýazmagyna görä, "öz halkynyň esasy hukuklaryny aýak astyna alýan gözçykgynç diktatory goldamak Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bähbidine däl".

Şeýle-de olar Waşington türkmen diktatorynyň ýoluny açyk saklamagyny bes etmeli diýýär.

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasynyň başlygy Geýl Mançin (Gayle Manchin, Senatdaky azlyklaryň lideri Çarlz Şumer tarapyndan bellenen) we bu guramanyň komissary Gary Bauer (prezident Donald Tramp tarapyndan bellenen) eurasianet.org neşiri üçin ýörite makala ýazdy. Ol makalada Türkmenistan babatyndaky milli howpsuzlyk eglişiginiň ýatyrylmagy baradaky mesele gozgalýar.

"Türkmenistanyň hökümeti dünýädäki iň repressiw režimleriň biri bolup durýar we ol Birleşen Ştatlaryň aýratyn çemeleşmesine mynasyp däl" diýmek bilen, awtorlar ABŞ hökümetiniň milli howpsuzlyk sebäpli edýän eglişginden el çekmelidigini we, adam hukuklaryny we dini azatlyklary köp bozandygy üçin, Türkmenistandan hasap soramalydygyny aýdýarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistandaky gündelik durmuşyň ähli ugruny gaplap alan geň-enaýy şahsyýet kulty, altyn çaýylan äpet heýkeli, tükeniksiz TW tomaşalary, agtygy bilen atlar hakynda aýdym aýdyşy we beýlekiler, eger-de aňyrsyndaky aýylganç reallyklar bolmasa, gülkünç bolardy diýip, makalada onuň golaýda amerikan satirigi Jon Oliweriň gepleşiginiň hem baş gahrymanyna öwrülendigi bellenýär.

Serhetsiz reportýorlar guramasy 2019-njy ýylda Türkmenistany dünýäde metbugat azatlygy üçin iň erbet ýer, maglumat babatynda "gara deşik" diýip atlandyrdy. Azatlygyň ýyllar boýy habar berşi ýaly, ýurtda garaşsyz žurnalistler hemişe yzarlanýar, gorkuzylýar, eden-etdilikli tussag edilýär we bütin maşgalasy bilen döwletiň öňünde şübheli, ynamsyz adamlaryň toparyna öwrülýär.

Hususan-da ýurduň gizlin türme ulgamy, tussaglaryň hal-ýagdaýy hakynda maglumat almak kyn.

Adam hukuklaryny goraýan "Human Rights Watch" guramasynyň soňky hasabtyna görä, türkmen türmelerinde ýowuz daramak, adam gynamak giň ýaýran diýip, ABŞ komissiýasynyň ýolbaşçylary Türkmenistandaky ýapyk sudlarda ýyl kesilen ýa-da ýitirim bolan adamlaryň köpüsiniň hakykatda "ekstremizmde", "dini ýigrenji öjükdirmekde" nähak aýyplanan "wyždan bendileri" bolmagyndan alada bildirýär.

Türkmenistan golaýda halk hasabyna guralýan haj zyýaratlarynyň hem döwlet tarapyndan bellenen resmileriň para alýan ýerine öwrülendigini gytaklaýyn tassyk etdi.

Amerikan resmileri türkmen hökümetiniň garaşsyz dini toparlara, azlyklara örän şübheli garamagyndan we olary hemişe berk gözegçilik astynda saklamagyndan başga, ýurtda köplügi düzýän yslam dinini hem ýokardan dolandyrýandygyny, metjitlerde diňe prezidente uzak ömür däl, eýsem onuň garşydaşlaryna hudaýdan jeza dilenýändigini hem belleýärler.

Halkara din azatlygy komissiýasy, dünýäde dini azatlyklary iň bir erbet bozýan ýurtlaryň biri hökmünde, Döwlet departamentiniň Türkmenistany "aýratyn alada döredýän ýurtlaryň" sanawyna goşmagyny 2000-nji ýyldan bäri teklip edýär, şeýle teklip 2020-nji ýyldaky hasabatda ýene bir gezek gaýtalandy.

Döwlet departamenti bu teklibi 2014-nji ýylda ahyry kabul etdi, ýöne gynansak-da, her ýyl milli howpsuzlyk nukdaý nazaryndan edilýän eglişigiň, soňa goýmagyň netijesinde, Halkara din azatlygy kanunynyň (IRFA) talap edýän jeza çäreleriniň ulanylmak mümkinçiligi ýoga çykýar diýip, resmiler belleýär.

Olaryň pikiriçe, Türkmenistanyň ABŞ-nyň Owganystanda bolmagyna berýän goldawy zerarly edilýän eglişik režimiň öz gazaply basyp ýatyryşlaryny howpsuzlyk aladalary bilen düşündirmegini güýçlendirýär.

Munuň üstesine, Berdimuhamedowyň neo-stalinçi (neo-Stalinist) döwletiniň, hatda ABŞ kömegini alandygyny hem boýun almaýan ýurduň amerikan bähbitleri bilen baglanyşygyny görkezýän delil az, ABŞ-nyň goňşy Owganystandaky gatnaşygynyň ösmegi bilen sebit syýasaty hem ösmeli diýip, makalada aýdylýar.

Awtorlar dini ekstremizmiň din azatlygynyň ýa-da ynanjyň basgylanýan ýerinde möwjeýändigine, durnuklylygyň bolsa watandaşlaryň hukuklarynyň sylanýan ýerinde gülläp ösýändigine hem ünsi çekýärler.

Goňşy Gazagystanyň we Özbegistanyň hökümetleri dine has çydamly çemeleşmegiň we özgeriş tagallasynyň ähmiýetini ykrar edip başlady, emma Türkmenistan bu meselede üýtgewsiz galýar.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk bilen bagly eglişik esasynda, Türkmenistanyň öz halkynyň dini azatlygyny we beýleki esasy hukuklaryny inkär etmegine erkinlik berýän geçirimliligini bes etmegine wagt ýetdi. Bu ahyrynda IRFA, Halkara din azatlygy akty tarapyndan kesgitlenen jeza çärelerine, biziň komissiýamyzyň ýakynda teklip eden çärelerini ulanmaga mümkinçilik döreder diýip, Türkmenistandaky ýagdaýlardan alada galan amerikan resmileri ýazýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG