Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýene bir ýegowa şaýady türmä düşdi


illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dini ynanjy sebäpli ýene bir adam tussag boldy. Dini meseleler boýunça iş alyp barýan "Forum-18" agentligi "Ýegowa şaýatlary" guramasyna degişli 19 ýaşly türkmenabatly Bahtyýar Atahanowyň 4 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berýär.

24-nji iýulda çap bolan maglumata görä, türkmenistanly ýaş ýigit harby geýimini geýmekden we harby kasam etmekden ýüz öwrüpdir we oňa Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 344-nji maddasynyň ikinji bölegi boýunça iş kesilipdir.

Prokuror we sudýa Bahtyýar Atahanowa harby gullukdaky adam hökmünde seretdiler diýlip maglumatda bellenýär, emma onuň 20-nji maýda harby bölüme hile bilen çagyrylandygyny we onuň dini ynanjy sebäpli eline ýarag almakdan hem harby tälim almakdan ýüz öwürýändigi hakynda arza ýazandygyna garamazdan, günüň ertesi Tejendki bölüme ugradylandygy habar berilýär.

Bahtyýar Atahanowyň enesi öz agtygy babatyndaky bikanunçylyk barada şikaýat edip, Türkmenistanyň prezidentiniň administrasiýasyna we Baş prokuraturasyna ýüz tutupdyr we onuň goşundan gulluk etmekden ýüz öwürendigi sebäpli esger hasaplanyp bilmeýändigini delillendiripdir. Onuň şikaýaty Ahal welaýatynyň harby prokuraturasyna iberilipdir. 14-nji iýunda ol ýerden gelen baş derňewçi Maksat Daňatarowyň goly goýlan jogapda ähli deliller ret edilip, Bahtyýar Atahanowyň öz harby borjy barada habarly bolup, harby gullugy berjaý etmekden bilkastlaýyn boýun gaçyrandygy öňe sürülipdir.

Bu barada "Forum-18" agentligi habar berýär. Guramanyň maglumatyna görä, Bahtyýar Atahanow 15-nji iýulda harby bölümde sud edilip, Ýaşlyk obasynyň Derňew tussaghanasyna ugradylypdyr.

​Türkmen resmileriniň ençemesine, şol sanda ýurduň adam hukuklary boýunça baş wekili Ýazdursun Gurbannazarowa edilen jaňlar jogapsyz galdy. Harby prokuraturada derňewçi Daňatarowyň ýerinde ýokdugyny aýtdylar, Türkmenistanyň Mejlisinde Adam hukuklary boýunça komitetiniň telefon nomerine edilen jaňa jogap beren adam kimiň jaň edýändigini eşidensoň trubkany taşlamak bilen oňdy diýip, dini meseleler boýunça maglumat berýän "Forum-18" agentligi 24-nji iýulda habar berdi.

Bu waka "Ýegowa şaýatlary" guramasynyň agzalarynyň 2019-njy ýylda Türkmenistanda sud edilmegi bilen bagly köpçülige mälim bolan üçünji ýagdaý.

Türkmenistanyň resmileri ýurduň adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny berjaý edişi barada BMG-ä berýän hasabatlarynda raýatlaryň dini azatlygynyň berjaý edilýändigini aýdýarlar we dini ynanjy sebäpli yzarlamalary ret edýärler. Muňa garamazdan, ýurt raýatlarynyň din sebäpli, şol sanda ýurtda resmi hasaba alnan yslam dinine uýýanlaryň tussag edilmegi, işden kowulmagy we beýleki basyşlara sezewar bolmagy bilen bagly wakalaryň onlarçasy köpçülige mälim boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (3)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG